Braziliýaly ýolbaşçy dünýäde kofeniň nämüçin gymmatlajakdygynyň sebäplerini düşündirdi

Hytaýda kofe içgisine islegiň tiz artmagy uzak geljekde onuň tutuş dünýäde-de gymmatlamagyna eltip biler. Bu barada Braziliýanyň eksporty we maýa goýumlary öňe sürmek boýunça Moskwadaky edarasynyň (ApexBrasil) başlygy Almir Ribeýru Ameriku «RIA Nowosti» habarlar gullugyna habar berdi.
Braziliýaly işewüriň sözlerine görä, ägirt uly hytaý baz...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Köýtendagdaky dinozawryň yzlary we dag gowaklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenýär

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde «Köýtendagyň karstlary, kanýonlary we gowaklary» atly serhetara tebigy desgany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin taýýarlanylýan hödürnama resminamasy boýunça garyşyk görnüşde maslahat geçirildi.
Maslahata Mihael Zukkow adyndaky Tebigaty goramak gaznasynyň, Conservation...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini 85 ýaş toýy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň Prezidenti Müsüriň Prezidentini Ynkylap güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, ba...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Moldowanyň Prezidenti täze Hökümetiň kasamyny kabul etdi

Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sandu Wasil Tofanyň başlyklygyndaky täze Ministrler Kabinetiniň kasam kabul edişligine gatnaşdy. Täze Hökümetiň düzümini mundan öň parlament tassyklady. Kasam kabul edişlik döwlet Baştutanynyň edarasynyň binasynda geçdi we Respublikanyň Hökümetiniň saýtynda görkezildi diýip, TASS habar berdi.
«Biz Moldowa Respubli...

Dowamy »

30 0
Täzelikler, 2 weeks ago


«My Freighter» ýük awiakompaniýasy Ýewropa bilen Türkmenistanyň arasyndaky howa ýük gatnawlaryny giňeldýär

Özbegistanyň «My Freighter» ýük awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap Belgiýanyň Lýež howa menzilinden amala aşyrylýan gatnawlaryny her günlük tertibe geçirýär. Bu ädim Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda ýük daşamagyň mümkinçiliklerini has-da giňelder.
Lýež şäherinden gündelik ýerine...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, 2 weeks ago


«Abraýly Watan» dalaşgärleri Belarusyň milli tehniki uniwersitetinde okamaga çagyrýar

Her ýyl Türkmenistanyň mekdepleriniň müňlerçe uçurymy bir sowalyň jogabyny gözleýär: maşgala üçin agyr maliýe ýüki bolmazdan, geljekde üstünlikli hünär ýoluna giň mümkinçilikleri açjak ýokary hilli bilimi nirede almaly? Bu soraga ýüzlerçe dalaşgär eýýäm öz jogabyny tapdy — Belarusda. Indi bolsa geljekki talyplaryň hem olaryň hataryna goşulmaga mümk...

Dowamy »

31 0
Bilim, 2 weeks ago


R.Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirdi

​Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Howkins bilen duşuşyk geçirdi.
​Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik dialogy ösdürmegi, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp mas...

Dowamy »

30 0
Täzelikler, 2 weeks ago


RIA Nowosti: Türkiýäniň banklary we alyş-çalyş nokatlary ABŞ-nyň köne nusgadaky dollaryny gaýtadan kabul edip başlady

Türkiýäniň banklary we walýuta alyş-çalyş nokatlary ABŞ-nyň köne nusgadaky nagt dollaryny gaýtadan kabul edip başlady. Bu barada RIA Nowosti agentligi ýurduň Hökümetindäki çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Çeşmeleriň bellemegine görä, ýerli häkimiýetler ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin degişli çäreleri gördi we köne nusgadaky dollarlary kabul etme...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanly sungat ussatlary Koreýada geçirilen halkara festiwalda çykyş etdiler

Türkmenistanyň sungat ussatlary şu ýylyň 16 – 18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara dostluk günleriniň çäginde guralan «Beýik Ýüpek ýoluna «Arirang» arkaly medeni syýahat» atly çärä gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. Bu barada TDH habar berýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy...

Dowamy »

30 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy.
Nýu-Ýork şäherindäki Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu topar dünýäni...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Germaniýaly lukmanlar Aşgabatda saparda bolýarlar

Şu günler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýünhen uniwersitet klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, Aşgabatdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde dürli keselleriň öňüni almakda häzirki zaman sanly lukmançylyk ulgamyny peýdalanmak we degişli ugurlarda dikeldiş bejergilerini geçirmek boýunça türkmen...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Russiýada, golaý bäş ýylda islegli boljak kärler belli edildi

Agronomlar, feldşer-weterinarlar we peýnir gaýnatmak boýunça tehnologlar Russiýada azyndan 2032-nji ýyla çenli iň islegli hünärmenler bolar. Bu barada Mordowada geçen «Iň gowy hünärmen» bäsleşiginiň federal tapgyrynyň açylyş dabarasynda çykyş eden zähmet we durmuş goragy ministri Anton Kotýakow habar berdi.
Ministriň sözlerine görä, bu agzal...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistan 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistan 2031–2032-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalaryny saýlamak boýunça geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärligini hödürledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bellenilişi ýaly, bu ädim ýurduň hemişelik bitaraplyk, parahatçylygy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasy we köptarapl...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Alym: Adam huşunyň möçberi 20 müň smartfonyňka deň

Adamyň beýnisi her biri 128 GB deň bolan 20 müň sany smartfonyň ýadyna deň maglumaty özünde saklamaga ukyplydyr. Bütindünýä beýni gününde Russiýanyň Perm milli ylmy-barlag tehnologik unuwersitetiniň «Himiýa we biotehnologiýa» kafedrasynyň uly ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Waleriý Litwinowyň bu barada sözlerini TASS habarlar gullugy...

Dowamy »

30 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanda ilkinji gezek böwrek transplantasiýasy amallary amala aşyryldy

​Türkmenistanda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň hünärmenleri ýurtda ilkinji gezek çylşyrymly operasiýalaryň birnäçesini, şol sanda 13 sany näsagda böwrek transplantasiýasy amallaryny geçirdiler. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýyş-durmuş işjeňligi dowam edýär. Bu barada Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Saparmyrat Annamuha...

Dowamy »

25 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanda Niderlandlarda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna işjeň taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk sport toplumynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedewleriň we çapyksuwarlaryň Ýe...

Dowamy »

32 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Litwada gazyň gorlary azalýar, elektrik energiýasy gymmatlaýar

Pribaltikadaky ýeke-täk Inçakaln ýerasty gaz saklawhanasynda «mawy» ýangyjyň başlangyç derejesi eýýäm bäş ýyldyr pese gaçýar, ony üstüni doldurmak bolsa, nyrhlaryň gymmatlygy bilen bagly haýal dowam edýär. Bu barada Litwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berýär.
Bu ýyl gyşyň sowuk bolmagy, Ýakyn...

Dowamy »

25 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmen milli senenamasyna laýyklykda Üçýyldyz döwri başlandy

Türkmen halkynyň milli senenamasyna laýyklykda Aralyk döwründen soň dogýan Üçýyldyz 23-nji iýulda daňdanlar üç tirkeş bolup gündogar gözýetimde Aralyk ýyldyzynyň aşak ýanynda görünýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda şeýle bellenilýär:
«Aralyk döwründäki tirkeşip gelýän yssy, jöwzaly günlerden ýadan eždatlarymyz bas...

Dowamy »

28 0
Täzelikler, 2 weeks ago


NYP: Tramp Infantinonyň BMG-niň täze baş sekretary bolanyny kem görenok

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň Birleşen Milletler Guramasynyň täze baş sekretary bolmagyny isleýär. Bu barada amerikan liderine ýakyn çeşme «New York Post» gazetine habar berdi.
Gazetiň ýazmagyna görä, Trampyň pikiriçe, Infantino tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanmak bilen...

Dowamy »

31 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Şweýsariýada iki serhoş uçarmany uçardan düşürdiler

«Lufthansa» kompaniýasyna degişli bolan «Swiss Air Lines» (SWISS) howa gullugynda adatdan daşary waka boldy. Ženewa gatnaw uçuşyna taýýarlyk görülýärkä, uçary dolandyrmaly uçarmanlaryň ikisini-de serhoşlyk sebäpli, uçuşdan sakladylar diýip, «srf.ch» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Serhoş uçarmanlar Ženewadan uçulmanka saklandy. Ek...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistandan Özbegistana sapar bilen 164 müňden gowrak jahankeşde bardy

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow 2025-nji ýylda Özbegistana Türkmenistandan 370 müň syýahatçynyň baryp görendigini habar berdi. Bu barada ol 23-nji iýulda Aşgabatdaky Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynda geçirilen, Özbegistanda syýahatçylyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan her ýylky brifingde ed...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Özbegistanyň ilçisi: Daşkent «Hywa – Köneürgenç – Aşgabat – Mary – Buhara» syýahatçylyk ugrunyň uly geljeginiň bardygyny görýär

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Daşkendiň Türkmenistan bilen serhetüsti syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada ol 23-nji iýulda ilçihanada geçirilen brifingde mälim etdi.
«Özbegistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny i...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Dünýäde iň owadan söz belli edildi

Hünärmenler resmi däl ylmy-barlaglaryň barşynda dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler. Dilleri öwrenmek boýunça internet-meýdançanyň maglumatlaryna laýyklykda, bu maori dilindäki «kaýtiakitanga» (kaitiakitanga) sözi bolup, tebigat barada aladany aňladýar.
Bilermenler 75 dile degişli 223 sözden ybarat sanawy düzdüler. Ilki olary onlaýn-jemgyýe...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, 2 weeks ago


R. Alimow: Özbegistan Türkmenistan bilen elektron wiza ulgamyny ornaşdyrmak meselesiniň üstünde işleýär

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wizany ornaşdyrmak meselesiniň türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýandygyny aýtdy. Ol bu barada 23-nji iýulda geçirilen brifingde Turkmenportal internet neşiriniň habarçysynyň sowalyna jogap bermek bilen mälim...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, 2 weeks ago