«Köpetdag», «Bathyz», «Köýtendag», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleri Köpetdagyň beýik dag guşaklyklarynda täsin pişigi — manuly gözlemekde bilelikde iş geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi. 2024-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinde bu pişige «ýitip barýan görnüş» derejesi berildi. Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawynda bolsa onuň derejesi «ýitmek howpuna ýakyn görnüş» hökmünde kesgitlendi. Ylmy çeşmelerde XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň ortalarynda Türkmenistanyň daglarynda oňa köp gabat gelnendigi aýdylýar. Onuň duş gelen ýerleri barada takyk maglumatlar az. Goraghanalaryň ylmy işgärleri bilen 2018-nji ýyldan bäri geçirilýän gözegçiliklerde bu ýabany pişik Duşakerek dagynda, «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde, Mürze dagynda, Daştoý deresinde hem-de Uly Balkanda hasaba alyndy. Şu ýylyň gyş aýlarynda Balkan welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri bilen bilelikde geçirilen gözegçiliklerde manul pişigi Kiçi Balkan dagynda hem surat enjamynyň üsti bilen hasaba alyndy. Manul ýabany pişikleriň arasynda duş gelýän kiçi pişikleriň biridir. Onuň bedeni gyzylymtyl reňkde bolup, tüýi gür we ösgün, aýaklary gysgadyr. Ýüzünden geçýän gara zolaklar göreniňden gözüňe ilýär. Merkezi Aziýada, şeýle hem Mongoliýada, Eýranda, Owganystanda, Russiýada, Hytaýda, Hindistanda ýaşaýar. Ol kowumlaryndan tapawutlylykda, öz awuny gemrijileriň ýaşaýan hinleriniň, gaýanyň jaýryklarynyň agzynda bukulyp awlaýar. Sebäbi beýleki pişikler bilen deňeşdirilende, onuň tizligi we hereketi haýal. Onuň ot-çöpleriň arasynda gizlenmek häsiýeti hem bar. Hut şonuň üçin manul pişigi az öwrenilen görnüşdir, ol örän seýrek gabat gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir