Dünýäde nebitiň bahasy düýn ösüş görkezdi. Muňa Ormuz bogazynda nebit daşalyşynda emele gelen kynçylyklar sebäp boldy diýip, «Reuters» agentligine salgylanýan «Kazinform» habar berdi. Brent nyşanly nebit 0,1göterim – bir barrel üçin 101,34 dollar, WTI - 0,5 göterim, 96,55 dollara çenli gymmatlady. Öňňin Brent 3,4 göterim, WTI bolsa, 3,25 göterim gymmatlady. Nebitiň bahalarynyň gymmatlamagy Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglanyşdyrylýar. Gapma-garşylykdan öň Ormuz bogazyndan dünýäde nebit we gaz daşalyşynyň bäşden bir bölegi amala aşyrylýardy. ABŞ-nyň Energetika habarlary edarasy nebitiň bahalarynyň üstümizdäki we geljek ýyllarda-da gymmatlajakdygyny çaklaýar.