Şu gün Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirilýär. Oňa GDA-nyň Baş sekretary S.N. Lebedew, GDA-a gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem-de wekiliýet agzalary gatnaşýarlar. Mejlisш GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hoşmyrat Geldimyradow alyp barýar. Mejlisiň gün tertibine Arkalaşyga agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi. Hususan-da, 2023–2026-njy ýyllarda Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiň alyp baran işlerine garalar. Mundan başga-da, senagatyň ýokary tehnologiýaly pudaklary üçin geljegi uly materiallary öndürmek babatda GDA-a gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň taslamasy, şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça jemleýji resminamalaryň gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir