Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurduň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik 26-njy awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda dowam etdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi. Halypa režissýorlardan, tejribeli artistlerden hem-de medeniýet ugrundan ussat professor-mugallymlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Halk hakydasy» atly sahna oýny (režissýory Handurdy Berdiýew) mynasyp görüldi. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Agzybirlik rowaýaty» atly sahna oýny (režissýory Serdar Ataýew) bilen birinji, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry bolsa «Howandar» atly sahna oýny (režissýory Eziz Işangulyýew) bilen ikinji orny eýelediler. Baýrakly üçünji orna Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry «Türkmen soltany» (režissýory Ata Gullarow) hem-de A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Eşit meni!» (režissýory Baýram Garajaýew) atly sahna oýunlary bilen eýe boldular. «Iň oňat saz bezegi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry (baş ýolbaşçysy Myrat Aradow), «Ýaş režissýoryň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Batyr Gurbanow, «Režissýoryň täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýraga Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň režissýory Döwran Joraýew mynasyp boldular. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry (baş ýolbaşçysy Orazmeňli Igdirow) «Sahnada milli däp-dessurlary wagyz edýändigi üçin», Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowa «Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin», Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Gadam Kakabaýew «Iň oňat sahna eseri üçin», Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň II derejeli artisti, dramaturg Abdylazym Rejebow «Iň oňat sahna eseri üçin» diýen ýörite baýraklary eýelediler. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň suratkeşi Merdan Akmämmedow «Suratkeşiň iň oňat işi üçin», Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Oguljan Bekiýewa «Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin», Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Begli Dowlyýew «Iň ýaş zehin üçin» atly ýörite baýraklara laýyk görüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir