2026-njy ýylyň awgust aýynyň jemleri boýunça 2024-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, Günüň ýüzünde tegmiller üç esse azaldy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň Telegram-ýaýlymyna salgylanýan «lenta.news» habar berdi. Habarda tegmilleriň 2024-nji ýylyň awgustynda 216 bolanlygyndan 76-a çenli azalandygy, netijede, Günüň işjeňliginiň soňky 24 aýda peselendigi bellenýär. Astronomlaryň maglumatlaryna laýyklykda, has köp tegmiller geçen asyryň ortalarynda, iň az tegmiller XIX asyryň birinji ýarymynda hasaba alnypdyr. Golaý wagtda güýçli magnit tupanlaryny döredip biljek Gün ýalpyldylaryna garaşylmaýar diýip, ady tutulan ylmy edarada habar berdiler. Iki gün mundan öň Ýerde güýzüň ilkinji magnit tupanlarynyň başlanandygy belli boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir