Türkmenistanda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine işjeň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergi 17–19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler hem-de önümçilik kuwwaty giňden görkeziler. Foruma döwlet ulgamynyň esasy guramalary we kärhanalary, şeýle hem halk hojalygynyň ähli pudaklaryna wekilçilik edýän hususy kompaniýalar gatnaşar. Giň gerimli serginiň esasy maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini, düýpli özgertmeleriň netijelerini, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.