Amerikanyň lideri Donald Tramp eger respublikaçylar aralyk saýlawlarda palatalaryň ikisine hem gözegçiligi almagy başarsalar, ýurduň kämillik ýaşyna ýeten raýatlarynyň her birine 5 müň dollar bermegi söz berdi. Bu barada «news.by» ýazýar. «Men şuny söz berýärin: eger respublikaçylar ABŞ-nyň Senatynda Wekiller palatasynda ýeňseler, biziň ykdysady üstünliklerimiziň hasabyna ýurdumyzyň her bir kamillik ýaşyndaky ýaşaýjysyna 5 müň dollar girdeji paý bölüp bererin» diýip, Tramp ýurdy dolandyryjy Respublikaçylar partiýasynyň Dallasda geçen milli gurultaýynda aýtdy. Gurultaý ABŞ-nyň Kongresine noýabrda geçjek aralyk saýlawlaryna bagyşlandy. Kongrese aralyk saýlawlar 3-nji noýabrda geçer, olarda Kongresiň Senatynyň 100 agzasynyň 33-si we Wekiller palatasynyň ähli 435 agzasy saýlanar. Respublikaçylar häzir kanunçykaryjy edaranyň iki palatasyna hem gözegçilik edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir