Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Söwda-senagat palatasynyň (ACCI) başlygy Saýed Karim Haşemi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň maksady söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakdan we bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmakdan ybarat boldy. Bu barada «nCa» portaly habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar hususy ulgamlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek, esasy üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, Merkezi we Günorta Aziýada maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Ilçi H.Öwezow Owganystandaky häzirki ykdysady işjeňlige ýokary baha berdi we Aşgabadyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady. Türkmen diplomaty ACCI-niň ýolbaşçylaryna şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna gatnaşmaga çakylyk gowşurdy. Saýed Karim Haşemi Owganystanyň hususy ulgamynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmek urgundaky her bir amaly ädimi hoşallyk bilen garşylaýandygyny we Owganystanyň Söwda-senagat palatasynyň (ACCI) öz ygtyýarlyklarynyň hem-de borçlarynyň çäklerinde iki döwletiň telekeçileriniň we maýadarlarynyň arasyndaky özara baglanyşygy, aragatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Esasy serhet geçelgeleriniň durnukly işi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalarynyň biri boldy. ACCI-niň başlygy esasy söwda-üstaşyr ugurlarynyň, aýratyn hem, Hyrat welaýatyndaky Turgundy portunyň we Farýab welaýatyndaky Akina nokadynyň kadaly tertipde işleýändigini belledi. Bu nokatlar arkaly täjirçilik ulaglarynyň bökdençsiz hereketi Owganystanyň Merkezi Aziýa bilen ykdysady integrasiýasyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen tarapynyň çakylygyna jogap hökmünde Saýed Karim Haşemi Türkmenistanyň resmi adamlaryny, telekeçilerini we maýadarlaryny 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda açylmagy meýilleşdirilýän Ymam Abu Hanifa adyndaky 5-nji sergä gatnaşmaga çagyrdy. Sergi Owganystanyň önümçilik kuwwatyny görkezer we göni işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmak üçin B2B duşuşyklaryny öz içine alar. Şeýle-de taraplar sebitiň iri infrastruktura başlangyçlaryny, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir