Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide halkara BRIKS guramasynyň sammitiniň öňüsyrasy howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi diýip, «rg.ru» habar berdi. Şäheriň merkezi köçelerine harby gullukçylar çykaryldy, paýtagtyň köp adamly çatryklaryna poliseýler gözegçilik edýärler. Deliniň polisiýasy raýatlary ünsli bolmaga, ähli şübheli pursatlar barada hukuk goraýjylary habarly etmäge çagyrdy. TASS habarlar agentligi BRIKS guramasynyň liderleriniň Hindistandaky 18-nji duşuşygyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşjakdygyny habar berdi. Nýu-Delidäki sammit 12-13-nji sentýabrda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir