Ata Watan
Makron sentýabrda ýetginjekler üçin sosial torlara gadaganlygyň güýje girýändigini yglan etdi
Fransiýada 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlara gadaganlyk baradaky kanun täze okuw ýylynyň başynda güýje girer. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron «X» sosial torunda yglan etdi.
Makron kanuny goldandyklary üçin deputatlara minnetdarlyk bildirip, indi nobatyň Konstitusion kazyýete degişlidigini, ondan soňra internetde ç...
Türkiýede awtobus heläkçiliginde 30 adam ejir çekdi
Türkiýede Stambuldan Egeý deňziniň kenaryndaky Guşadasy şäherine barýan awtobus bilen bolan ýol-ulag hadysasynda 31 adam ejir çekdi. Bu barada «TRT Haber» teleýaýlymy habar berdi.
Deslapky maglumatlara görä, awtobusyň sürüjisi dolandyryşy elden berip, ýol germewine uruldy, soňra gara ýoldan çykyp agdy. Ejir çekenler hassahana eltildi.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde onuň gaznalarynda saklanylýan, ýarym asyrlyk taryhy bolan çeper eserleri öz içine alýan «Grafika sungaty» atly tematiki serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy
Sergide türkmen grafika sungatynyň kemala gelmegine...
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini 55 ýaş toýy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan...
Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen mekdep okuwçylarynyň altysy 10–21-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşdy.
Olimpiadanyň jemleri boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala mynasyp boldy.
Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäherin...
Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetiniň wekilleri «Petronas» uniwersitetinde okuw tejribeligini geçýärler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan hem-de mugallymlaryndan ybarat topar 14-nji iýuldan bäri Malaýziýada bolup, «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Maksat...
Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Mongoliýada bolýar
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 17 ýyldan soňra ilkinji gezek döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy. Ony Ulan-Batoryň halkara howa menzilinde bu ýurduň daşary işler ministri we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Üç günlük saparyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, oba hojalyk, energetika, ulag hem-de medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary...
Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýi maşgala dynç alyşynyň esasy merkezine öwrüldi
Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýi (Aşgabat zooparky) mekdep okuwçylarynyň dynç alyş döwründe adaty bolşy ýaly maşgala dynç alyşynyň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, gündelik ylmy-barlag toplumyna Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýüzlerçe ýaşaýjylary, şeýle hem ýurduň dürli künje...
Türkiýede döwlet dolandyryşynyň görnüşini üýtgetmekligi ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkiýäniň dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasy taýýarlyk görülýän konstitusion özgertmeleriň çäklerinde ýurdy dolandyrmagyň ýarymprezident görnüşine geçmek barada meseläni gozgaýarlar. Bu barada partiýadaky çeşmä salgylanýan «Ekonomim» gazeti habar berdi.
Ýagny partiýada munuň parlamenti berkitjekdigini hem-de onda dolandyryjy partiýanyň ag...
Türkmen tennisçileriniň Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy
kanyň Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynda Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bäsleşer.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Şri-Lankanyň paýtagtynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasynyň saýlama ýaryşy geçirilýär. Ol hem ö...
Küştçi Ýudit Polgar Wengriýanyň Prezidenti wezipesinden ýüz öwürdi
Wengriýany küştçi zenan, grossmeýster Ýudit Polgar döwlet Baştutany wezipesine teklipden ýüz öwürdi. Oňa şeýle teklip ýurduň Premýer-ministri Peter Madýardan gelip gowuşdy diýip, «MTI» agentligine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
«Men biziň bölünen milletimizi birleşdirmek üçin taryhy jogapkärçiligi egnime almaga özümi ýeterlik güýçli duým...
Gyrgyzystanyň Prezidenti ýurduň çäginiň ulalandygyny habar berdi
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Respublikanyň raýatlaryna ýüzlenmesinde ýurduň çäginiň ulalandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, serhet çyzyklarynyň takyklanmagy netijesinde Respublikanyň umumy meýdany 200 müň inedördül kilometrden geçdi. 2020-nji ýyla çenli ýurduň çägi 19 million 994 müň gektara (199,9 müň inedördül kilometr) deňdi. Go...
TNGIZT-de benziniň 702,1 müň tonnasy taýýarlandy
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gelip gowşan nebit çig malyny gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirmegiň meýilnamasy 102 göterim berjaý edildi.
Ýokary hilli benzinleriň dürli görnüşleriniň jemi 702,1 müň tonnasy taýýarlandy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, toplumda ker...
Täjigistan derman önümçiligini artdyrdy
Soňky alty aýda Täjigistan derman serişdeleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrdy. Bu barada Respublikanyň Monopoliýa garşy göreş gullugynyň başlygy Haýdarali Şarifzoda salgylanýan «tj.sputniknews» internet neşiri habar berdi.
2026-njy ýylyň birinji ýarymy boýunça hasabat beren Şarifzodanyň sözlerine görä, ýuridiki şahslar we hususy tele...
«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 6 aýda 2 million tonnadan gowrak nebit çykaryldy
«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen ýarym ýylynda ýeriň jümmüşinden alnan nebitiň möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
«Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 155 müň 800 tonna barabar nebit çykarylyp, tabşyryk 108...
ABŞ-da uçar öýüň üçegine gondy
Tehasyň Hýuston şäherinde ýeňilmotorly uçar öýüň üçeginde gondy. Bu barada ştatyň jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça edarasyna salgylanýan ABC teleýaýlymy habar berdi.
Uçarmanyň hassahana ýerleşdirilendigi habar berilýär. Ol uçary golaýdaky uçuş meýdançasynda gondurmakçy bolupdyr, emma başarmandyr.
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edar...
Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde ozalky ornuny saklap galdy
ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilen 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň jemleriniň esasynda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan täzelenen reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňki ornuny saklap galdy. Milli ýygyndy 1078,65 utuk bilen 211 ýurduň arasynda ozalkysy ýaly 141-nji orny eýeleýär.
Merkezi Aziýa sebiti...
Nikaraguanyň Prezidenti saýlawlary ýatyrýandygyny yglan etdi
Nikaraguanyň Prezidenti Daniel Ortega ýurtda oppozisiýanyň häkimiýet başyna gelmegine ýol bermezlik üçin mundan beýläk saýlawlaryň geçirilmejekdigini mälim etdi. Bu barada «The Guardian» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Mundan beýläk olaryň (garşylykçy partiýalaryň) häkimiýeti eýelemäge synanaşyk etmezligi üçin saýlawlar bol...
Türkmenistanyň IIM-niň ministriniň orunbasary BMG-niň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça mejlisinde çykyş etdi
20-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň 104-nji umumy mejlisiniň çäklerinde dünýäde ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga bagyşlanan ýokary derejeli mejlis geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan ýurduň içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýew çykyş etdi.
Ministriň oru...
Ýaponiýada adamlar üçin sowadyjy bilen tanyşdyrdylar
Ýaponiýanyň «SDRS» we «Trusco Nakayama» kompaniýalary adamlary adatdan ýokary temperaturada iş wagtynda gyzmakdan goramak üçin niýetlenen «Do Hiemon Box» serginlediji kabinany döretdiler. Ol daşyndan göräýmäge, ullakan sowadyja (holodilnik) meňzeş diýip, «GizmoChina» neşiri ýazýar.
Enjam ilkinji noabtda gurluşyk pudagynyň, zawodlaryň, ambarl...
Türkmenistanyň basketbol federasiýasy resmi saýtyny işe girizdi
Türkmenistanyň basketbol federasiýasy (TBF) tkm.basketball salgysynda resmi saýtyny işe girizdi. Bu barada federasiýanyň tehniki direktory Bagtyýar Ibragimow habar berdi.
Onuň sözlerine görä, täze internet çeşmesi janköýerlere, türgenlere we tälimçilere ýaryşlar, milli ýygyndylaryň düzümleri, olaryň gazanan netijeleri barada maglumatlary alm...
Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy resmi saýtyny işe girizdi
Türkmenistanyň şaýbaly hokkeý federasiýasy tkmihf.com salgysynda resmi web saýtyny işe girizdi. Internet çeşmesi türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýär. Saýtda ýurduň milli hokkeý ulgamynyň gurluşy, erkekler milli ýygyndysy, şeýle hem U20 we U18 ýaş derejelerindäki ýetginjekler ýygyndylary barada maglumatlar ýerleşdirilýär.
Saýtda Türkmeni...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen...
Prezident, BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy mähirli kabu...
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, t...