«Anthropic» kompaniýasynyň ylmy barlagçysy Jeýkob Kokson tehnologik korporasiýalaryň bäsdeşliginiň dünýäni «dolanuwsyz nokada» golaýlaşdyrýandygyndan howsala düşüp, EA-senagatdan gitdi. Bu barada «Wall Street Journal» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. «Biz bu ssenarileriň has ýowuzy boýunça öňe barýarys, netijede, geljek ýylyň aýagynda ýagdaý gözegçilikden çykyp biler» diýip, Kokson aýtdy. Matematik kärdeşleriniň öz döredýän tehnologiýalarynyň häzirki ösüş ugruny «ahyrky nokat» diýip atlandyrýandyklaryny nygtady. «Anthropic» emeli aň ulgamynda işleýän amerikan tehnologik kompaniýasydyr, ol «Claude» dil modelleri maşgalasyny döretdi. Gazetiň ýazmagyna görä, «Anthropic» kompaniýasyndan gidenden soňra Kokson şygryýeti öwrenmek bilen meşgullanmakçy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir