Türkmen aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurtda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, ajaýyp zamanany wasp etmek, il içinde zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, ýurduň şu aýdymçy ýaşlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi hem-de her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerem Atabaýew; Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Perhatmuhammet Esenow; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Şöhradowa; Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Etrek etrap medeniýet bölüminiň Madaw oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Baýrammyrat Ýakubow; Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Röwşen Kakaýew; Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň Dänew etrap medeniýet bölüminiň Ýyldyz oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Atamyrat Muhtarow; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Akmyradowa.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir