Ata Watan
Tramp ABŞ-nyň IT-ägirtlerine salnan jerimeler sebäpli ÝB-ä gümrük paçlary bilen haýbat atdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz administrasiýasynyň amerikan tehnologiýa kompaniýalaryna köp milliardlyk jerimeleriň bellenilmegi bilen baglylykda Ýewropa Bileleşigine garşy derňew işini başlaýandygyny aýtdy.
Ak tamyň Baştutany Truth Social sosial torundaky habarynda ÝB-niň bu hereketini «talama» diýip atlandyrdy we onuň netijeleri barada...
Kabo-Werdeniň ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa «Kolo-Kolo» klubynyň teklibini kabul etdi
Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa Çiliniň «Kolo-Kolo» futbol kluby bilen şertnama baglaşmak baradaky teklibini kabul etdi. Bu barada žurnalist Herman Garsiýa Growa X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.
Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň H toparçasynda Ispaniýanyň, Urugwaýyň we Saud Arabystanynyň ýygynd...
Türkmenistanyň DIM-nde adam hukuklary boýunça halkara borçnamalary maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi hem-de ge...
Türkmenistan bilen Azerbaýjan eTIR ulgamy arkaly ýük daşamalary boýunça maglumat alyş-çalşygyny üstünlikli ýola goýdy
Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) guramaçylyk goldawy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti Hazar deňziniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr ýük daşamalary boýunça sanly e-TIR ulgamy arkaly maglumat alyş-çalşygyny ýola goýdy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi...
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri tamamlandy
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri tamamlandy. Bu möhüm möwsüm Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy esasynda 13 – 26-njy iýul aralygynda ýokary guramaçylyk derejesinde amala aşyryldy.
Ýe...
Fransiýanyň Bordo şäheriniň golaýynda 8 müň adam ýangyn sebäpli göçürilýär
Fransiýanyň Žirondo departamentiniň prefekturasy tokaý ýangynlarynyň täzeden başlanmagy bilen baglylykda, Bordo şäheriniň golaýyndaky ilatly ýerlerden 8 müň adamyň göçüriljekdigini habar berdi. Bu barada «Le Monde» gazetine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.
Ýerli neşiriň Žirondonyň ýangyn-halas ediş gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä,...
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Habarda b...
Bolgariýanyň wagtlaýyn Prezidenti Ýotowa saýlawlara gatnaşmakçy
Bolgariýanyň wagtlaýyn Prezidenti Iliýana Ýotowa şu ýylyň aýaklarynda ýurtda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda dalaşgärlik etmäge taýýardygyny yglan etdi diýip, «Interfax.ru» habar berdi.
«Hawa, dalaş etmekçi. Meni maslahat beriji geňeş hödürlär. Bolgariýada özümi köpler goldar diýen ynam bilen şeýle karara geldim» diýip, Ýotowa ýurdu...
Türkmenistanyň ilçisi bilen Maldiw Respublikasynyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş. Geldinazarow 23-nji iýulda Male şäherinde Maldiw Respublikasynyň daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsa...
«Paramount» kinokompaniýasy «Warner Bros.» bilen goşulyşmagy bir ýyl soňa goýdy
«Paramount Skydance Corp.» kompaniýasy «Warner Bros.» studiýasy bilen birleşmek barada bahasy 111 milliard dollarlyk geleşigi 2027-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli yza süýşürdi. Bu barada «The Variety» neşirinde çap edilen makalada habar berilýär.
Munuň sebäbi monopoliýa garşy kazyýet seljerişligi bilen baglydyr. Ýagny Kaliforniýanyň baştutanly...
Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady
27-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady.
Forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow oňa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Şeýle hem forumyň açylyşynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan d...
Mançester Siti» kluby Husanow bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
«Mançester Siti» kluby Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow bilen baglaşan şertnamasynyň möhletiniň uzaldylangygyny yglan etdi. Täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder — diýip, daryo.uz saýty habar berýär.
22 ýaşly futbolçy 2025-nji ýylyň ýanwarynda Fransiýanyň «Lans» klubyndan Angliýanyň «Mançester Sit...
Birža söwdalarynda pagta önümleri uly islege eýe boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah...
Türkmenistanda howa +44 gradusa çenli yssy bolar
Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedý...
Türkmenistanyň DIM-i Hazar deňzindäki harby hereketleri ýazgardy
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär.
Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak...
«NDTV»: Hindistanyň azyk ministri bilim ministri boldy
Hindistanyň bilim ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip, Pralad Joşi bellendi. Bu barada «NDTV» teleýaýlymy ýurduň Prezidentiniň edarasynyň beýanatyna salgylanyp habar berdi.
Joşi bu wezipäni azyk we jemgyýetçilik üpjünçiligi ministriniň wezipesi bilen ugurdaşlykda alyp barar. Prezident Draupadi Murmu bilim ministri Dharmen...
Hindistanyň ýygyndysyndaky ilkinji boksçy zenan Arkalaşygyň oýunlarynyň altyn medalyna dalaş edýär
57 kilograma çenli agram derejesinde häzirki dünýä çempiony bolan hindi türgeni Jaýsmin Lamboriýa Glazgoda geçiriljek Arkalaşygyň oýunlarynyň boks ýaryşynda altyn medal üçin göreşjek esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýar. 2022-nji ýylda Birmingemde geçirilen ýaryşda 24 ýaşly türgen bürünç medala mynasyp bolupdy, indi bolsa medalyň reňkini üýtgetmegi...
Makron tokaý ýangynlaryndan Bordo şäherine abanýan howp sebäpli gyssagly maslahat geçirýär
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron duşenbe güni tokaý ýangynlarynyň Bordo şäherine golaýlamagy sebäpli Ministrler Kabinetiniň gyssagly mejlisini geçirer. Şäheriň häkimi Toma Kazenawyň sözlerine görä, ýangynyň esasy ojagy Bordodan takmynan 15 kilometr uzaklykda ýerleşýär, öňümizdäki güýçli yssy howa bolsa ýangyny söndürmek işlerini has-da kynlaş...
Uganda BMG-däki öňki hemişelik wekilini baş sekretarlyga hödürledi
Uganda Respublikasy ýurduň Birleşen Milletler Guramasyndaky öňki hemişelik wekili we BMG-niň baş sekretarynyň çagalaryň ýagdaýy hem-de ýaragly gapma-garşylyklar boýunça ýörite wekili Olara Otunnuny guramanyň baş sekretary wezipesine teklip etdi. Bu barada Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň başlygynyň edarasynyň wekili La Neýs Kollinz habar berdi...
Komor adalaryndaky medineler ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
Komor adalaryndaky taryhy alty soltanlygyň medineleri ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizildi. Olar ýurduň şeýle dereje alan ilkinji obýektleri boldy diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär.
Medineler — bu hökümdarlaryň köşklerini, metjitleri, jemgyýetçilik meýdançalaryny we söwda ýerlerini özünde birleşdirýän köne mähelleler bolup, Moron...
Tejen pagta egriji fabriginde 37 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi
Dokma senagaty ministrliginiň Tejen pagta egriji fabriginde 2026-njy ýylyň alty aýynda 37 million 203 müň 194 manatlyk önüm öndürildi. Şeýlelikde, kärhanada, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 104,2 göterimden gowrak ösüş depgini üpjün edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Fabrikde ýerli pagta çig...
Hytaýly alymlar suwda halas işleri üçin düşdüş-robot döretdiler
Hytaýyň Şençžen Emeli aň we jemgyýetçilik robottehnikasy institutynyň we ABŞ-nyň Stiwensiň tehnologik instutynyň alymlary möýi ýatladýan robot döretdiler, ol suwda halas ediş işlerinde peýdalanylar. Bu barada «News.by» habar berdi.
Alymlar enjamy döredenlerinde, awçy-möýden ruhlandylar, bu jandarlar howuzlarda, köllerde, haýal akýan çeşmele...
Daşoguzdaky «Demirbetonönümleri» zawodynda millionlarça manatlyk işler ýerine ýetirildi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň düzümindäki gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýan edara tarapyndan gurlan iri panelli, köp öýli ýaşaýyş jaýlary hem şäheriň gözelligine görk goşýar. Hasabat döwründe kärhananyň ezber gurluşykçylary 6 million 275 müň manatlyk gurluşyk-gurn...
«Belet» platformasynda Döwletjan Ýagşymyradow hakynda dokumental film görkezilip başlandy
«Miras» atly täze dokumental film «Belet» striming platformasynda tomaşaçylara hödürlenildi. 2026-njy ýylyň iýul aýynyň ahyrynda köpçülige ýetirilen bu film çempion Döwletjan Ýagşymyradowyň durmuş ýoluna bagyşlanyp, onda onuň çempionlyk häsiýetiniň nähili kemala gelendigi beýan edilýär.
Bu diňe bir sport baradaky film däl, eýsem ýeňijiniň h...
Ilçi R.Alimow: Özbegistan Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardyr
Özbegistan doganlyk Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, tehnologiýalary alyşmaga, bilelikdäki önümçilikleri döretmäge hem-de özara haryt daşamalaryny artdyrmaga taýýardyr. Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabatda geçen türkmen-özbek işewürlik forumynda çykyş edip belledi.
«Özbegistan dogan...