2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda I Merkezi Aziýa talyplar sport forumy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşarlar. Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, çäre Halkara Uniwersitet Sport Federasiýasynyň (FISU) Prezidenti Leonz Ederiň Daşkende saparynyň çäklerinde guralar. Foruma FISU-nyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň talyplar sport federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň esasy maksady talyplar sportuny ösdürmek boýunça toplanan tejribeleri halkara derejede giňden ýaýratmakdan, ulgamdaky derwaýys meseleleri maslahatlaşmakdan hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Çäräniň dowamynda talyplar sportuny ösdürmegiň döwrebap çemeleşmeleri, ulgamda bar bolan meseleler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir