Filippinleriň günbatar böleginde ýolagçy paromynyň ýanandygy belli boldy. Kenar goragynyň kapitany Noemi Kaýabýab azyndan bäş adamyň gurban bolandygyny habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Ol şeýle hem diri galanlar we heläk bolanlar barada maglumatlara esaslanyp, ýene 87 adamyň gözlenilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda 42 adam halas edildi. «MV June Aster» paromy Manila şäherinden ýüzüşe ugrapdyr. Kenar goragynyň wekili paromda 134 adamyň: 117 ýolagçynyň hem-de ekipažyň 17 agzasynyň bolandygyny habar berdi. Ýangynyň sebäpleri öwrenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir