Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň wekilleri Gruziýa Respublikasynyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň gurnamagynda geçirilýän halkara ýaşlar okuw türgenleşigine gatnaşýarlar. Bu halkara çäre 2026-njy ýylyň 5 — 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň Kahetiýa welaýatynyň Kwareli şäherinde geçirilýär diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Bu halkara taslamada Türkmenistana Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary wekilçilik edýärler. Halkara okuw türgenleşigi döwrebap bilim bermek, ýaşlaryň özara tejribe alyşmagyny gazanmak, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guralýar. Çäräniň çäginde gatnaşyjylar üçin dürli mowzuklar boýunça amaly sapaklar, interaktiw seminarlar we medeni çäreler guralyp, ýaşlaryň giň gözýetimini we liderlik başarnyklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, gatnaşyjylar toparlaýyn taslamalary taýýarlamak, köpmedeniýetli gurşawda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ylym, bilim we innowasiýalar ugurlary boýunça amaly çözgütleri öndürmek ýaly meseleleriň üstünde bilelikde işleýärler. Şeýle hem maksatnama laýyklykda, halkara ýaşlar wekiliýetleri Kaheti welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, baý medeni mirasy we milli däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir