Türkmenistanyň wekiliýeti ORCA taslamasynyň çäginde golaýda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bremen, Drezden we Frankfurt hem-de Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherlerinde ylmy iş saparda boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Ýeri gelende aýtsak, öň hem 2004-nji, 2007-nji we 2025-nji ýyllarda Germaniýa Federatiw Respublikasyna ylmy iş saparlary guralypdy. Bu ýurduň kitaphanalary türkmen halkynyň milli mirasyna degişli golýazmalara baýdyr we gymmatly maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär. Saparyň dowamynda Bremen döwlet kitaphanasynda, Bremen uniwersitetiniň kitaphanasynda edebiýatlara seljerme, ylmy-gözleg işleri alnyp baryldy. Bu kitaphanalarda «Türkmen-german ynsanperwer gatnaşyklary» atly seminar çykyş guraldy. Oňa Bremen uniwersitetiniň Gündogar Ýewropa barlag merkeziniň işgärleri, doktoranturada, magistraturada okaýan daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar. Wena şäherinde Awstriýanyň milli kitaphanasyndaky Gündogar golýazmalaryny öwrenmäge hem mümkinçilik döredildi. 2006-njy ýylda hem bu kitaphanada türkmen alymlary işläp, 50 töweregi golýazmanyň mikrofilm nusgasyny alypdylar. Bu kitaphanada «Görogly» eposyndan birnäçe şaha, Garajaoglan, Ýunus Emre, Mahmyt Zamahşary ýaly beýik şahsyýetleriň golýazma mirasy saklanylýar. Şeýle-de Müsürde, Bagdatda we Şamda höküm süren türkmen soltanlarynyň taryhyna degişli golýazmalar bar. Şeýlelikde, gadymy türkmen, arap we pars dillerindäki 700-den gowrak golýazma gözden geçirilip, olaryň 31-siniň sanly nusgasy taýýarlandy. Drezden merkezi kitaphanasynda türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny öwrenmäge degişli 500 töweregi golýazma öwrenilip, olardan 29-synyň sanly nusgasyny taýýarlandy. Aýratyn üns çekýän zatlaryň biri: 1815-nji ýylda nemes gündogarşynasy Henrih Fridrih fon Dis tarapyndan «Gorkut ata» eposynyň golýazmasy şu kitaphanadan tapylypdy. Öň TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda bu golýazmanyň mikrofilm nusgasy bar hem bolsa, bu iş saparynda kitabyň täze 3D sanly nusgasy alyndy. Kitaphanada Aşykynyň «Garypnama», «Gezer han kyssasy», Sady Şirazynyň «Gülüstan» hekaýalar ýygyndysy, awtory näbelli bolan «Ýusup-Züleýha» dessany (türkmen dilinde), Aly ibn Isanyň «Tezkiretul-kehhalin fit-tybb» («Göz keselleri barada tebipçilik kitaby»), meşhur türkmen taryhçysy, dil ussady Mahmyt Zamahşarynyň «Rowzatul-ulama we nuzhetul-fuzala» atly arap dilindäki kitaplary, Fizulynyň diwany ýaly golýazmalaryň nusgalary alyndy. Saýlanyp alnan golýazmalaryň 40-sy türkmen, 12-si arap we 8-si pars dilindedir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir