«Türkmengaz» döwlet konsernine gurluşyk işleri üçin zerur bolan polat turbalar satyn alnar
«Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan möçberdäki polat turbalary satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu baradaky resminama Türkmenistanyň Prezidenti şu gün sanly ulg...
Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny wagyz etmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Ylmyň jemgyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýyşlaryny ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag we işläp taýýarlamalar çygryna çekmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» hab...
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça resminama gol çekildi
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, toplumyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we pudagyň kadala...
Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen geler
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu sap...
Bosniýa we Gersegowina DÇ-2026-nyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Kanada bilen deňme-deň oýnady
Kanadanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
B toparçasyndaky duşuşyk Torontoda geçirildi we 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Bosniýalylaryň düzüminde Ýowo Lukiç (21-nj...
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň syýasy partiýalary özara hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
10 –12-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, şol partiýanyň Baş sekretary Şýuniçi Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň baş...
Putin russiýalylary ýurduň güni bilen gutlady
Jebislik hem-de watanperwerlik rus halky üçin hemişe baş gymmatlyklar bolupdy. Bu barada RF-niň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji iýunda bellenen Russiýanyň gününde Kremlde döwlet sylaglaryny hem-de Zähmet gahrymanlaryna altyn ýyldyzlary gowşurmak dabarasynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.
Rus lideri şol sanda Ýeňiş gününiň Watana aýra...
ABŞ-nyň ýygyndysy DÇ-2026-nyň açylyş duşuşygynda Paragwaýy uly hasap bilen ýeňdi
ABŞ-nyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Paragwaýyň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar etdi.
Inglwud şäherinde geçirilen we 70 müň 492 tomaşaçynyň gatnaşan duşuşygy 4:1 hasabynda ABŞ-nyň peýdasyna tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Folarin Balogun 31-nji we 45+5-nji minutla...
Lukman gulaklykda saz diňlenýärkä eşidişi goramak barada maslahat berdi
Gulaklykda (nauşnik) yzygiderli iki sagatdan kän wagt saz diňlemeli däldir. Bu barada russiýaly gulak-burun lukmany, rinohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Dmitriý Gorin maslahat berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.
«Gulaklyk arkaly saz diňläniňde, eşidişe zeper ýetirmezlik üçin sesiň güýçlendirişiniň düzgünlerini berjaý ediň. Sazy 60 göteri...
Tailanddyň Patyşasynyň uly gyzy aradan çykdy
Tailanddyň Patyşasy Mah Waçiralongkornuň (Rama Х) uly gyzy, şagyzy Phatçara Kittiýapha Bangkokda aradan çykdy. Bu barada Patyşa köşgüniň edarasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Edaranyň habarynda «lukmanlar tarapyndan yhlasly we ünsli ideg edilendigine garamazdan», şagyzyň ýagdaýynyň «barha ýaramazlaşandygy» aýdylýar.
«2026-njy...
Emeli aňyň kömegi bilen döredilen «dinozawryň derisinden» taýýarlanan zenan torbasy Parižde auksiona çykaryldy
Parižde geçirilýän auksiona söwda guramaçylarynyň «dünýäde ilkinji gezek tirannozawr reksiň derisiniň esasynda işlenip taýýarlanan materialdan öndürilen torba» diýip häsiýetlendirýän aksessuary çykaryldy. Lotuň başlangyç bahasy 300 müňden 500 müň ýewro aralygynda kesgitlenildi — diýip, vc.ru internet neşiri habar berýär.
Bu önümi döretmek üç...
Trampyň arkasyny günde 20 sagat sarp edip gurmakçy bolýarlar
Amerikan Prezidenti Donald Trampyň teklibi boýunça ABŞ-nyň esaslandyrylmagynyň 250 ýyllygynyň hormatyna dikeldiljek ýeňiş arkasyny günde 20 sagat sarp edip, gurmakçy bolýarlar. Onuň gurluşygy iki-üç ýyla çeker diýip, ýurduň Milli seýilgähler gullugynyň resminamasyna saglylanyp, «RIA Nowosti» habar berdi.
Gurluşyk işleri ýedi tapgyra bölüner....
El-Nino hadysasy «Godzilla» diýen at aldy
El-Nino klimat hadysasy Ýuwaş ummanyň suwunyň gyzmagy netijesinde emele geldi we ol taryhy güýje eýe bolar diýlip garaşylýar. Ol synlamalaryň bütin taryhynda iň uly tebigy heläkçilik bolup biler diýip, «The Guardian» habar berdi.
Meteorologlaryň baha bermegine görä, ýylamagyň tebigy sikline girýän El-Nino gazylyp alynýan peýdaly magdanlar se...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň güni mynasybetli gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar b...
Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ylmy jemgyýetçiligi hem-de halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen t...
Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi
10 – 11-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly utgaşykly görnüşli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebi bilen täze ikitaraplaýyn resminamalaryň bäşisine gol çekildi. Bu barada «Altyn asyr...
FT: awiakompaniýalar ýangyjyň gymmatlamagy bilen baglylykda, gyşda uçuşlary azaldyp biler
Dünýäniň awiakompaniýalary eger Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda, ýangyjyň gymmatlamagy dowam etse, uçuşlaryň gyşky tertipnamasyny üýtgetmäge hem-de on müňlerçe uçuşlary ýatyrmaga çynlakaý taýýarlyk görýärler. Bu barada «Financial Times» (FT) gazetinde çap edilen makalada aýdylýar diýip, TASS ýazýar.
Uçuş maksatnamalaryna üýtgetme...
SSSR-iň halk artisti Lýudmila Çursina aradan çykdy
SSSR-iň halk artisti Lýudmila Çursina 84 ýaşynda aradan çykdy. Aktrisanyň ölümine uzaga çeken agyr kesel sebäp boldy. Bu barada Russiýanyň goşunynyň Merkezi akademiki teatrynyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Lýudmila Çursina ilkinji gezek «Haçanda daragtlar uluka» (1961 ý.) atly çeper filmde surata düşdi. Şondan soňra 100-d...
Alymlar planetadaky ähli buzluklaryň eremeginiň netijelerini çakladylar
Planetadaky ähli buzluklaryň doly eremegi ummanyň suwunyň derejesini 150 metre çenli göterer, emma bu golaý ýüzýyllykda bolup geçmez. Bu barada Russiýanyň Arktiki hem-de antarktiki ylmy-barlag institutynyň Klimatyň üýtgemegi we daşky gurşaw laboratoriýasynyň işgäri Anna Kozaçek «Ria.ru» habarlar agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
«Deňziň...
100-den gowrak türk telekeçisi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdy
2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Denizlide 100-den gowrak türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny we döwlete degişli däl sektoryň wekillerini bir ýere jemlän işewürlik forumyny gurady.
100-den gowrak türk telekeçisi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdy
Çäre şäheriň Söwda-se...