Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine we 2028-nji ýylyň «Halkara hukugynyň ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi. 9-njy sentýabrda geçirilen çärä Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary we bu ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ösüşiniň jemlerini jemlemekde hem-de içeri we daşary syýasatyň täze ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde ähmiýetini belledi. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Degişli Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda 78 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hukugyny, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga goşýan goşandynyň aýdyň beýanydygy bellenildi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan çäre guraldy Çäräniň çäklerinde 2026-njy ýylyň nyşany bolan ahal-teke bedewine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplyk, parahatçylyk döredijilik, taryhy-medeni miras we Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşi baradaky kitaplarynyň sergisi geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir