Umumy

Hormatly
Saytyn agzalary sizden bir hayyst kim harri potter kitaplari we filmleri hakda maglumat bilyan bolsa habar berayin

Dowamy »

4 0
Edebiýat, A tarapyndan 1 year ago

Gyrylan ganatlar

GYRYLAN GANATLAR


Ýigrimi ýaşymdakam ejem maňa şeýle diýipdi:
- Manastire girenligimde, hem-ä özüm, hemem töweregimdäkiler üçin gowy boljak eken...
- Eger manastire giren bolsaň, men dünýä inmezdim—diýdim.
- Dünýä inmegiň has öň ýazylypdy, oglum—diýdi.
- Howwa, ýöne men dünýä gelmänk...

Dowamy »

580 2
Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 1 year ago

Söygi

Hajarym
Bagtly men bagtly men bagtly men BAGTLY
Soyyan diyip gygyrmana Men bu gun hakly
Cunku bu gun men sana sen mana bagly
Soyyarin Soyyarin seni Hajarym

Seň ýylgyrşyň, mylaýym owadan sesiň
Däli etdi, Mejnun etdi, garaja gözüň
Söýýänligiňi eşdemde ýitirdim özüm
Ýitip-ýitip söýýän sen...

Dowamy »

547 20
Edebiýat, Dargan tarapyndan 1 year ago

Ahmet Mämmedow ömri we döredijiligi hem-de goşgulary

1942-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe şäherçesinde doguldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlady. „Mugallymlar gazeti“ gazetinde edebi işgär bolup işledi. Ol biränçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Magty...

Dowamy »

599 14
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda atçylyk pudagynda durmuşa geçirilýän işler

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär“ diýip, buýsanç bilen belleýşi ýaly, türkmen bedewiniň gadymy şan-şöhraty bu gün täze ruhda, täze öwüşginde halkara derejesinde dabaralanýar.
...

Dowamy »

538 2
Edebiýat, Mirab tarapyndan 1 year ago

Häsiýet

Ýagşy zamana ýagşy häsiýetler ýaraşar
Nireden okanymy bilemok, kimden eşidenim ýadyma düşenok, ýöne
aňymda galşyna görä, gadym döwürde adamlar „Ýene bir günümiz
ötdi” diýip aglar ekenler. Aglasaňam, aglamasaňam, nalasaňam, nala￾masaňam, halasaňam, halamasaňam, aýlar aýlanyp, günler ötüp dur.
Erkimizde ýok zady üýtgetj...

Dowamy »

644 14
Edebiýat, Adviser tarapyndan 1 year ago

Oýlanma,.

Annagurban Annagurbanow
Sen meň üçin gymmatly(Oýlanma)

Öz - özümden gabanýan diýilýärä, şol söze men kän wagt bäri düşinemokdym. Nähili öz-özüňden gabanylýaka diýip pikirlenýädim. Sen geldiň maňa öz-özümden gabanmaklygy öwretdiň,. Kä wagt saňa seredip durşyma gapdalymdaky deň-duşlammyň näme diýip näme aýtýanynada üns bermeýä...

Dowamy »

576 0
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 1 year ago

Oýlanma,

Annagurban Annagurbanow
"Bir düşinsediň, bir bilsediň."

Hakyky duýgylarymy kemsitme, saňa beýle duýgylary päk ynsan bilen indi gabatlaşmarsyň,. Bileňok duýaňok, ýogsam seni illerden, özgelerden, üýtgeşik görýän, şolardan sen maňa aýratyn,. Ýok men özümi öwjek bolamok, sebäbi men seni gowy görýärin, hiç bir zada dözmeýädim hem...

Dowamy »

554 0
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 1 year ago

Hasap we netije

Adamlar  şeýle bir hasapçyl bolupdyr. «Hasaply dost uzaga gid￾er» diýilýar, hernä  şeýle bolsun‐da,  ýöne bu hasaplardaky
dostlugyň garasyny görmek we  ýürekleri barlamak üçin iň soňky
enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa
duýgunyň hem  ýalňyşdyraýmagy mümkin.   
Okuwçy döwrümiz hasap mugallymym...

Dowamy »

564 0
Edebiýat, Adviser tarapyndan 1 year ago

Derde derman şetdaly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramaga, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmaga, ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bezeg baglarydyr miweli agaçlaryň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Olar ylmy taýdan öwrenilýär. TYA-nyň B...

Dowamy »

565 0
Edebiýat, TDUmaksat tarapyndan 1 year ago

Perzent

Hekaýa

Soňky wagtlarda Gadam aga bilen Tuwak eje ikisi bir azajyk ynjalyksyzlanyp ugradylar. Çünki ogullary Geldiniň oba gara salmaýanyna indi seredip otursaň, tegelek dört ýyl bolupdyr. Onuň şo-ol gelinlik getirip, garrylara toý etdirip, gelni bilen gidişi-gidiş boldy. Goja bilen kempiriň bolsa indi öňküligi ýok. Golaýynda gelniň, a...

Dowamy »

610 1
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 year ago

HER ÝANA

Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,
Göz salyp gezsem her ýana.
Ýa, ýaradan, bir ýar bergil,
Köp muşakgat degdi jana.

 Bir ýar bergil etli-ganly,
Köňli giň, göwsi meýdanly,
Dil bilen, akly kemally,
Ýüzi hem bolsun görkana.

 Gadyr bilenden daş etme,
Nägadyra ýoldaş etme,
Til...

Dowamy »

388 0
Edebiýat, Adviser tarapyndan 1 year ago

Has gowusyny nähili saýlamaly?

Her birimiziň her bir zadyň has gowusyny saýlap almaga ýag￾daýymyzam, mümkinçiligimezem, hakymyzam, ygtyýarymyzam bar.
Üstesine, has gowusyny saýlap almaklyk her kimiň borjy bolubam
durýar. Durmuşa gadam goýduňmy, ýollaryň has gowusyny saýlamaly.
Maksatlara maňlaý dirediňmi, olaryň has gowusyny saýlamaly. Diňe
bir ma...

Dowamy »

434 0
Edebiýat, Adviser tarapyndan 1 year ago

Bagtymyzyň ak ýollary Arkadag

Nurly güneş parlap dogdy, gül gujakly Diýaryma,
Bagt guşy ganat kakyp, gondy, ajap eýýamyňa,
Şygra sygmadyk waspyňy, salyp gyjak-dutaryňa.
Bagtymyzyň ak ýollary, ak röwşeni siz Arkadag.

Ak mermerli ymaratlaň, depesi asmana galdy,
Rekortlaryň kitabynda aýratyn bir orny aldy,
Ýyldyrym deý ösüşleriň, e...

Dowamy »

351 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 1 year ago

“IL-GÜN NÄME DIÝERKÄ?!»

Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda
heý-de bir zatlar eşidipmidiň? Ýok, bu gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki
kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür
menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on
sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň
sen hakda näme diýýändikleri bilen çuňdan
we çyndan...

Dowamy »

590 2
Edebiýat, Adviser tarapyndan 1 year ago

Magtymguly PYRAGY "Özüňden"

ÖZÜNDEN



Mähnet bilen mal jem eden mäkäm baý,

Owwal haýryň bolsa, gönder özüňden!

Ýygyp, zekat bermänleriň haly waý,

Taňla garny dolar tamug közünden.



Namut galdyň, ger şeýtana ýol berseň,

Şeýtan boýnun üzdüň pire gol berseň,

Dowamy »

626 2
Edebiýat, Umman tarapyndan 1 year ago

Hoş gal eziz Mekdep eziz ak Öýüm.

Bu günüm şatlykly hemem gaýgyly,
Çünki tamamlaýan mekdep ýyllary,
Unutmaryn deň-duş doganlarymy,
Hoş gal eziz Mekdep eziz ak Öýüm.

Bu gün men uçurym göge uçaryn,
Ele alyp durmuşymyň açaryn,
Nesip bolsa oň gapysyn açaryn,
Hoş gal eziz Mekdep eziz ak Öýüm.

Bir-birinden Mährem...

Dowamy »

699 0
Edebiýat, Umman tarapyndan 1 year ago

Ýoñ bolan öz-özüñi surata almak nysagy (selfi çekmek)

ÝOÑ BOLAN ÖZ-ÖZÜÑI SURATA ALMAK NYSAGY

■ ýa-da PSIHOANALIZI ESASLANDYRYJY FREÝD ÖZ-ÖZÜÑI SURATA ALMAGA (SELFI ÇEKMÄGE) NÄHILI BAHA BERDI?

Dünýäniñ islendik owadan ýurduna gitseñizem, baran ýeriñizde adamlaryñ öz-özlerini surata alýandyklaryna (selfi) köp duş gelersiñiz.
Selfi çekmek täze dörän nysak diýip hasap...

Dowamy »

638 2
Edebiýat, wagt tarapyndan 1 year ago

Obama.

Saňa gelip janym aram tapanym,
Howaňa zar bolup, ganaýyn salym,
Seniň her säheriň, baharyň gelşi
Sensizlige uýgunlaşman näçe ýyl,
Geldim, salym rahatlygyňa döz meni.

Mele toprak, mähriň duýup goýnuňda,
Ymyzgansyn aran gozler az wagt.
Aladadan, gussalardan saplanyp,
Irkileýin, gör nähil...

Dowamy »

504 1
Edebiýat, Berdi T tarapyndan 1 year ago

Bagt (Oýlanma)

Ine hemişekiler ýaly bu gün hem iş wagty tamam boldy. Nirde sen meniñ mähriban öýim diýdimde ýola düşdim. Iş ýerim Oba içi bolsada Tomus aýlary howa yssy bolanyndanmy nämemi daş towerekde Adam gara görnenokdy. Diñe uly ýoldan maşyn sesleri gelýärdi. Pikire batyp barşyma Uly ýolada ýetdim. Ynhada begendirji pursat şähere alyp gitjek awtobusym hem ýe...

Dowamy »

522 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 year ago