SÖÝGÄ ERK EDÝÄN ÝOK SÖÝGÜDEN BAŞGA

  «Iki aýakly iki günde» diýleni. Düýn eljagazlaryndan tutulyp mekdebe getirlen çagalar belmän durkaň sesleri ýognap murtlary garalyp başlaýar. Bu tebigy ýagdaý. Beden ösüşi bilen birlikde çagada ruhy özgerişlikler hem bolup geçýär. Ýetginjegiň ýüregini açasy gelýän söhbetdeşligi aýyp görülse, bu meselä gadaganlyk goýlup, ony bozanlar utançsyz hasaplansa bu ýagdaý ýetginjegiň psihikasynda ters alamatlary emele getirmeýärmi?
Bu sowaly men iň tejribeli mugallymlardan biri Ybraýym Polada berdim.
«Men köplenç ýokary klaslylara klas ýolbaşçylyk edýän. Ýetginjeklik döwri adamyň dünýä garaýyşynda, durmuşa düşünişinde bir basgançak ýokary galýan döwrüdir. Käbir mugallym bu döwri okuwçynyň zaýalanýan döwri ýaly görýär. Emma hakykatda bu gül gunçalarynyň açylýan döwri ýaly bir pursatdyr. Bu pursady başyndan geçirýän ýetginjek mähremdir, özüne çekijidir, şadyýandyr hem gussalydyr. Bu döwrüň gussasam gazal ýalydyr. Ýetginjegiň duýguçyllygy şol döwürde ýiti ösüp, sähel bahana tapsa döwülibem bilýär.Şonuň üçin ýetginjekler bilen işlenende örän seresaply hem eserdeň bolmak gerek. Munuň bilen baglanşykly bolup geçen bir wakany gürrüň bereýin. Ýöne adam atlaryny tutmasak gowy bolar. Çünki ol gaty şahsy mesele.
Ýokary klasda okaýan oňat okuwçylardan biriniň gün-günden tertibiniň bozulýandygyny, sapaklaryna ünsüniň gaçýandygyny duýdum. Oňa sapak wagty edýän belliklerim hiç hili netije bermeýärdi. Onsaň iki-çäk, çaý başynda söhbet etdim. Okuwçym şonda maňa ýüregini açdy. Ol obalarynda bir gyza aşyk bolupdyr. Men muny adaty ýagdaý hökmünde kabul etdim. Çünki söýgä söýgüden başga buýrup biljek güýç ýok ahyryn. Ol mekdebiň kada-kanunyna-da, sapaklara oňat ýetişip, ýokary okuw mekdebine girmelidigiňe-de bakmaýar. Okuwçymdan: «Bu zatlardan gyzyň habary barmy?» diýip soradym. Gyzyň habary ýok eken. Okuwçymyň ähli derdem gyza habar edip bilmän ýörenliginde eken. Men gyza hat ýazmagy teklip etdim. Okuwçym beýle hatyň nähili ýazylýandygyny bilmeýänini, ýazjak bolup synanyşsa-da, başarmandygyny aýtdy. Oňa öz kömegimi teklip etdim. Takal okamaga derek, menden beýle teklibi eşidenini geň gördi. Näme diýjegini bilmedi. Ol hüşgärlik bilen bu meniň oýnummy ýa-da çynym şony kesgitlejek bolýardy. Men oňa çynymdygyny subut etmek üçin öz başymdan geçen wakalrymdan birini gürrüň berdim hem bu gürrüňleriň diňe ikimiziň aramyzda galmalydygyny aýtdym. Okuwçym özünden syryny gizlemeýän mugallymyna ynanmazçylyk edip bilmedi. Şondan soň oturyp söýgi hatyny ýazdyk. Her jüpüne düşen jümleden soň okuwçymyň ýüzi ýagtylyp gidýärdi. Ol şol hat ýazyşlygynda söýgi hakynada gaty köp bilmeýän zadyny öwrenen bolsa gerek. Haty ýazyp bolduk. Okuwçym gyz jigisiniň kömegi bilen haty ol gyza arkaýyn gowşuryp biljekdigini aýtdy. Biz ýene bir salym çaý içip oturdyk. Okuwçym haty alyp gitjek bolup durka saklap, ýene bir söýgi wakasyny gürrüň bereýin diýdim. Ol begenip ýakynymda oturdy. Men oňa bir dostumyň mekdepde okap ýörkä bir obadaşyna aşyk bolanyny, oňa öz söýgüsini duýduranyny, ol gyzdanam kanagatlanarly jogap alanyny aýdyp berdim. Emma soň dostumyň uniwersitete okuwa girip başga bir gowy gyza duşandygyny, ony has söýendigini, obaly bir gyza däl-de, özi bilen kärdeş, pikirdeş gyza öýlenesiniň gelendigini, şeýdibem obadaş gyzyndan ýüz öwürendigini gürrüň berdim. Okuwçym dostumy biwepalykda günäkärläp başlady. Men bolsa oňa obadaş gyza bolan söýgüsiniň ýaşlyk höwesidigini, uniwersitetdäki kursdaşyny bolsa hakykatdan söýenini aýtdym. Okuwçym näme diýjegini bilmedi. Men oňa dostumyň ýeke-täk ýalňyşynyň ýüreginde entek bişip ýetişmedik söýgüsini daşyna çykarmaga howlukmasydygyny düşündirdim. Soň bolsa okuwçyma: „Birden özüňem şeýle ýagdaýa düşäýme?“ diýdim. „Obadaş gyzy ýürekden söýýän bolsaň, oňam seni söýmegi üçin häzir saňa ýokary okuw jaýyna girmegiň gerek. Soň maşgala bolaňyzda-da seniň ýokary bilimiň bolsa, gowy aýlykly ýerde işläp bilersiň. Kynçylyk çekmersiňiz. Şonuň üçin häzir seniň esasy wezipäň obadaşyňa söýgiňi bildirmek däl. Üstesine-de gaty ir oýanan söýgiň seni ýalňyşdyrybam biler. Soň meniň dostum ýaly ahmyr etmegiňem mümkin“ diýdim. Okuwçym gözümiň içine seredip menden: „Onda bu haty ýyrtalymy?“ diýip sorady. Men: „Ýok“ diýdim. Eger ýyrtaly diýsem ol ähli gürrüňimi ýasamalyk diýip kabul edip biljekdi. „Ýyrtma. Sen ony özüňde sakla. Ine mekdebi tamamlarsyň. Uniwersitete gireresiň. Her hili gyzlara duşarsyň. Olaryň arasynda hiç birisi hakykatdanam obadaş gyzyň ýaly saňa mährem görünmese, hiç birisi obadaş gyzyň ýaly seniň göwnüňden turup bilmese, ýüregiňi gozgamasa, obadaşyňam hiç unudyp bilmeseň, onda hatyňy iber. Eger şonda gowy jogabam alyp bilseň, bagtly boljagyňyza ynanyp bilersiň“ diýdim. Okuwçym: “Oňa çenli obadaşym başga birine durmuşa çyksa näme?” diýip sorady. Menem:„Onda diýmek ol sendenem gowy oglana, nesibesindäkä duşandyr. Seňem nesibäňdäki başga gyzdyr“ diýdim. Okuwçymyň munuň bilen razylaşasy gelmeýändigi ýüzünden görnüp durdy. Men ýene gürrüň beren dostumy ýatlatdym. Onuň ökünji okuwçymyň doly göz öňüne geldi. Soňam:“Dogrudanam söýgi meselesinde howlukmaçlyk etmek gijä galmakdan gorkuly görünýär“ diýdi. Biz soňam kän gürrüň etdik. Gürrüňimiz mekdebi gutarmanka söýüşip durmuş gurýanlaryň ýalňyşmak ähtimallygynyň, biraz soňrak oýanan söýgiňkiden uludygy hakynda boldy. Okuwçym meniň bilen doly razylaşyp hatam ýyrtmady, ony obadaşyna-da ibermejekdigini aýtdy. Daşaryk çykdyk. Asmanda patrak ýaly ýyldyzlar bardy. Okuwçylaryň ýatýan jaýlarynyň çyralary bireýýäm öçüpdi. Diňe mugallymlaryň ýatýan otaglarynyň käbiriniň çyrasy şindem ýanyp durdy. Okuwçym penjiresinden çyraň yşygy görünýän mugallymynyň adyny tutup: „O hojamam ýatmandyr welin, meň ýaly biri bilen söýgiň gürrüňini edýärmikä?“ diýip güldi. Menem oňa goşulyp çalaja güldüm. Soňam: „Isleseň ertir klas sagadymyzda söýgi hakynda ýoldaşlaryňam diňläp bileris“ diýdim. Ol gorkan ýaly maňa tarap hyrra öwrüldi-de: „Gürrüňlerimiz diňe ikimiziň aramyzda galar diýmänmidik, hojam?“ diýdi. Menem: „Dagy näme. Hojaňdan arkaýyn bol, diline berkdir. Klasdaşlaryň bilen dostumyň eden hereketiniň dogry ýa-da ýalňyşdygy hakynda maslahatşarys. Senem şonda bu wakany ýaňy eşiden ýaly öz pikiriňi aýdarsyň“ diýdim. Oňa söýgi hakynda klasdaşlarynyň pikirini bilmegem gyzyklydy. Menem öz sözlerimden öz deň-duşlarynyň sözleriniň okuwçyma has täsirli boljakdygyny bilýärdim. Biz söýgi hakynda klas sagadyny geçirmegiň maslahadyny edibem aýrylyşdyk. Okuwçym klasdaşlarynyň arasyna, menem öz otagyma gitdim. Emma okuwçymyň ýüregi bilen ynanyp bakýan gara gözleri göz öňümden gitmän, meni uzak wagtlap ýatyrmady. Ertesi okuwçym: „Hojam, agşam siz meniň düýşüme giripsiňiz. Mekdebe ilki okuwa girjek bolup synaga gelşimmikäm diýýän. Sizem elimden tutup başymdan sypadyňyz. Tolgunma, synagdan geçersiň diýdiňiz. Synagyň geçiriljek klasyna giribem oýanypdyryn“ diýdi. Men hakykatdanam onuň elinden tutdym-da, başyndan sypadym. Hem „Tolgunma, synagdan geçersiň“ diýdim. Ol maňa bada-bat düşündi. Eýýäm boýy meniň bilen boýdaş bolan okuwçym gije ýatyrmadyk gözleri bilen maňa garap, ýylgyryp durdy.“
  Ibraýym Poladyň bu gürrüňini diňläp kärimiň mugallymçylyk däldigine, şeýle gözleriň özüme heniz bakmandygyna gynandym. Megerem käri mugallym bolubam şeýle garaýyşa mynasyp bolmadyklar mendenem beter gynanýandyrlar. Emma beýle ynama  mynasyp bolmak üçin Ibraýym Polat bolmaly.

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir