Islenen.site

Köpimiziň bilýän Islenen.ru saýdymyz Türkmentelecom tarapyndan bloklanypdyr, emma saýdyň döredijilik topary saýdy gysga wagtyň içinde dikeltmegi başardy, ýöne saýt indi täze domene geçdi. Indi saýdyň salgysy Islenen.ru däl-de, Islenen.site boldy. Hemmäňize garaşýarys. Mundan başga-da, saýdyň official çaty hem işläp başlady, onuň salgysy chat.islene...

Dowamy »

1089 3
Bilim, 1 year ago


OTUZ ÝAŞDAN SOŇ

Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar, şatlygymyň teýinde.

Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.

Kaýy...

Dowamy »

1013 2
Edebiýat, 1 year ago


"Kalbymy howaýy otlamadym men..."

Baslygyp-baslygyp, galňady gussam,
Ýadamadym senli ýatlamadan men.
Men päkize söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.

Süýt reňkli gijede ysytmaly deý
Garaşardym köňlüm berip galpylda.
Sen ahyr gelerdiň ýalbyrap, ýanyp,
Asmandan bir ýyldyz inen deý ylla.

Saçlaryň u...

Dowamy »

388 0
Edebiýat, 1 year ago


“IŇ BOLMANDA, SEN-Ä WEPALY MAŇA...”

Her säher oýansam, alyp başujum,
Ýylgyryp oturýaň gözlerme garap.
Şonda sähel salym göwnüm göterlip,
Dartgyn damarlarym ýag kimin eräp,
Süňňüme birgeňsi kuwwat inýär-de,
Ýeňil-ýeňil hereketlem köpelýär.
Gama bolup ýüregimi dilimlän
Gussalarym edil şol wagt kütelýär.

Ýanymdan gideňok,...

Dowamy »

536 2
Edebiýat, 1 year ago


OL KIM?!

Men kim­dir bi­ri­ni unu­dan ýa­ly,
Kim­dir bi­ri çy­kan ýa­ly ýa­dym­dan...
Ýü­re­gim kä­te­ler tis­gi­nip gid­ýär,
Nä­ta­ny­şyň has nä­ta­nyş adyn­dan.

Ýer­den çy­kan ýa­ly bo­lup bir şe­mal
Bir­den­kä sy­pa­lap geç­se ba­şy­my,
Men oňa şol di­ýip, ed­ýän-de gü­man,
Syn­la­ma­ga gork­ýan d...

Dowamy »

479 1
Edebiýat, 1 year ago


ÜMSÜMLIK WE SEN

Aýyň ýagtysyndan düşek düşenip,
Ümsümligi bagyrtlapdyr köçeler.
Meger, bu gün duýgularma düşünip,
Aladalam azam bolsa, kiçeler.

Sebäp, demim ýeterimde sen barýaň,
Asyl, uly arzuwymam şudy meň.
Duýýan, häzir kese-kese synlanýan,
Bilýän, häzir bakyşlarmyz deňme-deň.

Gorkup bird...

Dowamy »

504 0
Edebiýat, 1 year ago


DEKABR.GYŞ.GAR.

Dekabr. Gos-goýy asmandan ýere
Aýaza bäs gelmän inýär akja gar.
Ap-ak zemin ümsümligne hiňlenip,
Gursagymda duýgularym ykjaýar.

Ak gar armanyma duz sepeleýär,
Serime getirýär ýatlamalary.
Bilýän, belki, küýseýänem dälsiň sen,
Isleýänem dälsiň ýatlanaryňy.

Men bolsa henizem se...

Dowamy »

388 0
Edebiýat, 1 year ago


Bloknotymdaky setirlerden

• Adamlar köpri gurmaly ýerlerinde diwar gurýandyklary üçin ýeke galýarlar.

• Alkyş etseň ýarysy özüňe siňer, gargyş etseň barysy. #nakyl

• “Ruhum ardy ýedi müň ýyl usurgap,
       Men halys ýadadym aýralyklardan...”
                                  Seýitmyrat Geldiýew

• Çekilýän zatlar...

Dowamy »

564 2
Edebiýat, 1 year ago


KAKAMA

Selçeňläpdir, gyrawlapdyr saçlaryň,
Ýyllar maňlaýyňa salypdyr gasyn.
(Ulaldymmy, oňaldymmy — bilemok)
Kaka, juda eziz eşdilýär sesiň.

Çagalykda gazabyňdan gorkardym,
Indi maňa ýat bolupdyr o gorky.
Hany, ýene gazabyňa tutsana,
Öňküje ogluňa dönerin, belki.

Gözýetimi nazarlaýa...

Dowamy »

523 2
Edebiýat, 1 year ago


NÄMEDIR BIR ZAT...

Nämedir bir zada howlugýan ýaly,
Nämedir bir zada umyt edýän men.
Nämedir bir zada ýetip barşyma,
Hem nämedir bir zatdan-a gidýän men.

Hiç maza berenok nämedir bir zat,
Nämedir bir zatdan kineli ýörün.
Kalbyma ynjalyk bererim ýaly,
Nämedir bir zad-a etmeli borun.

Bu mymyk gij...

Dowamy »

398 1
Edebiýat, 1 year ago


SENI KÜÝSEDIM

Gussam gursagyma sygmadyk çagy
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
Asman gözýaş döküp, diňmedik çagy
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Ýelleň şuwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Gülleň uwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Adyňa, özüňe mesgendi dünýäm,
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.

Gö...

Dowamy »

505 0
Edebiýat, 1 year ago


ADYM

Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.

Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.

Dowamy »

436 0
Edebiýat, 1 year ago


GORKÝAN...

Gorkýan. Özümi unudaryn diýip gorkýan... Bu dünýäň hödür edip biljek ajaýyp we o diýen ajaýyp däl zatlary üçin açyk bolan günlerimi unudaryn diýip gorkýan. Wagtyň geçmegi bilen ýüzümde adamlara bolan ynamdan, mähirden nam-nyşan galmaz öýdüp gorkýan. Adamlara hem duýgulara, hamana, öz bahasy bar bolan haryt hökmünde garap başlaryn öýdüp gorkýan. Şu...

Dowamy »

541 3
Edebiýat, 1 year ago


ÝAZHA-ÝAZ!

Oňat döwür boldy,
Indi goşgyny
depder-depder edip, çem gelen ýazýar.
Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy,
Zehinden binesip çöňňeler ýazýar.

Her ýyl yglan edilende bäsleşik,
Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip,
Utanç-haýaň serhetinden ätleşip,
Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar.

Dowamy »

634 5
Edebiýat, 1 year ago


AGLAMA, ÝÜREK, AGLAMA!

Saňa ot salan aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!
Aglasa, galam aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!

Gep ýaýradar görip-bikär,
Şyltagyndan içiň tütär,
Sen aglasaň, bar zat guta:r,
Aglama, ýürek, aglama!

Halys irdim puşmandan-a,
Rehim bolmaz duşmandan-a,
Köp arzuwlar paşm...

Dowamy »

444 0
Edebiýat, 1 year ago


Iki duýgy

Bu gün sözler jylawsyz atlar ýaly... Öňler ynsanlar üçin aglardym. Hasam ýaşlar üçin aglardym. Gyzlar üçin aglardym. Edil böwrüme saplanan pyçak ýaly ýaralaýardy gözlerimi köçede işleýän gyzlar. Sowuk gyş howasynda köçäň çetinde sübse bilen palçyk süpürýän eneler, olaryň çagajyklary üçin aglardym. Edebiň, haýanyň, namysyň, hakykatyň aramyzdan ýuwaş...

Dowamy »

617 7
Edebiýat, 1 year ago


GURBANDURDY ORAZOWYŇ «HIJRAN HALKASY» SÖÝGI SONETI

Saňa aýdasym gelýä…
Şelpesin ýel öpen tuduň astynda.
Aýly gijelerde ýalňyz galýanym.
Näme hakda oýlanýanym aslynda.

Saňa aýdasym gelýä…
Syrly gijelerde uky bermedik
Duýgularmyň terdigini, päkdigin
Biýaradan jyklap ýatan terne deý.

Gözbaşyny görejinden getirýän
Yşk şema...

Dowamy »

467 1
Edebiýat, 1 year ago


YLHAM JEPASY

Gör, näçe wagt daşlaşdym men şygyrdan,
Soňky wagtda ýazylanok kyssa-da.
Baglaň guran ýapraklary şygyrdap,
Ýogsam, kalba degip geçýär gussa-da.

Honha, tanyş ýeller tanyş köçede
Birçakky deý gezip ýörler aýlanyp.
Birin ýalkap, bir ykbaly keç edip,
Yzda galdy ýaşlyk-joşgun...aýralyk.

Dowamy »

429 1
Edebiýat, 1 year ago


.........

SARP BOLMAK

Aýtmaly zatlaryň ýaryny aýtdym,
Galan ýary bolsa galar aýdylman.
Eý, ýyllar, karary giden göwnüme
Jaý tapylar iki dünýäň haýsyndan?

Gözümiň gabaklap ýygnan zatlaryn
Çanaklap kellämiň ýadyna guýdum.
Ýaňy ýaşlygymyň ortalan wagty
Ahyrlap ýör öýdýän bagta umydym... <...

Dowamy »

691 18
Edebiýat, 1 year ago


Durmuş — meniň basgançagym

(Sonetler çemeni)

I
Salam, Durmuş!
Men bir Taňry myhmanyň,
Men şol öňki — kalby joşgunly bende.
Günüň guçup, alkymyndan ysganym,
Söýüp ýören her pursatda, her demde

Hawa, şol men — tanap bilmedik hetdin,
Ýele-göge sowran ýaşlygyn, döwrün.
...Men özümden täze adam döret...

Dowamy »

484 0
Edebiýat, 1 year ago


KWAZIMODA

Kellä geýgin köpçüligiň ulanýan ýerini! Atasyndan terbiýe, enesinden edep görmedik, samsyk blýat! Iliň gargyşyny alyp, baý, baýnarsyň-a sen, binamys ýebannyý!..

Dowamy »

1007 49
Bilim, 1 year ago


...

Huşumdaky zatlar düýşümde gaýtalanýar. Düýşümdäkiler huşumda bolup dur. Gorkunç-gorkunç ýagdaýlar özem. Samraýan. Basyrganýan. Panika düşýän hiç zat ýok ýerden. Käbir gürrüňlerime ejem gözüni tegeläp ugrady... Köne tanyşlar, hem düýşüme girýär, hem köp ýatladýar... Arada 4 ýyl bile ýaşan komnatdaşym ýogaldy tragiki ýagdaýda... Olam ýygy-ýygydan düý...

Dowamy »

892 27
Sorag-jogap, 1 year ago


МАМА (текст песни Зарина Тилидзе)

Мама, мама, мое сердце, я твои целую руки.
Мне с тобой тепло как в детстве, я люблю тебя!
Образ твой года не старят,
Серебро в висках пусть тает.
И усталости не знает век душа твоя.

Как люблю твой голос, нежный мама.
Мне молитвы ты шептала.
Их к разлуке так мне не хватало.
Бог храни те...

Dowamy »

488 2
Edebiýat, 1 year ago


“Namyradam, nädeýin...”

“Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider”
Mätäji

Namyradam, nädeýin, namys-ar elden gider,
Gün kibi çoýundygym, mähri bar elden gider,
Köňül sazymny çalgan goşa tar elden gider,
Gursagy dar, kalby ýaz, göwni gar elden gider.

Ajy ýaşa gark bolup, syrykdygym gözlerden,
...

Dowamy »

549 2
Edebiýat, 2 years ago


□□□

Aňyrsyna göz ýetmeýän dünýädiň,
Menem şol dünýäniň gyrajygynda
Gurjagyn aldyran çagajyk ýaly,
Ahmyrym ýygşyryp garaçygymda,
Delminip, delmuryp, boýnumy burup,
Galdym ýuwudynyp, teý alaç tapman
(Hemem haýran galyp näzijek kalpla —
Bilmedik nädigin göwnümi ýykmaň),
Gozgadyp gursakda berç tutan a...

Dowamy »

566 4
Edebiýat, 2 years ago