Talhatanbaba

Talhatanbaba metjidi Mary welaýatynda ýerleşýär. Ýadygärligiň gymmatlylygy onuň arhitekturasynyň arassa we oňat saklanandygyndan ybaratdyr.
Metjit birneme uzaldylan desga bolup (18 X 10 metr), onuň gümmeziniň dik aşagyndaky mährap giňişligi (7,30 X 7,30 metr) we iki gapdalynda iki sany sowa giňişligi bar. Sowa giňişlikleriniň üstüni balhy gü...

Dowamy »

677 6
Edebiýat, 2 years ago


Il arslanyň ýadygärligi

Köneürgenç etrabynda, Daşgala bilen Tekeşiň ýadygärliginiň arasynda bu ymarat Horezmşasy Il Arslanyň (hökümdarlyk eden ýyllary 1156-1172) we din alymy, filosof Fahreddin Razynyň atlary bilen baglanyşdyrylýar. On iki gyraňly gümmezi bolan bu ymarat Orta Aziýa arhitekturasynda seýrek duş gelýän binadyr.

Bu gurluşygyň diwarlary daş ýü...

Dowamy »

516 1
Edebiýat, 2 years ago


Gurbannazar Ezizow - Magistral

Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.

Söýgi günleriniñ adaty, ine:
Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy,
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.

Her hal säher tüm çeti...

Dowamy »

541 0
Edebiýat, 2 years ago


EÝFELIŇ TARYHY

Häzirki wagtda Parižiň alamaty hökmünde dünýä meşhur bolan Gýustaw Eýfeliň bu diňini ilkibada ykrar hem etmändirler. Fransiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary oňa biderek zat hökmünde seredipdirler. Ýöne tiz wagtdan onuň şöhraty diňe Pariže ýa Fransiýa sygmandyr. Ol dünýäni aňk edip başlapdyr.

Bu diň 1889-njy ýylda Beýik rewolýusiýanyň 100...

Dowamy »

510 0
Täzelikler, 2 years ago


Howasy Ýeriňkä meňşez täze planeta tapyldy

Alymlaryň halkara topary NASA-nyň reaktiw hereketi Barlaghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýeriňkä meňzeş howaly täze eksoplanetany açdylar.
«TOI-1231 b» diýip atlandyrylan täze planeta Ýerden 90 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we «M» klasly karlik ýyldyzynyň daşyndan aýlanýar. Ol Ýerden uly we Neptuna meňzeş. «TOI-1231 b» öz ýyldyzyn...

Dowamy »

535 0
Täzelikler, 2 years ago


Adamyň gülüşine seredip onuň häsiýetini bilmek mümkin.

Gülýän wagty ýokarky dodagy aşaky dodagyna degip dursa, bu adam durmuşda hemmäniň dykkat merkezinde bolmagy isleýändir.

Gülýän wagty agzyny eli bilen ýapyp durýan bolsalar, onda öz güýjüne ynanmaýan, çetde durmagy dogry hasaplaýan adamlardyr.

Kellesini arka taşlap gülýänler ynanjaň, sada, köplenç kalbyna gulak asyp iş...

Dowamy »

638 6
Täzelikler, 2 years ago


Sylapberdi Muhamow - Eşegiň süýdi (hekaýa)

Alabahar günleridi. Goňşy oba toýa gidip gelen Ilmät aga ýylgyryp gapydan girdi.
- Keýwany, Alla jan işiňi ugruna etse, şeýle bolýandyr-da, indi seniň dert çekip ýören günleriň yzda galaýjak öýdýän.
Aýtäç eje gurak üsgürip:
- Kakasy, tüweleme senem bir enaýy, her dürli gep tapaýýaň-diýip, kynlyk bilen ýylgyrdy.
Ojagyň go...

Dowamy »

756 1
Edebiýat, 2 years ago


Manyly sözler

Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlykdyr.
Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr. Ylym bilen edilen amal abraý getirer.
Ylym ýaly emir, paýhaslylyk ýaly ýaran tapylmaz.
Akylly amalyna bil baglar, akmak emeline.
Ylym öwren-körpelikde gaýym eder, ulalaňda emir eder, egri ýeriňi gönülär, ýalňyş ýeriňi düzlär.
Her bir...

Dowamy »

664 0
Edebiýat, 2 years ago


Beýikleriň sözlerinden

1. Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?

2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.

3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.

4. Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.

5. Haçan-da ýazmagy başarma...

Dowamy »

768 3
Edebiýat, 2 years ago


Gysgajyk degişmeler

“Jaň edeniňi görmändirin, telefonum sessizde durdy” diýenimde, ynanýan adamlara nebsim agyrýar.

*****

Otuz surata düşüp pozdukdan soňra ýüzüň däl-de ýüregiň owadan bolmaly diýen netijä geldim.

*****

Pasportdaky suratdan gorkunçrak surat diňe pasportyň kopiýasynda bolýar.

***...

Dowamy »

904 0
Edebiýat, 2 years ago


Uçaryň döreýiş taryhy

Asmana göterilip bilýän, uçýan apparady ýasamak pikiri köp asyrlaryň dowamynda döräpdir. Ganatlar arkaly uçmak planyny ilkinji gezek Leonardo da Winçi düzüpdir. Leonardo da Winçi guşlaryň ganat kakyşyny synlap, guşlaryň uçuşyna esaslanýan enjamy ýasaýar. Emma bu enjam kämil bolmaýar. Leonardo da Winçiniň şägirdi onuň ýasan enjamynda uçmaga synanyşý...

Dowamy »

716 1
Edebiýat, 2 years ago


Dünýä gözeli 2021 kim?

19.05.2021ý.
Meksikanyň iň owadan zenany Andrea Meza indi «Dünýä gözeli» adyna hem mynasyp boldy. 26 ýaşly Meza 73 döwletiň wekilini yzda galdyryp, bu hormatly adyň eýesi boldy. Bäsleşikde ikinji orny braziliýaly, üçünji orny bolsa peruly gözeller eýeledi.

Meza asyl käri boýunça programma önümçiligini işläp çykaryjy. Ol baýrak...

Dowamy »

714 4
Täzelikler, 2 years ago


Geňdir dünýä

Kuweýtde ýekeje-de derýa, guýy we demir ýol ýokdur.
Rowaýatlar görä, Gerodat Bodrumda, Gomer bolsa Izmirde doglupdyr. Pifagor Guş adasynyň golaýyndaky Samos adasynda ýaşapdyr.
Biblos-dünýäde ilkinji finikiýa elipbiýiniň ýüze çykan Liwan şäheridir.
Dubaýda ýerleşýän dünýädaki iň ul...

Dowamy »

695 1
Täzelikler, 2 years ago


Kiçijik degişmeler

Biznes motiwasiýa:öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.

*****

You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…

*****

Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.

*****

Uborka etmegiň yzgiderligi...

Dowamy »

901 0
Edebiýat, 2 years ago


Welosiped barada

Welosiped sözüni ilkinji bolup, 1817-nji ýylda Fransiýaly Baron Karl Won Drez ulanypdyr. Latynça “Velox” (tizlikli) we “Pedes” (ýöreýiş, hereket) sözlerinden emele gelipdir.

Dünýäde iň köp welosiped Hytaýda bolup, 1,3 milliard ilaty bolan bu ýurtda 450 milliondan gowrak adam yzygiderli ýagdaýda welosiped münýärler. Ýer şarynda iň köp...

Dowamy »

666 0
Sport, 2 years ago


Haýyş sizden

Gaýrat edin dostlar newir açylan bloglar yzda galýa biderek boş temalar nämä gerek Sapa gerek bolsa Dostluk.ru da bar baryň şahsysyna habarlaşyň biderek boş tema döretmäň indi
(herkim mundan köp adam girýä diýip edenini edip aýlanyp ýörler welin size hudaýyňdan tap diýäýmek galyp dur...)

Dowamy »

585 2
Sorag-jogap, 2 years ago


Juwaz hakynda rowaýat

Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.
Gyz kämillik ýaşyna ýetende kakasy oňa ähli ygtyýary berip, ýanýold...

Dowamy »

632 0
Edebiýat, 2 years ago


Iň kuwwatly traktorlar

Oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri bolup, olar ekerançylykda hasyl ýygnamakda we ýerleri ekişe taýýarlamakda daýhanlara kömekçi bolup hyzmat edýär. Traktorlar, esasan, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda ulanylýar.
«Big Bud 16V-747»: uzynlygy 8,5 metre, ini 6 metre ýetýän bu traktoryň kuwwaty 1100 at güýjüne barabar. 16 silindrli...

Dowamy »

644 0
Tehnologiýa, 2 years ago


Çaýyň taryhyndan

Çaý dünýäniň köp ýurdunda gündelik sarp edilýän içgi hasaplanýar. Bu önümiň ata watany Hytaý hasaplanýar. Çaý sözi hem ähli dillere diýen ýaly hytaýçadan iki görnüşde geçipdir. Dünýä halklarynyň köpüsi bu içgini çaý, şaý ýaly görnüşinde atlandyrýan bolsa, köpüsinde «ti» sözi ulanylýar. Aslynda, bu iki söz hem hytaýçanyň başga şiwelerine degişlidir....

Dowamy »

541 0
Edebiýat, 2 years ago


Bazar Amanow (1908-1981)

Bazar Amanow Tejen etrabynda daýhan maşgalasynda 1908-nji ýylda eneden bolýar. 1924-nji ýylda Aşgabada gelýär. 1926-1929-njy ýyllarda Aşgabat teatr studiýasynda okaýar we ony gutaryp, Türkmen döwlet drama teatrynda artist bolup işe başlaýar. Ol türkmen sahnasynda Şahyryň (“Jahan”), Nedir şanyň (“Keýmir kör”), Osipiň (“Derňewçi”), Hysrow şanyň (“Hüý...

Dowamy »

545 0
Edebiýat, 2 years ago


Dostlar gayrat edin

@Hazar99, @aynura, @Yylgyn, @yashalym (ady agzalman galan bar bolsa size-de degishli)
Gayrat edin indi goyun how biderek mowzuk doretmeginizi, sizi seydyaninizi halayan yok how, gayrat edin ile peydalyrak zat doredin, acyn, bar onam onarmasanyz gaytalap gaytalap mowzuklar doretman indi, shu yerdaki agzalan haysy biri onaranok kop mowzuk acma...

Dowamy »

606 4
Sorag-jogap, 2 years ago


Bilesim gelya

Dostlar shol agzap gecen atly reprlerinizin haysylary DZ-ly bilyanleriniz barmy?

Dowamy »

679 4
Sorag-jogap, 2 years ago


Gutlag sozi

Salam dostlar, doğanlar, ağalar, jigiler hemmanizem yagdaylarynyz gowydyr diyip pikir edyan. Menem bugün bu yylda okuwy gutarjak okuwcylary gutlayyn diydim.

2021 nji yylda mekdebi tamamlajak ucurymlary "SONKY JAN" dabarasy bilen gyzgyn gutlayan. Mekdebi tamamlap yokary okuw mekdeplerine girjeklere synaglarynda üstúnlik, okuwy tamamla...

Dowamy »

707 1
Täzelikler, 2 years ago


Komek gerek

Salam gadyrly dostlar, doganlar, agalar, jigiler online gecirilyan sapaklara nadip gatnashyp bolyarka bilyaniniz bar bolsa manada owredayin

Dowamy »

662 7
Sorag-jogap, 2 years ago


Paýhaslar düwünçegi

Yhlas bilen özgeleriň bagtyny gözleýärkaň, öz bagtyňa duşýarsyň.
Platon.

Terjimeçilik bolmadyk bolsa, dünýäniň taryhy ýazylmazdy.
Merdok Kelli.

Gowy ýazýan awtorlaryň eserlerini okasaň, çeper sözlemegi öwrenersiň.
Ernest Hemingueý.

Adamyň mertebesiniň boýunyň uzynlygy bilen ölçelmeýş...

Dowamy »

724 8
Edebiýat, 3 years ago