"Men-ä şeýle bir şadyýan"

DURALGADA

Men-ä şeýle bir şadyýan,
Sen weli şeýle bir agras.
Seniň gözleriň mawumtyk,
A meniň gözlerim goňras.

Saňa kän bakmadyk bolýan,
Sende-hä beýle dözüm ýok.
Seň maňa öwgüleriň bar,
Ah, meň-ä saňa sözüm ýok.

Sen-ä uzyn, men gysgaja,
Şonda-da ýok mend...

Dowamy »

691 2
Edebiýat, 2 years ago


Türkmen sportunda täze sahypa döredi

Düýn, 27-nji iýulda Polina Gurýewa häzirki wagtda Tokioda geçýän Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolup, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medal gazanan türgen boldy. Ol agyr atletika sport görnüşiden 59 kg agramda çykyş edip, şeýle netije gazandy.

Ýeri gelende, türkmen agyr atletikasynyň halypasy, merhum Altymyrat...

Dowamy »

705 3
Sport, 2 years ago


"Seni unutmaga synanýandyryn..."

Şadyýan aýdyma hiňlenýän bolsam,
Ýa-da ele alsam depder-galamym,
Diýmek, onda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir alma ýaňagyň.

Goşgy ýazmak üçin ümsümje ýer hem
Owadan söz bolsa meniň gözlegim,
Şol pursatda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir ala gözleriň.

Tutuk asman ýaly t...

Dowamy »

609 5
Edebiýat, 2 years ago


Aýdyma öwrülen şygyrlar

Bolmasa
Saglyk bolar bu durmuşyň gözbaşy
Dünýä dardyr sagat janyň bolmasa.
Adam doýmaz berseň müň dürli aşy,
Saçagyňda bugdaý nanyň bolmasa.

Ýüregiň sap sakla ile garasaň,
Alkyş ýagar toý-ýasyna ýarasaň,
Lukman bolup hassa halyn sorasaň,
Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa.
...

Dowamy »

727 0
Edebiýat, 2 years ago


Aýdyma öwrülen şygyrlar

Dost
Oýlanyp saýlap al juwanlyk çagyň,
Gatnaşjak çyn dostuň dogandan beter.
Hiç dostsuz bilinmez barlygyň-ýoguň,
Ilki çyn dost gazan aş-nandan beter.

Çyn dost şärik at-abraýyňa, aşyňa,
Çyn dost hormat goýup geler gaşyňa,
Çyn dost bagt guşudyr, täç et başyňa,
Çyn dost derdiň aňar lukma...

Dowamy »

655 7
Edebiýat, 2 years ago


Goşgy

AÝDYM
Söýmese-de söýenim,
Gözüm ýolda goýaryn.
Hassa men, emim tapyp,
Bu söýgüden oýaryň!

Aldyryp huşum, aklym,
Saňa soragly bakdym.
Geçip müň bir synagdan,
Adyma Leýli dakdym!

Köretdiň, tutaşmadyň,
Alawly ataşmydyň?
Ykbalyňda nämüçin,
Men ilki sataş...

Dowamy »

634 6
Edebiýat, 2 years ago


Italmaz Akmyratdan goşgy

DIÝDIŇ SEN MAŇA
Gabat geldim sen näzenin jenana,
Sorsam «Başym boş-la» diýdiň sen maňa.
Öňem ýaşap gören ýaly hamana,
«Yşga başyň goşma» diýdiň sen maňa.

Durna ýaly sakdym, barladym yzyn:
«Başy boş däldir-le seň ýaly gyzyň?!»
Buýsançlyrak diýdiň:«Meniň ýek özüm!
Şu gün göwnüň hoşla» d...

Dowamy »

630 0
Edebiýat, 2 years ago


Gyz ahmyry

Başarmadym, bagyşladym ählisin,
Seniň dünýäň ýetilmejek ýer eken.
Gözýaşlamdan ýeňil geler barlygyň,
Mizan goýup özüň bilen deňeseň.

Bozmandy wadasyn dillenen ähtim,
Unutsa-da garaşmagyň parhyny.
Ykbalyma talaň salan sen bolup,
Goja dünýä silterläp dur çarhyny.

...Sönüp gitdi p...

Dowamy »

651 2
Edebiýat, 2 years ago


Ömür öwüşginleri

(Igor Agliýskiniň «Ýüz sözdäki durmuş» goşgusyna wariýasiýa)

Agy. Emzik. Sallançak. Düýş.
Hüwdi. Gundag. Galpak hem diş.
Selpeme. Oýunjak. Jigi.
Keman. Şänik. Aşyk. Jübi.

Mekdep. Ikilik, soň bäşlik.
Pökgi. Badak hem basdaşlyk.
Oýun. Ýaňsy. Dawa. Ýumruk.
Syrylan baş. Otly....

Dowamy »

791 10
Edebiýat, 2 years ago


Duşuşyk

«Men seniň ýanyňa geldim...».
Aýdymdan.

Kalby saplap köne kine-öýkeden,
Bu ne söýgi, agras başy ýaýkadan?!
Giň dünýäni açmak üçin gaýtadan,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.

Sen bilýärmiň: ýaşlyk näme, ýaş näme?
Tutuş ömre degýän täsin düýş näme?
Dideleňde öz-özüme duşmaga
...

Dowamy »

800 4
Edebiýat, 2 years ago


Sen hakda aýdaryn

Biljek ömri juda artyk söýüp-de,
Berseň eger özüň bilen çuň ykbal.
Hyýallaryň Ewerest deý beýikde,
Gözleriňde Marian ýaly çuňluk bar.

Ekwator deý guşak bolsam biliňe,
Demirgazyk polýusyňda gar bolsam.
Inkär etmen hyýallaryň birinem,
Ýer şarynyň bir ýerinde bar bolsam.

Nazarym d...

Dowamy »

661 0
Edebiýat, 2 years ago


Gark bolup barýan adamy nädip halas etmeli?

Öňem bir kişi säwlikde, gaýygy gark bolup barýan balykçyny halas edipdir. Ondan balykçyny nädip halas edendigi hakynda soranlarynda: “Kenara ýakynynda duran gaýygyň bir tarapynyň çöküp barýandygyny gördüm-de derhal ýüzüp baryp, assyna uzyn agaç diredim” diýip jogap beripdir. Soň on sany adam gelip, ýene şol sowaly beripdir.

Ol ýene...

Dowamy »

822 4
Edebiýat, 2 years ago


"Meýdimi öz yşkym bilen ýakdylar..."

Eleşan sazanda

Aýlanyp saz çalýaň köçeme-köçe,
Millet içre restoranda-barlarda.
Ýok, sen mes bolaňok al şerap içip,
Ýa minnet çekeňok ynjyk ýarlardan.
Sen — gedaý,
                   hiç kime eliň sereňok.
Sen Hudaý
                  hiç kime edeňok höküm.
Sen saz çalýaň sagy-s...

Dowamy »

696 9
Edebiýat, 2 years ago


"A sen aç-açan et etjek işiňi..."

Ýene saňa

Sen erkin bol, garşylygym ýok oňa,
Gijäň birmahaly dolan öýüňe.
Ajy tüsse gark etsin, goý, bedeniň,
Burç atyp iç restoranlaň meýine.

Näzini çek söýgä meňzeş gözelleň,
Ähli erkinligiň seniňki bolsun!
Men seni idegläp-yzlap ýörmerin,
Serhetleriň iti ysa meşguldyr.
...

Dowamy »

603 1
Edebiýat, 2 years ago


Goşgy

Duşuşyk

Düýnüm!
Otyrmysyň, oňşugyň neneň?
Şadyýan ýigitsiz kyn dälmi saňa?
Iş-alada bilen çolaşdym menem
Ýatdan çykdym diýip batmagyn gama.

…Gören söwütleriň öňküsi ýaly,
Şaglap otyr, gojalypdyr azajyk.
Durmuş dek akyp dur obanyň ýaby,
Şeýle bir güller bar reňki açyk.

Dowamy »

704 2
Edebiýat, 2 years ago


Goşgy

MEN BIR DAGDYM...

(Ahmet Bekmyradowyň ruhy
huzuryna bagyş edýärin)

Men — dag idim, pytrap gitdi daşlarym.
Men — bag idim, ýapraklarym uçurdym.
Begdim — bu gün girdabynda açlygyň,
Oýunçydym — döwlerimde utuldym.

Aşygam men — magşukdan zar eýledim.
Diwanadym — akyl tutdy...

Dowamy »

611 2
Edebiýat, 2 years ago


Diwanalaň aýdymy

(«Keremli söz» filmine ýazylan aýdym)

Sen diwana, sen dana,
Men diwana, men dana.
Aýýardan akyl alyp,
Sapak berdim şeýtana.
Ýöne aýdyň ahyry
Dünýäň manysy näme?
Huw hak, huw hak!...

Heý diwana, heý dana,
Diý diwana, diý dana.
Iýeniň bil dünýäde,
Geýeniň bil...

Dowamy »

682 4
Edebiýat, 3 years ago


Ýyldyzlaryň buşlugy

Okapdym bir ýerden: ençe ton howa
Üstümizden basyp duranmyş...
Ýogsam,
Ganat açaga-da, hakyt bizowal
Asman sary uçup gitjekmiş ynsan.

Saňa duşdum
Söýgi syçrap gözlerden,
Köňlümi kökensiz kökeren çagy...
Kirpikleriň bilen itip goýberdiň
Ýüregmiň üstünde kök uran dagy.

Dowamy »

769 4
Edebiýat, 3 years ago


ÇORY GÜLKÜSI — GOWŞUTGELDI DAŇATAROW

(Hekaýa)

Bu tragediýa eýýäm geçmişiň saralyp giden sahypasy. Muny maňa gürrüň berenlerem dünýeden ötdüler. Olara-da «köneler» gürrüň berenmiş. «Ýagşy edep – ýagşy däp, ata-baba döwrebap» diýipdirler. Gürrüň bermek gezegi meniňki.

Ony dokuz ýaşyndaka, çorluja goşaryndan tutup, Atabaý tümen diýilýän adamyň gapysyndan get...

Dowamy »

769 4
Edebiýat, 3 years ago


Tabyt — Gurbannazar Ezizow

(Hekaýa)



Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ý...

Dowamy »

743 2
Edebiýat, 3 years ago