Men gitýärin, doly oýyňdan öçüp
Ýalanlardan gaçyp... dünýäden gaçyp
Durmuşdan ýadadym, töhmetden irip
Indi bilýänläm hem, ýat bolman ölsün!

Näzleriň etme, indi çekmerin men,
Hawa sen bilýän, şol nejisdir men,
Doň ýürek, wepasyz, ýalançydyryn men,
Indi ýatlama, goý, yşk bolman ölsün!

Ýaşadym synagyň, agyr ýaýlalarynda
Zamanyň erwet zülüm, kynçylygynda
Ýaşadym umytlar, hyýalmyň içinde!
Indi ýatlama, goý, ýatlanlar ölsün!

Bagyşla, agrydan bolsam, diliňi
Kalbyňa şek ýetirip, bermesem emini
Eger durmuş diýip, taşlaýsam seni!
Indi ýatlama, ýatlamalar, ýat bolup ölsün!

awtor: Pälwan Akmyradow

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir