Ykbalyny ykbalyma catanym,
Saba yellerden gabanma meni.
Suyji gunlerime serbet gatanym,
Sahra gullerinden gabanma meni.

Gabanma, del gozlen garamagyndan,
Ozge bakyslar hic senkice bolmaz.
Sayrayarkan bilbil bolup bagymda,
Bagul sahalaryma ozge gus gonmaz.

Gabanma sen gürlänimde ÿylgyrsam,
Ýylgyrys gözellik beryar zenana.
Men nadeyin, alcak bolup doguldym,
Sebap dal ol beyle gabanylmagna.

Gabanma jak-jaklap gűlenimde-de,
Gülkim bilen bezäp ýörün bagtymyz.
Ynan, dünýäm, gabanara esas ýok,
Degşip-gülüşeli aýny wagtymyz.

Gabanma yar, taze koynek geyemde,
Aynanyn onunde dursam birsalym.
Taze lybasymdan gabanyp meni,
Diýýärsiň, bägüle edýärsiń çalym.

Gabanma sen goşgularňy okamda,
Özge gözler melul bolup seretse.
Eýsem, bagt dälmi ýagty jahanda,
Şygyrlaryň ýüreklerde ýer etse.

Seniňikdir, güle meňzeş ykbalym,
Gabanyp özüňi köseme, dünýäm.
Gama batsaň teň bolýar bu ahwalym,
Seniň meni juda söýýäniň bilýän...R
Perdegül Ereşowa
9.06.2021 13:31

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir