Başarmadym, bagyşladym ählisin,
Seniň dünýäň ýetilmejek ýer eken.
Gözýaşlamdan ýeňil geler barlygyň,
Mizan goýup özüň bilen deňeseň.

Bozmandy wadasyn dillenen ähtim,
Unutsa-da garaşmagyň parhyny.
Ykbalyma talaň salan sen bolup,
Goja dünýä silterläp dur çarhyny.

...Sönüp gitdi perwananyň oýny dek,
Ýalan dünýäň ahmyrynda galganym.
Sen beze bitmejek arzuwlarymy,
Menem seniň düýnleriňde aglaryn.

2014 ý.
A.Çaryýew

Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir