"Şol döwür şeýle hezildi"

Düýn dos oglan bilen balkonda arassa howada kofýajyk içip könäni ýatlap otyrkak kellä gelen setirler...


Çagalykda ýygnanmazdyk biz öýe
Gyşda gara güýzde ýagyşa ezildi
Aşykdyr paradyr malçokdur eýe
Şeýle bir çagalyk döwüri hezildi

Adamlar şadyyan azdy ýadaýan
Gurbanlykda hiñellik diýi...

Dowamy »

699 23
Edebiýat, Dogrudawalla tarapyndan 2 years ago

Ady ýadymda däl

Men sada oglan,
Türkmen dili dilim.
Şol dilde gepläp,
Aldym men bilim.

Türkmendigime,
Kemsinmedim hiç.
Men Türkmen diýip
Degsinmedim hiç

Kalbymyñ sazy
Dutar-gyjagym
Kükregimi oýkap
gerip gujagym

Bu yssy ülkäñ
Her garyş ýerin
Sö...

Dowamy »

473 5
Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago

Bugdaý we Patyşa

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym döwürlerde bir patyşa bar eken. Ol boş wagtlarynda awa gidip aw awlamagy halaýar. Patyşa bir gün awa gidende bugdaýlygyñ içinde sülgüni awlajak wagty sähel şemal bolup bugdaýyñ başy gymyldap sülgün uçup gidipdir. Patyşanyñ şeýle gahary gelipdir. Ol öz adamlaryna şol bugdaýlary orup aýyrmagyny buýrupdyr. Sap-sary bo...

Dowamy »

770 40
Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago

Peýdaly maslahatlar (bilýänlerimden. :)))))))

Salam! Men Xyivenia (gaýrat edip dogry oka "iksyvenia"
Men size bugün örän uly hem size köp peýdasy ýetjek maglumatlary paýlaşjak. Ilki bilen adam organizminden başlaýly. Ýagny saglyk bilen. Saglyk elmydama adam üçin birinji orunda durmalydyr.
1. Siz irden turup maşklary ediň. Näçe sagat hereketsiz duran myşsalaryňyz özüne geler.

Dowamy »

787 8
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago

Bir yashulynyñ aydan goshgysy.

Dul gezmekden yaman ish yok,
Bir yanyoldash alsam diydim
Parhy bolmaz garamy ak
Bir yassykdash bolsam diydim.

Ynha bir gun bagtym ishlap
Duçar boldum bir zenana
Habar gatdym hyrçym dishlap
"Yoldash bolsañ yor bu yana".

Taze tapan yarym bilen
Gol tutushyp oye geldim
Goya alma-...

Dowamy »

681 0
Edebiýat, soho tarapyndan 2 years ago

...

Çakylyk, habarsyz bir ýere barsaň,
Imtiýaz eýlegil otursaň, tursaň,
Bir nesihat bereý, pendimi alsaň,
Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma.

Çagyrlan ýere bar, otur-da turma,
Çagrylmadyk ýere barma, görünme,
Utanmaz adam dek süýrenip ýörme,
Buýrulmagan işni ediji bolma

Dowamy »

533 0
Edebiýat, Razymy? tarapyndan 2 years ago

Живите дружно

Öýke etmäliň
Men size ýüzlenýän eziz halaýyk,
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.
Őýke jan saglygna zyýandyr-zyýan,
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.

Ýagşynyň, ýamanyň içinde hasap,
Belki, bir bijaý söz-tötäni bir zat.
Jogap berjek bolup durmalyň dyzap,
Geliň, bir-birekden öýke etmäliň.<...

Dowamy »

499 3
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago

Ýetim oglan

Awtobus menziline tarap sallamlyja ýöräp barýardym.Tebigatda güýz pasly saralan ýapraklaryny zemine seçelemegini dowam etdirýärdi.Men bady gowşan düýe ýaly ädimläp barşyma awtomenzile ýetenimi bilmän galypdym.Barsam awtobusyň ugramagyna ýene bäş minut çemesi wagt galan eken.Wagtymy ýitirmän ýolugra dükandan içer ýaly agyz suw bilen ýolda güýmener ý...

Dowamy »

659 3
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

Ýüregiňiziň sesi

Bu hekaýa bir atýatakdan başga atýataga, bir ýaryşdan başga ýaryşa aýlanyp, seýislik edip güzeranyny görýän gezende adamyň ogly barada. Ol oglan orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýarka mugallymlary okuwçylara ulalanlarynda kim bolmak isleýändikleri, näme bilen meşgullanaslary gelýändigi hakynda öýde düzme ýazyp gelmeklerini tabşyrýar.

...

Dowamy »

644 5
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

"Men-ä şeýle bir şadyýan"

DURALGADA

Men-ä şeýle bir şadyýan,
Sen weli şeýle bir agras.
Seniň gözleriň mawumtyk,
A meniň gözlerim goňras.

Saňa kän bakmadyk bolýan,
Sende-hä beýle dözüm ýok.
Seň maňa öwgüleriň bar,
Ah, meň-ä saňa sözüm ýok.

Sen-ä uzyn, men gysgaja,
Şonda-da ýok mend...

Dowamy »

691 2
Edebiýat, A93 tarapyndan 2 years ago

"LAL ÝIGIDIŇ YKBALY" (Bolan waka)

Dünýäde her bir kişiniň on iki synasy sag bolup, mukaddes maşgalasyny özüne pena tutunyp bilmegi öçmejek bagtyň aýnadaky sudurymy-ka diýýän. Emma bu bagt ujypsyzja bolsa-da hemme kişä miýesser etmeýär eken. Şu ýerde sözüm gury bolmaz ýaly bir keç ykbally tanyş dostum hakynda gürrüň bermek isleýän. Onuň boý-syraty, tertibi, endigi tüýs özüňe görelde...

Dowamy »

666 0
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

DILGIR MEN

Zalym dünýe, maňlaýma
Ýazanlaňdan dilgir men.
Goşgy diýip, bir ýazyp-
pozanlamdan dilgir men.

Bagtyň deňinden ötüp,
Ýadadym şükür edip,
Oýlanyp, pikir edip
Gezenlemden dilgir men.

Bir halalhon ynsandym,
Azap berýär ynsabym...
Ownap barýan ýylsaýyn,
Gyş-ýazl...

Dowamy »

423 0
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Kämillik. [Nesihatly Hekaýa]

Bir zenanyň iki sany uly küýzesi bolup, olaryň her biri egin agajynyň bir ujun dan asylyp goý lan eken. Küýzeleriň birinde biraz jaýryk bolup, her gezek derýadan öýe gelýänçä, içindäki suwy ýarty bolup galýan eken. Beýleki küýze bolsa, abat bolup, öýe çenli dolulygyna barýan eken.
Bu ýagdaý bir näçe ýyl dowam edip, zenan öýüne diňe bir ýarym...

Dowamy »

660 1
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

Içiňdäki kinäniň agramy

Bir orta bilim berýän mekdebiň sylanýan mugallymy sapak wagty okuwçylaryna: «Meniň size bir teklibim bar» diýipdir-de, olardan «Siz durmuş barlag tejribesini geçirmek isleýäňizmi?» diýip sorapdyr. Çagalar şol mugallymy gowy görýän ekenler. Şonuň üçinem hemmesi bir agyzdan «bolýa-da, bolýa…» diýşip, ikirjiňlenmän, mugallymyň teklibini kabul edipdirl...

Dowamy »

623 2
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

Söýgüde bir, bir biregi aldamajak bolyň (bolan waka)

Başda oňa köpçülige öwrenişmek ýeňil düşmedi. Özi bilen deň oglan-gyzlar, deñ-duşlary oň bilen mähirli gürleşselerem Aÿnur olara goşulşyp gidiberenokdy. Az gürleýärdi. Agzyndan salamdan başga söz aljak gümänyň ýokdur. Ýöne, toparda ýeke özüň şeýle bolsaň, köplük derrew seni özüne goşaýýar. Aÿnuram soňabaka açylyp ugrady. Aramyza goşuldy. Asyl görüp...

Dowamy »

657 1
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

TOBA (Hekaya) 

Toba (hekaya) 

Togsan dokuz adamyñ başyna. ýeten rehimsiz bir adam bar. eken
Bir gün ol eden işlerini
ýatlap, gaýga çümüpdir we ylymly
bir adamyñ ýanyna baryp,
geçmişini gürrüň beripdir. Toba
edip, dogry ýola gelmek
isleýändigini, dürs ýaşamak
isleýänini aýdypdyr. “Ýöne,
munça a...

Dowamy »

614 1
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

Anna Jepbarow "Dost yok" mp3

Ýaşym bir çene bardy,
Gözlerim kän zady gördi
Bilmedim...
Her duşana dostdyr öýtdüm,
Öz gadrymy özim bilmän gezdim.

Indi edýarin men puşman,
Aldy sag-solum duşman
Bilmedim...
Kyn boldy meniň durmuşym,
Kän akdy gözimden ýaşym
Gizledim...

Ýok-ýok, gözim ýetdi...

Dowamy »

483 0
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago

Gaýtalanma (Kakamyrat Rejebow)

Gaýtalanma (Kakamyrat Rejebow)
Hiç ýadymdan çykanok...
Oglanjykdym ýaňy ýedi ýaşlyja.
Uzyn gije ýat tutup bir goşgujyk.
Gitdim men Täze ýyl dabarasyna,
Säher bile...
Deň-duşlarma goşulşyp.

Köplük başym aýladymy, bilmedim,
Nobat maňa ýeteninde, niçikmi,
Setir-set...

Dowamy »

597 5
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago

Ýaňyltmaçda ýalňyşmaň!

Ýaňyltmaçda ýalňyşmaň!
Ay, bujagaz copun tursumtyljadygyny.
°°°
Bir towsan ýapa ýarmashmakcy boldy, yzy bilen menem ýapa yarmasmakcy boldum.
°°°
Bu uzum tursumtylja uzum, tursumtylja bolsa-da, suyjumtilje uzum.
°°°
Ol tekjede mäş bar, bu tekjede das bar, mäşleşseň mäşleşjek, daşlaşsaň daşlaşjak.

Dowamy »

837 27
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago

KARZYM BAR

Taňrym saňa bir arzym bar,
Süýji güne zar edmäwer.
Enem-atama karzym bar,
Açyk gözlem kör edmäwer.

Meň nesibämi berewer,
Başym yamandan gorawer.
Hassa bolsam sorawer,
Seň syrkawyň hor edmäwer.

Gowy dostyň men intizary,
Gamda geçyär güniň bary.
Dileýan wepaly yary...

Dowamy »

671 1
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago