UFOLOGIYA. Gumanoidler ot islediler!
1989njy yylyn 2nji noyabry guni gije surujiler Oleg.K we Nikolay.B, KamaZ awtoulagynda Arhangelsk'den Moskwa tarap gelyardiler. Rayonyn Yemsa stansiyasynda olar yza aylanyp gechilyan yolda sowuldylar. Shol owrumlerin birinide ulagyn farasynyn yagtysy, yolun sag tarapyndaky garanky yerinde bir apet desganyn shekilini yagtylandyryp gorkezip gechdi....
Gorkana goşanyň goşasy görüner...
Gorkana goşanyň goşasy görüner...
Ir-säher bilen, güneş şuglalary, süýji ukuda ýatan Çarynyň ýüzüne mylaýym mähir berdi, myýmyk şemal bolsa emaý bilen sypalap geçdi. Edepli-ekramly çaga, gözlerini açyp, ýuwunmaga ýöredi, irdenki maşk, ertirlik-nahar, soňra bolsa mekdep-okuwyna. Çary adaty çagalar ýaly, emma onuň içki dünýäsi weli...
Ejeme gyz, bolup bilseň ;)
Gyzym diýip çagyrsa, how diýip galsaň
Kalbuna ýol tapyp, göwnüni alsaň
Ejemjan diýip ýüzlenseň, ýüzlenip bilseň
Iň bagytly gyzsyň, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)
Ejemjanyň göwni, gyz mährine zar
Üç ogul, bir gyz alyp, çeken kän azar
Şu sözüm unutma, unutma asla
Iň b...
Bu Watanda!
Öňe Türkmenistan...
Türkmenistan!!!
Bu watandaaa.
Bu watanda!!!
Geçmişe buýsanç, geljege höwes, döreýändir,
Bu watanda!!!
Asuda parahat, ak ýollardan, ýöreýän men,
Bu watanda!!!
Mert ýigitleriň, öçmejek ruhy, siňdendir baky,
Bu watanda!!!
Çalyşmaryn seni, hiç bir...
Dowrebap taze dini hereketler. Bahaizm.
Bahaizm ( arap. Al-Bahaiyla)-"taze asyryn" dini bolup, XIX asyryn ikinji yarymynda Yrakda dorapdir. Bahaizmin duybuni tutujy- Baha-Ulla-Allanyn yshygy lakamly eyranly dworyan Mirza Huseyin Ali Nuri'dir(1817-1892 yy). Bahait'lerin kopusi eyrandaky irki babizm'in yzyny eyerijilerdir. Babizm hereketi derbi dagyn edilenden son olar Yraga gachyp gidipdi...
“Seni görsem, niredendir bir ýerden...”
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Mylaýym sabalar düşýär ýadyma.
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Humarly sapalar düşýär ýadyma.
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Dowamly ýagyşlar düşýär ýadyma.
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Doňaklyk (bagyşla) düşýär ýadyma.
Seni görse...
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
(“Görogly” eposyndan)
Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn
Başyna täç etdi” diýgil daglara.
“Özün aýamady, çekdi ah baryn,
Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,
Arzuwy gezme...
Eneler ýylgyrsyn. Meredow Gurbanmämmet
Eneler ýylgyrsa açylar güller,
Saýraşarlar saýramaýan bilbiler,
Eneleň ýylgyrşy ýyladar dünýäň,
Eneleň ýylgyrşy tutuş bir dünýä,
Eneler ýylgyrsa açylar göwün,
Dikelip, boý alar saralan, bägül,
Eneleň ýylgyrşy unudar gussaň,
Eneleň ýylgyrşy dermandyr hassa.
Eneler ýylgyrsa şatla...
“KEMSINME, EZIZIM...”
Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.
Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.
Kemsinm...
Leýlisaç. Meredow Gurbanmämmet
Bu ümsüm gijeler tümli gijeler,
Gökde gözün gyrpýar, ýyldyzlar üyşüp,
Aşyklara hemaýatkärdir olar,
Saýrak guşlar bagtly boluň diýşip,
Owsun atýan köller ýuwaş tolkunyp,
Aýyň keşbin ýatyr üstüne gatyp,
Ýel öwsende, leýlisaçlar gorkuzyp,
Dymyp otyr olar niçe syr basyp.
Aşyklary b...
“Ýollar meni alyp gider...”
Ýollar meni alyp gider,
Dözer gider ýyllar maňa.
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.
Daga-daşa siňer ahym,
Hasratymy diňlär asman.
Syrlarymy alan baglar
Meni ryswa etmez asla...
Armanymy bagra basan
Otagyma gysylaryn.
Joşa gelen ýaz ýagşy deý
Ahyr...
Nädip unutmaly. Gurbanmämmet Meredow
Gitseňemä gitdiň, welin hoşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalykam?!
Bilmedim men senden asla daşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalyka?!
Wagt taparmyka munuň çäresin,
Tapyp bilmen elwredim därisin,
Görmändim men yşkyň beýle dälisin,
Indi seni nädip unutmalykam?!
Hat-da gijelerne goýman...
Gutlag dostuma Gurbanmämmet Meredow
Bagt guşy bolup girsin gapyňdan,
Alyp gelsin mähir bilen söýgini,
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.
Öýlerňize bagt nuruny çaýsyn,
Gülki dostuň bolsun, üstünlik hemraň,
Esasy zat polat deýin jan-saglyk,
Başyň dikläp gezip ýörgün sagaman.
Ömrüň der...
Haýsu saýtlarda mùmkin bolsw?!
Salam dostlar men öz döreden goşgularymy mp3 format görnüşinde saytlara ýükläp paýlaşasym gelýär ýöne haýsy saytlarda ýukläp bolýarka? Köpçülikleýin paýlanar ýaly bir maslahat beriňdä indi dostlar!
Adym...
Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.
Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.
...
“Sen düýşüme girdiň...”
Sen düýşüme girdiň ― öňküje bolşuň,
Öňkiň ýaly süýji gürrüňler edip.
Menem hezil edip gulagym asdym,
Özüm dymyp, seni bolsa gürledip.
Sen-ä saçlaryňy şemala berip,
Ýöräp barýarmyşyň arzuwma tarap.
Menem seň yzyňdan galman barýaryn,
Kä yzyma garap, kä saňa garap.
Sen-ä köpmanyly...
“Ýüregime düşünmediň...”
Ýüregime düşünmediň,
Bakdyň gitdiň kese-kese.
Günämidi ýürek pahyr
Boluşyňa düşünmese?!
Sözleriňe yşkdyr öýtdi,
Yşkdyr öýtdi gülüşiňe.
Seň adyňy ýazypdy ol
Özüniň her ülüşine.
Urmasyny tizlendirdi
Bir zatjyklar ýazan çagyň.
Eräp gitdi, akyp gitdi
...
Gidäýdiň-le, gyz!..
(10.01.2013ý. Dostum Amanyň söýgülisi öz janyna kast etdi ― dünýeden ötdi.)
Gara syýa çyrşap ömür sahabma,
Bu gün ykbalymdan gidäýdiň-le, gyz!
Näme sebäp, düşünmedim hasabňa,
Gözlerimden baky ýitäýdiñ-le, gyz!
Sesiň mukam, diliň dutar-tardy, wah,
Nähak gürrüň ömür gülüň gyrdy, wah,
Gö...
ÖZGERIŞ...
Çaga wagtym ejem saýlap bererdi,
Meň üstüme geýjek ähli geýimimi.
Üýtgederdi rahat, täze eşikler,
Päk durmuşa bolan ähli meýlimi.
Çaga wagtym Kakam saýlap bererdi,
Aýagyma geýýän ähli köwşümi.
Ol bilen ýöremek juda aňsatdy,
Ýoluma düşerdi nurly öwşüni.
Ulalam soň galdy beýle he...
"Bir gyzyñ yhlasy ar alýar menden"
Aý indi Pegasyn teklebi boýunça düzüldi, biderek zametkada goýman paýlaşaýyn diýdim...
"Bir gyzyñ yhlasy ar alýar menden"
Soñky döwür näme üçin aladaly men
Gije gündiz gezýärin ukysyz çenden
Käte gelýär pikirler üýtgeşikden geñ
Bir gyzyñ yhlasy ar alýar menden
Geçen ýollarymda kändim...