Gürrüñdeşlik

Salam. Kimler onlaýn

Dowamy »

854 78
Sorag-jogap, 2 years ago


Gördüňmi?

Eliňden gidirip arzyly zadyň,
Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?
Gözden gam inende, soralsa halyň,
"Aý, gowy-la" diýip aldap gördüňmi?

Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?
Gülkiňe gussaňy ga:ryp gördüňmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?

Gör...

Dowamy »

918 77
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-15 (powest)

Gökböri ýaýdandy.
― Nirä? Nämüçin? Men şumatjyk gelip durşum ahyry... Men entek dyzymam epemog-a...
Oňa çenli Omar-a öýünde ýok ekeni welin, Osman, Annuşka we başga-da birnäçe goňşy-golamlar, üýşüşip geldiler. Çaga-çuga, garry-gurtular ýygnanyşdylar.
Nämeleriň bolup geçýändigine, gelen adamyň kimdigine, häzirlikçe jaýyň içinde...

Dowamy »

682 18
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-14 (powest)

* * *

...Ellinji ýyllaryň aýaklarynda kolhozçylar täze posýologa çykdylar. Peleň awçynyň köne ýurdunda, indi ejesinem ajala aldyryp, ýeke özi ýaşap ýören Zerkäkilede Omar daýysy öz ýanyndan ýer alyp berdi. Osman ikisi oňa bir özi girip çykar ýaly kiçiräjik, täze tipli, polly-potolokly, üsti şiferli jaýam salyp berdiler. Oba guramala...

Dowamy »

697 12
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-13 (powest)

* * *

― Şundan bir ýüz ýetmiş bäş kilometrlikde edil şular ýaly bir oba bar ― diýip, Roza özüniň uzak bolar öýden, emma juda basym gutaran gürrüňine başlady. ― Elini çen bilen lagere tarap salgady. ― Gapdalynda-da edil şular ýaly lager bar. Men başda şol obada ýaşaýadym. Aslymyz Irkutskili. Men ýaşlygymdan ýetim galdym. Ýeke özüm. Do...

Dowamy »

689 14
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-12 (powest)

Gep gutardy. Myhman alyşlarynyň düzgüni şeýlemi, o-da kireýiň içinde bamy ýa myhmanlaryna nebsi agyryp şeýtdimi, Anna Iwanowna hemmeleri stoluň başynda oturdyp nahar guýdy.
Aýallar nahar başynda-da adam-a bir gezekden ýelmediler. Şondan soň olaryň dilleri hasam açylyşdy. Tebip myhmanlaryň nähili ykballary bilen gyzyklandy.
Omar bar za...

Dowamy »

800 13
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-11 (powest)

13.

Gökböriniň gidenine köp wagt geçmänkä, Aksoltanyň köpden bäri galman ýatan agasy Aman ýogaldy.
Uruş ýyllary merhumy jaýlamaga erkek adam tapylmansoň, öwlüýä köplenç aýal-gyzlar, hatda çaga-çugalaryňam ekabyrraklary giderdiler.
Indi ýagşy. Frontçylaryň kem-kemden gaýdyp gelmekleri bilen, o ýagdaý kadalaşdy. Ýaramaz...

Dowamy »

782 8
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-10 (powest)

Dodaklary çommaldy, ýöne, içinden aýdandyr-da, gymyldamady.

* * *

Zerkäkil milisiýanyň naçalnigine garaşmaly bolmady. Ol ýerinde ekeni. Asyl, o agşamky waka zerarly öýüne gitmänem eken. Zerkäkilem, ol derhal kabul etdi.
― Bar zatdan habarym bar, jigi, ýöne, edibiljek kömegim ýok. Men entek ony «psihiatra» görkez...

Dowamy »

765 16
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-9 (powest)

12.

Peleň awçy oturan ýerinde uklap galdy. Özüne nähili kyn soragyň beriljekdigini aňmakdan ýaňa gapdalynda bir düýrmek bolup oturan ejesine tarap Gökböri ilk-ä soragly garady, soňam ýuwaşja, ýöne güňleç seslendi.
― Ýeňňem görnenok-la, eje?..
― Ýeňňeň ýaranok... ― diýende, Towşanyň dodaklary kemiş--kemiş etdi.
―...

Dowamy »

710 9
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-8 (powest)

* * *
...Otly gelýä çyraly,
Içi doly ýaraly.
Serdarymyz Ysdalin,
Paşistleri gyraly.

9.

...Howwa, uruş gidip durdy. Ol hernäçe alysda bolsa-da, ýalnynyň howry Garagumuň iň bir çetki obalaryna çenli gelip ýetýärdi. Tyldakylaryň ýüzlerine çabraýardy. Halk onsuzam hor, açdy. Hususanda ekleýjiler...

Dowamy »

777 16
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-7 (powest)

Barybir o ýere baranyňyzdan soň aýrarlar. Tak çto... 

8. 

...Hupbatly günler başlandy. Hä diýmänem gyş düşdi. 
Gazy-haşar işleri gelip ýetdi. 
O-da bu ýyl eli pilli ýigitlerini urşa ugradan gyz-gelinleriň, eneleriň başyndan indi. 
...Raýonyň ähli obalaryny suw bilen üpjün ederlik suw sygymy bolan e...

Dowamy »

712 9
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-6 (powest)

Bu ― oňa Aksoltanyň öz eden pendi. Ýagny, ugratjak wagty ol maý tapyp, özüniň gelejekki giýewsine: «Adyna hat ýazyp, suwjuk çözler bilen gyzy uýada goýup ýörme, Böri jan, öýüňize ýazaňda bize-de salam aýt, boldy şol. Biz düşüneris» diýipdi. 
Asyl ol başda-da Gökbörä: «Halaşdyňyz, taň etdiňiz. Men garşy däl. Birentekleri ýaly duşuşjak, öpüşje...

Dowamy »

750 10
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-5 (powest)

...Hä diýmän onuň gulluga gitmeli wagtam gelip ýetdi. 
Agasynyň öňden edip goýan sargydyna görä Gökböri ýaňky ýaly ikiçäk duşuşyklaryň birinde Zerkäkiliň çat maňlaýyna geçdi-de: 
― Özüň bilýäň, Käkil, men basym gitmeli. Üç ýylam az zat däl. Senem basym mekdebi gutararsyň. Mugallymlar seni öwýärler. «Gowy okaýa, instituta gitse, alymam...

Dowamy »

719 13
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-4 (powest)

3. 

...Oglunyň işden gelenini aýak sesinden aňan Towşan süssenekläp daş çykdy. 
― Geldiňmi oglum? 
― Geldim eje. Akgam öýdemi? 
Towşan pagsadan salnan iki otagly jaýyň maňlaýyndaky «egen--tegene» tarap elini salgady. 
― Akgaň-a şoň içinde bir zatlara güýmenip otyr. Kakaňam jaýda. Ikisem iýmän-içmän saňa ga...

Dowamy »

639 5
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-3 (powest)

― Dogumlyja gyzdygyn-a şo wagtam aňdym welin, edil bular süýji nahar bişirilbilýändir, aş kesip bilýändir diýip dag-a oýuma-da getirmändim. 
Şondan soň Gökböri özi hakda gürrüň berdi. Mekdebi üç ýyl mundan öň tamamlandygyny, şondan bärem kolhozyň başlygy Meretli aganyň «woýenkomad» bilen gepleşip, ýeke-täk traktorçy hökmünde özüni gullukdan...

Dowamy »

679 3
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri-2 (powest)

Zerkäkil çöpüniň ýüpüni çözmänem unudyp, aýal-gyzlaryň sesleriniň gelýän tarapyna tutdurdy. Hüňürdisini welin kesmedi. 
Bu wagt ümür gutarnykly sabapdy. Tüýs: «Ümürli günüň öýläni» diýleni boldy. 
...Biz ýaňy howlukdyk. Gökböriniň ýüz-keşbini aýdypdyrys-da, hüý-häsiýeti barada hiç zat aýtmandyrys.
Indi aýtsak, ol mylakatly, uly...

Dowamy »

673 3
Edebiýat, 2 years ago


Namys ýesiri (powest)

"Hormatly okyjy! 
Doly güýjümde işläp bilmändigim zerarly ýüze çykyp biläýjek käbir kemçilikler üçin ötünç soraýaryn..." 
Awtor. 

1. 

Ýurdy endireden tutha-tutlyk döwrüniň iñ bir aldym-berdimli ýyly bolan, müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň güýzi, adamlaryň göwnüne bolmasa, hemişekilerine garanda has gazapl...

Dowamy »

703 3
Edebiýat, 2 years ago


Söýginiñ işimi?

Salam agzalar. Men bu mowzugymda bir meseläni gozgap geçmekçi.
Ine, bir oglana söýgülisi ikilik edýär. Bu oglanam muña gahary gelip, gaharyna döz gelip bilmän öz söýgülisinem, söýgülisiniñ ikilik eden oglanynam öldürmäge çenli barýar. Bilýäñiz şeýle oglanlar bar. Indi munuñ şu işi hak aşyklygyñ edýän işimi ýa-da gaharyna erk edip bilmeýän öt...

Dowamy »

1217 77
Sorag-jogap, 2 years ago


Dürdäneler

®Şowsuzlyk gutarnykly ýazgyt däldir.

®Başgalaryň ýalňyşlyklaryndan sapak al. Ählisini özüň eder ýaly ömrüň uzak däl.

®Hiç-haçan bir zada göwnüýetmezçilik etmäň. Nokadam gaty kiçi zat, ýöne uly sözlemi jemleýär.

®Her göreniňe ynanyp ýörme, duzam daşyndan şekere meňzeýändir.

®Barlygyňda sen...

Dowamy »

595 1
Edebiýat, 2 years ago


Suratkeş

Bir ökde suratkeşiñ şägirdi okuwyny tamamlapdyr. Suratkeş şägirdini ugradanda suratlaryny şäheriñ iñ bir köplük ýerinde ýerleşdirmesini we ýanynda-da bir gyzyl ruçka goýup, halkdan halamadyk ýerlerine X goýmalary üçin ýazgy taslamasyny buýrupdyr. Okuwçy birnäçe günden soñ, onuñ X-lardan doludygyny görüpdir. Muña bozulup halypasynyñ ýanyna gidipdir....

Dowamy »

728 12
Edebiýat, 2 years ago


Setirler

® Ýoluñ egriliginden gorkma, päliñ egriliginden gork.

© Ol ýoluna näler seretjekdi, arman garny oña basjak ýerini görkezmedi.

® Wezipesi ulaldygyça, adamyñ halkyna hyzmat etmek mümkinçiligi köpelýär. A käte nähili bolýar? Onuñ wezipesi beýgeldigiçe, halkyn oña hyzmat etmek aladasy köpelýär.

© Käte käbir...

Dowamy »

602 2
Edebiýat, 2 years ago


Oz halamayan hasiyetin bar bolan kishini soymek

Meselem, sen men-menlik edip owunyan we sh.m. hasiyetli ynsanlary halanok. Sen birini halayan soyyan, onda senin halamayan hasiyetin bar. Emma sen ony shol hasiyetlerini halamazlygyña garamazdan soyyan. Sizin pikiriniz nahili? Bu soygumi ya bashga zatmy?

Dowamy »

793 19
Sorag-jogap, 2 years ago


Ýazgyt

Ähliñize salam! Meniñ bu mowzukda gozgajak bolýan meseläm:
Ýazgyt diýen zat barmy ýa-da ähli zat öz elimizdemi?
Haýyş edýän, her kim öz pikirlerini teswirde ýazaýsyn

Dowamy »

1091 98
Sorag-jogap, 3 years ago


Dogan harplar

Günlerde bir gün harplar üýşüp, özara jedele giripdirler. Olaryň hersi özüni iň gerekli harpdyryn öýdüp, döşüne kakyp öwnüpdir.
— Araňyzda iň ulyňyz mendirin! — diýip, «A» harpy magtanyp, orta çykypdyr. 
— Çünki men ilkinji bolup dünýä indim. Beýlekilerem ondan kem galmandyrlar-da: «Men-de, men!» bolşup, ýerli-ýerden galmagal turzupdy...

Dowamy »

747 5
Edebiýat, 3 years ago


Kitap we altyn hakynda

Kitap we altyn hakynda

Alym gije-gündiz dürler saçypdyr,
Söwdagär bir kaşañ dükan açypdyr.

Akyl-huşun jemläp ýazypdyr alym,
Söwdagär il aldap, bozupdyr pälin.

Kitabyñ yzyndan döräpdir kitap,
Söwdagär baýapdyr, il içi tütäp...

Alym wagt gelip ýogalan ahyr,
Söwdag...

Dowamy »

643 1
Edebiýat, 3 years ago