Salam! Men Xyivenia (gaýrat edip dogry oka "iksyvenia"
Men size bugün örän uly hem size köp peýdasy ýetjek maglumatlary paýlaşjak. Ilki bilen adam organizminden başlaýly. Ýagny saglyk bilen. Saglyk elmydama adam üçin birinji orunda durmalydyr.
1. Siz irden turup maşklary ediň. Näçe sagat hereketsiz duran myşsalaryňyz özüne geler.
2. Siz gaýnap duran suwa eliňizi urmaň, ol siziň eliňizi ýakar.
3. Siz gapyň arasyna eliňizi salyp gapyny ýapmaň, ol siziň eliňizi gapjadar.
4. Siz bir ýeriňiz agyrsa hökman lukmana baş tutuň. Öýdäki tapan tupan derman içip agyryňyzy güýjedäýmäň.
5. Suwa düşüp ýa gyzyp gelip sowadyjyň ýanyna barmaň, üşärsiňiz.
6. Siz kelläňizi diwara gatydan urmaň, kelläňizi agyrdarsyňyz
7. Siz ýeke özüñiz goş salynýan mebeli göterjek bolmaň, birden ýerinden gozgadyp üstüňize gaçyrmagyňyz mümkin.
8. Siz gaharyňyz gelse eşikleri ýa öý goşlaryny ýere zyñyp zaýlamaň. Jübüňiz zaýlanar.
9. Bagyň ýuka şahasyna münjek bolmaň. Şaha döwülip ýere gaçarsyňyz.
10. Siz palçygyň içinden ýöremäň. Aýagyňyz palçyk bolar.

Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir