Ar alyş (degişme)

Señ yzyñda çapa-çapa,
Ýedi köwüş dargap gitdi.
Söýgim üçin gurban bolan,
Günler maña gargap gitdi.

Güjügñizden gaça-gaça,
Döretdim ullakan ýoda.
Itiñ çeýnän balaklarny,
Dikip-ýamap etdim moda.

Damagymdan hörek geçmän,
Sekiz kilo horlandym men.
Señ yzyña düşmezden...

Dowamy »

704 2
Edebiýat, 2 years ago


Kömek!

"Magtymgulynyň watancylyk temasy" şu düzme esasynda, 3-4 sany meýilnama düzüp beräýiň.
Öňünden Taňryýalkasyn!

Dowamy »

549 5
Edebiýat, 2 years ago


Öçe başlady...

Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen g...

Dowamy »

596 0
Edebiýat, 2 years ago


Käbäňdigini bil!

Öwredendir saňa agy, garany,
"Balam" sözi bitir her bir ýarany,
Her gün mähir bilen saçyň darany,
Ol mukaddes käbäňdigin bilginiň!

Durmuş aýry-aýry synar her kimi,
Bir ýerlere elter ýazgyt ýelkeni.
Her haçan ýykylsaň perişde kimin,
Ýetişjegin käbäňdigin bilginiň!

Şol bolmasa se...

Dowamy »

564 0
Edebiýat, 2 years ago


DIZAÝNER BILEN SÖHBETDE

Düýn bir dizaýneriñ öýüne bardym,
Hemem sargyt etdim geñiräk köýnek:
-Modasy ýitmeýän, hemmä gelişýän,
Hemem ýeñil düşsün gyş, ýazda geýmek.

Bolsun bahasy-da hemmä amatly,
Şeýle köýnek tikip bolarmy? - diýdim
Soragy bersemem, beripdim welin,
Jogabyna goşup tokmagam iýdim:

-Ol k...

Dowamy »

634 3
Edebiýat, 2 years ago


ULULYGYÑ NALASY

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka, uly...

Dowamy »

769 1
Edebiýat, 2 years ago


Saňa

Sen gideñsoñ ýyldyzlar hem öcdüler,
Gara bulutlar hem garşyma cykdy.
Göýä aý hem menden närazy ýaly,
Bulut añyrsynda gaşyny cytdy.

Bu gije mylaýym şemal öwsenok,
Bu ümsümlik menden seni soraýar.
Olara sen hakda gürrüñ berýärin,
Hemem seniñ ýatlamañy goraýan.

Diýýärler: "Gidenle...

Dowamy »

607 2
Edebiýat, 2 years ago


Durmuş sapagy!

Durmuş sapagy!
Garagol çaga kakasyny gaty gaharlandyrýardy. Etme diyenini edip. Et diyenini etmän. Ýyllaryň geçmegi bilen ýetginjek ýaşa ýeten çaga ýene kakasyny gaharlandyrjak iş edipdi. Muňa sabyr käsesi dolan kakasy Orazberdi aga ogluna:
- Adam bolmarsyn sen- diýip uly ses bilen gatyrganýar. Ogly hem bu gepi gaty görüp kakasyna gah...

Dowamy »

905 18
Edebiýat, 2 years ago


WAGT WE GELIN

...Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam şo gün...

Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün...

Dowamy »

815 7
Edebiýat, 2 years ago


Atsyz goshgy

"Gabanyan" diyemde,
"Gabanma" diydin.
"Aglayan" diyemde,
"Gamlanma" diydin.
Kate gowunlikdin
Ejiz kalbyma,
Kate gownum yykdyn,
Donup salgyma.

Goresim gelende,
"Sabyr et" diydin,
Shygyrlarmy okap,
"Gabyr et" diydin.
Duymadyn yuregmin
Ejiz galanyn,

Dowamy »

584 1
Edebiýat, 2 years ago


ÝALŇYZLYK

Ýalňyzlyk hakynda menem ýazaýyn
Sebäp – ýazýan köplük, ýazmaýan azlyk,
Başyňa iş düşer, janyň hem satdyr.
Muňa diýilýändir Kiçi ýalňyzlyk.

Otuza ýetensiň, Zürýadyň ýokdur.
Soň kyrkyň ujundan gädip ugransyň.
«Ilden ala-böle näme beýlekäm?»
Diýip, öz täleýňe özüň haýransyň.

«Kaka...

Dowamy »

579 6
Edebiýat, 2 years ago


Aý üçin petek

Aý üçin petek.
Awtory - Aýsapar Emelowa

Men aýyň atdaşy. Bir wagtlar ol meniň syrdaşymdy. Onuň maňa syrdaş bolmagyna kiçi wagtym enemden eşiden bir ertekim sebap boldy. Heniz mekdep ýaşyna ýetmedik gyzjagaz wagtym enem maňa garaňky asmany ýagtyldýan aý hakda bir erteki aýdyp beripdi.
“Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym,...

Dowamy »

590 3
Edebiýat, 2 years ago


Unutdyňmy?!

Garaýyşlaň, ne üçin sowuk,
Ne üçin dymýäň, ýüzüň sowup.
Öz ýanyňdan meni kowup,
Wadalary, unutdyňmy.?!

Ne sebäpden, näme bilen,
Baýlykmy ýa aklyň alan.
Ýollaryňa nazar salan,
Dideleri, unutdyňmy.?!

Düşünmek kyn, aklym haýran,
Tozap arzuw, umyt weýran.
Bagta sary u...

Dowamy »

568 1
Edebiýat, 2 years ago


Çyrşabermeli zat ýok

“Şygyr” diýip dile geldi,
Çyrşabermeli zat ýok.
Ynjyk bolar halkyň köňli,
Gurşabermeli zat ýok.

Hüýr waspynyň täri bardyr,
Ilki sora, ýary bardyr.
Gyz lebinde ary bardyr,
Ogşabermeli zat ýok.

Şygry bezeýän ýürekdir,
Ylhamyň söze kürekdir,
Setirlere görk gerekdir,<...

Dowamy »

598 1
Edebiýat, 2 years ago


Göwnüme degmäň

Kemçiligim basyp göni ýüzüme,
Artyk tarapymam pişik deý gömmäň!
Belli däl näçe gün ýaşajagymyz...
Akylly tanyşlam göwnüme degmäň!

Ýönekeý mysal bar durmuşdan alnan,
Söýjek! Köýjek! Aljak! Goýjak! Nä derdiň?!
Birden däldiresem günlerde bir gün
Begenermiň? Gynanarmyň? Nädersiň?

D...

Dowamy »

579 1
Edebiýat, 2 years ago


ADAM ÝEKETÄK JANDARDYR

Adam ýeketäk jandardyr,
Söýülip hem söýüp bilýän.
Yşgy bilen ganatmazdan,
Öz gözlerin oýup bilýän.

Adam ýeketäk jandardyr,
Yşk hesretin duýup bilýän.
Aç ýatsa-da öz ýarynyň,
Didesinden doýup bilýän.

Adam ýeketäk jandardyr,
Arsyzlygy aýyp bilýän.
Emma ähli namysyny...

Dowamy »

577 0
Edebiýat, 2 years ago


Kerim Hally

Adam men, ýalňyşym bilen söýmeli,
Jennetde päk biten gül bolup bilmen.
Ýigrenýänler bar diýip ne üçin köýmeli,
Hemmä ýarar ýaly pul bolup bilmen.

Baý däl, bagtlyny ýüzüme syldym,
Başarsam mert bolup gözlere ildim.
Men diňe bir güýje gul bolup indim,
Ynan özgelere gul bolup bilmen.

Dowamy »

923 1
Edebiýat, 2 years ago


SÖÝGÄ SORAGLARYM

Söýgi, sen gudratmy, şatlykmy, hasrat,
Perişdemiň ýa-da ýaradan senmi?!
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde,
Asmany, Zemini döreden senmi?!

Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürip, käte odun ölçerip,
"Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp,
Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!

Mež...

Dowamy »

617 3
Edebiýat, 2 years ago


Hayys!!!!

Salam hemma gowmysynyz?? Kim turk kinolary online gorkezyan sayt bilya??Vpnsiz.






@prenses

Dowamy »

722 7
Sorag-jogap, 2 years ago


Neneň oňat!

Neneñ oñat!

Şol ýagyşlar ýagyp ýör,

Şol güller gülleýär türkmen düzünde.

Şahyr söýgi setirlerni ýazyp ýör,

Senem ýaşap ýörsüñ ýeriñ ýüzünde!



Neneñ oñat!

Bu säherde gussam ýok,

Güllerde damjalar – misli bir dürler.

...

Dowamy »

590 0
Edebiýat, 2 years ago


Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme

Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Çydardan juda kyn söýginiň derdi.
Ol ejiziň asla golundan gelmez,
Yşk… müzzerder eken “men” diýen merdi.

Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Agtarmaly toslamalaň gatyny,
Geçmiş depderçesin reňklere boýan,
Ýatlamak islämok, söýgi hatyny.

Hatda, ne...

Dowamy »

646 1
Edebiýat, 2 years ago


Esger ýigit (degişme)

Ajap döwrümiň ýaşlary,
Dost tutunyp deň-duşlary,
Gulluk edip köp işleri,
Bitirýäňmi, esger ýigit?

Bildirmänjik çykyp çete,
Ýazýaňmy söýgiňi hata,
Wah, geçmejek bolup öte,
Oturýaňmy, esger ýigit?

Gözel gyzyň öwüp görkün,
Guly bolup ajap durkuň,
Daş ýolda-da elden...

Dowamy »

646 2
Edebiýat, 2 years ago


Söýme meni...

Söýme meni, eger oduň,
Doňumy çözmejek bolsa,
Söýme meni, seniň gämiň,
Deňzimde ýüzmejek bolsa.

Söýme meni, pikirleriň,
Ahwalym bilmejek bolsa,
Seni görüp didelerim,
Begenip gülmejek bolsa.

Söýme meni, seňýüregiň,
Zarym çekişmejek bolsa,
Garaňkyda- ýagtylykda,

Dowamy »

618 2
Edebiýat, 2 years ago


Eserlerde söýgi setirleri : Owadan söýgi

“Ol özüniň zenanyna diňe ýakynlygyna däl, eýsem indi ol pikirlerinde azaşdy, nirede söýeniniň başlap, nirede özüniň gark bolýanyny bilmedi”. (Lew Tolstoý “Anna Karenini”)

Söýgi — zenany has owadanlaşdyrýan, erkek adamy has güýçlendirýän, ruhuňy ýeňledýän, durmuşy gözelleşdirýän ýeketäk duýgudyr. (Fridrih Nisşe)

Dünýäde...

Dowamy »

679 1
Edebiýat, 2 years ago


Söýülýän adam

Yşkdan joşup goşgy-gazallar düzýän,
Ýürekden söýülýän, söýýän adamdyr.
Dünýäň gözelligine guwanyp gezýän,
Ýürekden söýülýän, söýýän adamdyr.

Durmuşdan öziçe geregin alýan,
Ýaryny görende mylaýym bolýan,
Ýaz kalby arzuwdan, mähirden dolýan,
Ýürekden söýülýän, söýýän adamdyr.

Çek...

Dowamy »

652 1
Edebiýat, 2 years ago