Çaga wagtym ejem saýlap bererdi,
Meň üstüme geýjek ähli geýimimi.
Üýtgederdi rahat, täze eşikler,
Päk durmuşa bolan ähli meýlimi.

Çaga wagtym Kakam saýlap bererdi,
Aýagyma geýýän ähli köwşümi.
Ol bilen ýöremek juda aňsatdy,
Ýoluma düşerdi nurly öwşüni.

Ulalam soň galdy beýle heňňamlar,
Kejirlikden barha kesilýän indi.
Köwşi özüm saýlap başlanym bäri,
Ýolum saýlap bilmän kösenýän indi...

Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir