Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym döwürlerde bir patyşa bar eken. Ol boş wagtlarynda awa gidip aw awlamagy halaýar. Patyşa bir gün awa gidende bugdaýlygyñ içinde sülgüni awlajak wagty sähel şemal bolup bugdaýyñ başy gymyldap sülgün uçup gidipdir. Patyşanyñ şeýle gahary gelipdir. Ol öz adamlaryna şol bugdaýlary orup aýyrmagyny buýrupdyr. Sap-sary bolup ösen bugdaýlaryñ hemmesini orup bir ýere üýşiripdirler. Aradan wagt geçen soñ Patyşa aýlanyp ýörkä ýañy orulan bugdaýlary görüp jyny düşüp, bugdaýlary urup döwmegini buýurýar. Bugdaý döwüpdirler, un emele gelipdir. Soñra unuñ üstüne ýagyş ýagypdyr, un hamyr bolupdyr. Patyşa has gaharlanyp, hamyry oda salyp ýakmagy buýurupdyr. Patyşañ adamlary palçykdan yokarsynda agzy bolan ojak ýaly zat salyp, ot ýakyp, ody sönensoñ bolsa hamyry böleklere bölüp şol tümmek ojaga salyp bişiripdirler. Ol tamdyrdan şeýle tagamly zadyñ ysy gelýädi, adamlar ony iýip görse ömründe bularýaly tagama duş gelmändirler. Patyşa hem çörekden duz dadypdyr we ony halapdyr. Şondan soñ Patyşa we halky bugdaýy özleri ekip hasyl alyp başlapdyrlar.

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir