Düýn dos oglan bilen balkonda arassa howada kofýajyk içip könäni ýatlap otyrkak kellä gelen setirler...


Çagalykda ýygnanmazdyk biz öýe
Gyşda gara güýzde ýagyşa ezildi
Aşykdyr paradyr malçokdur eýe
Şeýle bir çagalyk döwüri hezildi

Adamlar şadyyan azdy ýadaýan
Gurbanlykda hiñellik diýip gezildi
Herkim päk ýürekli azdy aldaýan
Näme üçindir şol döwür beýle hezildi

Ne telefon bardy, ne - de internet
Kagyza hat bilen söýüşip gezildi
Ne tuner kanallar, ne - de seriallar
Şonda - da şol döwür çensiz hezildi

Biri toy tutaýsa jamçylar barar
Palowly gazana tawak egilli
Sogan käşiriñi goñşular garar
Ýatlasak şol dõwür şeýle hezildi

Her ojakda tamdyr çörek nygmaty
Daýhanlar dert çekip hasyl ekildi
Ir iymişler bol elin diñe ýygmaly
Bir hili şol döwür şeýle hezildi

Häzirem hezildir çagalar üçin
Çagalyk döwürler hemişe hezil
Wagt geçip barýa menzilme menzil
Geçip barýan wagt çenlimi çensiz
Diýip soralanda haýsysy size
Öñki döwür hezilmi häzirki döwür
Bererdim jogabyn hut özüm üçin
Öwrüp bilseñ wagty yzyna öwür
Ömür kagyzyna durmuş çekildi
Şol çekilen durmuş şeýle hezildi


Awtor: Dogrudwalla 31.07.2021

Edebiýat, Dogrudawalla tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir