Sözler birdir pikirler dürli

sözler birdir pikirler dürli
Wagt serhetiniň içinden geçip barýan adamlar üçin biri biriniň hereketleri, özüni alyp baryşlary geň bolup görünýändir. Elbetde synaglaryň sanynyň näçedigini bilesiň gelýän bolsa onda ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň sanyny bilmeklik ýeterlikdir. Sebäbi her adama bir synag berilip synalýar. Esasy zat şol synagla...

Dowamy »

1415 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 6 years ago

TYLLA SENIÑ YŞKYÑDA

Gül ýüzüñniñ şöhlesi,otlar saldy bu jana,
Agzymdam çykan uçgun ýetişipdir asmana,
Synamdaky bu daglar menden galsyn nyşana,
Zerre takat galmady,Tylla, seniñ yşkyñdan...


Men bir asyl göwherim,hergiz küle batmanam,
Senden özge perini göwnümde ýat etmenem,
Uky gelmez gözüme,her gijeler ýatmanam...

Dowamy »

2151 1
Edebiýat, bank tarapyndan 6 years ago

Ahmet Haldun Terzioglunyñ ''Teoman han'' romanyna syn

Ahmet Haldun Terzioglynyñ ''Teoman han'' romanyna syn



Romanda has köp gadymy Türkmenleriñ urşujydygy, ''Bürgüt urşujylary'' olaryñ arasyndan saýlanan ''Böri birligi'', beýik Hun döwletiniñ gurulmagy üçin atylan ilkinji ädimler hakynda agzalyp geçilýär.
Roman çagalar tarapyndan etraby gurşalan goja dessançynyñ g...

Dowamy »

1353 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 6 years ago

Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa)

Çagalygymyň sezasy
(Powest)

Çagalygymyň sezasy

Men öz bolup gaýdyşymyň soňunyň ýöne-möne gutarmajagyny şol wagt hem aňypdym. Ýöne tötänleýin sataşan wakam sebäpli, bialaçdym. Meniň düşen şol tötänleýin ýagdaýyma duçar bolan ynsan çagasynyň hiç birisem beýle pursatdan haýdan-haý derekli netije çykaryp bilmese ger...

Dowamy »

1714 4
Edebiýat, myspaser tarapyndan 6 years ago

Annagulydepe (Ogulsenem Taňňyýewa)

ANNAGULYDEPE
Iki dost—iki sazanda Hanguly bilen Allanuruň başky durmuşy dessanlardaky wakalara çalym edýär. Olaryň ikisem «Hudaý urup, pygamberem hasasyny dürtenlerden». Atalaryndan galan ujypsyzja ýerjagazlaryndan başga, dört tarapy gamyş bilen ýapylan küme diýäýmeseň, dostlaryň hiç biriniň-de atlaryny tutup sanar ýaly zady ýokdy. Ikisem du...

Dowamy »

1576 2
Edebiýat, myspaser tarapyndan 6 years ago

Bigünäniň ýakylyşy (Ogulsenem Taňňyýewa)

Bigünäniň ýakylyşy
(nowella)
Student ogul bilen gelni Suraý eje güler ýüz bilen garşylady. Agtyjagy Myratjygy dessine bagryna basdy. Öýüň töründen derrewem sallançak gurdy. Ogludyr gelniniň yzyna gitmeli güni öňem telim gezek gaýtalan zatlaryny gaýtalady:
—Süýtden gandyr-da, ukladypjyk git, gelin jan, özüňem ynjalykly bolarsyň!...

Dowamy »

1699 3
Edebiýat, myspaser tarapyndan 6 years ago

Sen günäkär däldiň (Ogulsenem Taňňyýewa)

Sen günäkär däldiň
Ol milisiýanyň jaýyna girip, koridoryň ugry bilen başyny aşak salyp barýardy. Nämedir bir iş bilen gelenlerem, bu ýerde işläp ýörenlerem juwan gyza geň galmak bilen seredişdiler. Ählisiniň ýüzündenem „Ulugyz halyna ol bi ýerde näme işläp ýörkä?!“ diýen manyny okamak boljakdy.
Dünýä hiç kime üns bermän, mundan bir he...

Dowamy »

1569 3
Edebiýat, myspaser tarapyndan 6 years ago

Gorle muny...

Gadym birnin oyunde ogurlyk bolupdyr kazy shol gun oye gelen adamlan hemmesini sorag edipdir emma derek bolmandyr.ahyryn baryny bir yere jemlap,"men size kellami agyrdyp otyrjakdal, menne bunyn ansat yoly bar, ine shu chopleri goryan bolsanyz kim ogry bolsa ertire den shu chop 1sm oser diyip olara standar chop berip goyberipdir.ertir hemmesi gelip...

Dowamy »

1670 2
Edebiýat, hyra92 tarapyndan 6 years ago

Durna bolsa gökdedi... (Ogulsenem Taňňyýewa)

Durna bolsa gökdedi...
(nowella)
Institut bilen hoşlaşylmaly pursat golaýladygysaýy Sazagyň kejebesi barha darygýardy. Sebäbi ol heniz kalbyny heýjana salýan arzuwlary hakda hiç bir hossarynyň ýanynda dil ýarmandy. Ýogsa bu arzuw onuň kalbyna Aşgabada gelen ilkinji pursatlarynda çöküpdi. Uzakdaky gumly obadan gelen oglan uçardan düşen...

Dowamy »

1617 3
Edebiýat, myspaser tarapyndan 6 years ago

"Ýigrimi bäş ýaşym"

O diýen bir özgerişlik ýok ýaly,
Öňkimden azajyk gowşapdyryn men.
Agaryp ugrapdyr saçymyň ýary,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ser salsam yzyma, geçen ýollarmyň
Käsinde kä hetden aşypdyryn men.
Düzetmän, düzelmän, düzeljek bolman,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ykbal, u...

Dowamy »

1493 2
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 6 years ago

Wasp

Seni söýmekden gorkamok
seni ýitirmekden gorkuşum ýaly
bar güýjümden elimden tutuşuň ýaly
hiçkimem tutanok tutýan ýaly
tutuş dünýämi
içkilemdäl pikir etsem ýöne
ol dost şon ýaly syrdaşym ýaly hem içim
...

Dowamy »

1525 0
Edebiýat, (shyh)sho men tarapyndan 6 years ago

Asylly gyz

Nämä gerek seni öwmek?
Sen muňa düýpden mätäç däl.
Ýogsa, egniňde çit köýnek,
Başyňda tahýa. Tylla täç däl.

Iş edinmen işim taşlap,
Sen ne Gün, ne ýyldyz, ne Aý.
Ýönekeý adyňdan başlap,
Ah, ýöne durkuň göwnejaý!

Gaşlaň ýatladanok ýaýy,
Eginbaşyň däl şaý-sepli.
Ýön...

Dowamy »

1539 0
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 6 years ago

Magtymgulynyň mirasy - şahyra çelgi

Türkmen halkyna Magtymgulysyz düşünip bolmajagy belli hakykatdyr. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň 1966-njy ýylda ýazan "Şahyr, okyjy, talyp" diýen makalasyndaky: "Biziň beýik şahyrymyz bar. Örän-örän beýik. Men onuň beýikligini näme bilen deňejegimi bilemok. Dag. Asman. Soň Gün. Bularyň hemmesi fiziki belentlik. Ýöne adam talantyny, mertebesini, ruhy ba...

Dowamy »

1678 0
Edebiýat, Umman tarapyndan 6 years ago

Ah, mеn dogry sözüm diýmеdim ýara!

Ýar diýdi: ”Durnalar ýurdun taşlaýar…”
Men diýdim: ”Watany bardyr başga-da.”

”Durmuşyň özeni – söýgi” diýende,
”Söýene durmuş ýok!” diýdim men gende.

Ýar diýdi: ”Meň göwnüm – arş içre gämi”.
Men diýdim: ”Arş – diňe Ýeriň dowamy!”

”Gar ýagýar, iň ak zat…” diýdi ol garap.
Ýadaw...

Dowamy »

1513 0
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 6 years ago

Ýoldaky it (bolan waka) 2- nji bölümi

Bu meniň natanyş dostym, men ony gowy gorýan oňa duşmadyk gunim dükançydan soraýan
we oňa pul goýyp gaýtýan,gelse bulka beraý şoňa diýip
Adamlaryň.durmyşynda her kimde bir zat bar,meniň durmyşyma aralaşan bu iti men gunde gormesem, ony alada edýan, we ol kimiň itikä, öza eýesiz it däl, öý itlere meňzeş
Bir gun men oňa öýe gelýä...

Dowamy »

1997 4
Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago

Ýoldaky it (bolan waka) 1- nji bölümi

Şäheriň köçeleri öz iş-aladalary bilen barýan adamlardan doly, kimsi awtobusa garaşyp dur, kimsi taksä, kimler bolsa pyýada barýar. Şol adamlaryň arasy bilen öýe howlugyp barýardym,birden hem……
Gapdalymdan ylgap, özime garşy gelýan boýym bilen deň iti görup aljyradym
Soňky dowurde hassahana it dişläp gelýan raýatlar  köpdi, Guduzlama...

Dowamy »

1904 0
Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago

Atajan Annaberdiyewiñ şahsy gündeliginden

Halamaýan adamlaryň hakda pikir etmeli däl. Olara üns bermeli däl. Şonda göwnüň giň, nerwiň rahat bolýar.

Ejir iki hili bolýar. Fiziki ejir hem ruhy ejir. Adamlaryň çekýän ruhy ejiri görnenok. Şonuň üçin biz olaryň ir ölmeginiň sebäbini çeken fiziki ejirinden gözleýäris.

Zadyň bol...

Dowamy »

1160 0
Edebiýat, SözeAşyk tarapyndan 6 years ago

Ibn Sinanyñ "Melhemler " kitabyndan

Ýer-ýurduň täsirleri hakynda

Yssy ýurtlar bedeniň derisini garaldýar, saçlaryňy buýralandyrýar we iýmit siňdirişi peseldýär. Bugaryş örän köp bоlsa, ygal az düşse, оl ýurduň ýaşaýjylary tiz garraýarlar. Yssy ýurtlularyň bedeni adatdakydan ýumşakdyr.
Sоwuk ýurtlaryň adamlary güýçli we d...

Dowamy »

1212 1
Edebiýat, SözeAşyk tarapyndan 6 years ago

Hudaýsyzlar (bolan waka 11- njy bölümi) Awtory: Nowça🌙

Şajan ýassygyň gurasyn sökdi we içine elin söküp içini dördi. Ol bir zada eli ildi, ony alyp görse, maşynyň teh pasporty eken, howlukman açyp gördi, görse bir gyzjagazy gujaklap duran är aýal bardy .
- wah,paliýamanlar öziňizde-de gyz bar ekenä, birniň hojalygyn dargatmaga nadip wyždanňyz çatdy hudaýsyzlar,maglyhlar , haýwandan azan nejizler...

Dowamy »

2231 4
Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago

Hudaýsyzlar (bolan waka 10- njy bölümi) Awtory: Nowça🌙

Gapyny açyp seretse mekdep dosty Durdy gelipdir
— Oýýýý dost, sizäm gormek bar ekeni
- ölmede ýit diýleni dost, hany gir içerik
Şajan dosty bilen gadyrly salamlaşyp ony öýe saldy, oňa çaý çörek berip saçak ýazdy
Durdy
- başyňa duşen ähli ahwallary öýdäkilerden eştdim dost, bolmandyr özä welin eýesine gerek bolsa...

Dowamy »

2014 0
Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago