Bazar Guzubayew

SÖÝÜP ÝAŞAÝYN

Göwnüm hergiz özgäň göwnün ýykma sen,
Ilim – günüm maňa gaşyn çytmasyn,
Kalbym öýne giren üşäp çykmasyn,
Ýüregmiň mährinden çoýup ýaşaýyn.

Ýörän ýolum ýas üstünden düşmesin,
Her menzil dadaýyn toýuň pişmesin,
Çakylyklar mydam toýy buşlasyn,
Ömür toý donumy geýip ýaşaýyn.

Gözelleň içinde altyn – gyzyly
Durmuşymyň durky hemem gyzygy,
Ömrümiň söýesi, öýmüň bezegi,
Diňe Sonagüli söýüp ýaşaýyn.

Atalarmyň pendin edeýin baýdak,
Bu baýdak ýagtyltsyn ýolumy aý dek,
Özümçe heň tapyp, aýdymym aýdyp,
Halal zähmedimden iýip ýaşaýyn.

Edebiýat, Barsacy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir