Şatlanýaryn.

Dünýede ýaşamak nähili hezil,
Her gelen gün şatlyk getirýär maňa.
Kalba aram berýär geçilen menzil,
Umytly garaşýan agarýan daňa.

Bir dostumň ogly boldy öňkiagşam,
Öten agşam biri äkitdi toýa.
Ine, şeýdip sumat bolýar gaýgy-gam,
Şatlygymdan ýaňa sygmaýan öýe.

Garaz, her gün tapylyp dur bir sebäp
Göwün açmak üçin,
Şatlanmak üçin:
Öňňin satyn aldym bir oňat kitap,
Gazetde goşgulam çap edildi düýn.

Hol-ha, gar tozgalap zemini örtýär,
Bir görnüşe göwnüm galkynýar biraz.
Bir ýakymly duýgy böwrüme dürtýär,
Efirde ýaňlansa bir mylaýym saz.

Goňşymyzyň gyzy owuz getirdi,
Maşgalamyz bolup biz ondan datdyk.
Ejem gelip, depäm göge ýetirdi,
Ynha, görýäň, şatlyk üstüne şatlyk.

Bir ajap düýş group oýansam säher,
Begendirer ýene-jomartdyr bu il.
Eriklerimiz güllär-öňümiz bahar,
Garaz, şatlanmaga tapylar delil.

Häzirem çekip dur begenýän gözüm,
Bir eziz adamdan garaşýan jaňa.
Dünýede ýaşamak hähili hezil,
Her gelen gün şatlyk getirýär maňa.

Edebiýat, Barsacy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir