Kakamyrat Rejepow
MAHAL-MAHAL
Mahal-mahal öz-özüme begenýän,
Ýaşap ýörenime il bile des-deň.
Bilýän, barlygyma begenýän kändir,
Bardyr gynanjaklar dünýeden gitsem.

Mahal-mahal öz-özümden utanýan,
Ýalňyşlarym ýada düşse birgiden.
Ýogsam, tejribesiz täleý ýolumda,
Şolar dälmi, maňa köp zat öwreden

Mahal-mahal öz-özümden ýadyrgap,
Düşnüksiz duýgular gelýär aňyma.
Ýok-ýok, gaşym çytman, görerin merdem,
Alla näme ýazan bolsa alnyma...

Edebiýat, Barsacy tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir