Sen günäkär däldiň
Ol milisiýanyň jaýyna girip, koridoryň ugry bilen başyny aşak salyp barýardy. Nämedir bir iş bilen gelenlerem, bu ýerde işläp ýörenlerem juwan gyza geň galmak bilen seredişdiler. Ählisiniň ýüzündenem „Ulugyz halyna ol bi ýerde näme işläp ýörkä?!“ diýen manyny okamak boljakdy.
Dünýä hiç kime üns bermän, mundan bir hepde öň gelip, öz eli bilen arza ýazyp giden otagynyň gabadynda aýak çekdi. Bu bölümde iňlär siňek ýok. Dym-dyrslyk.
Gyz az salym gapa ýaplanyp durdy. Birdenem, ýeriň aşagyndan çykýan ýaly, iniňi düýrükdiriji ses eşidildi:
—Dünýä! Ýakynrak süýşsene! Men bärde...
Dünýä duýdansyz çykan sese tisginip gitdi. Ýüregi gopdy. Berdiniň sesini tanap, bütin bedeni bilen sandyrady. Gapynyň aňyrsyndaky ses bolsa, aga öwrülip, onuň ýüregini gyýym-gyýym etdi.
—Sen meni näme üçin beýtdiň, Dünýä?! Men näme ýamanlyk etdim saňa?! Indi... şeýdip... gidibermeli boldummy men?!
Gyzyň ýagdaýy barha agyrlaşýardy. Bolan zatlara hiç akyl ýetirip bilenokdy. Seri dumanlap, kellesiniň içi arynyň öýjügine dönüpdi. Özüniň näme edýäninem bilmän, ses çykýan gapyny gujaklady. Bokurdagy dolup, zordan gepledi:
—Ejizlemesene, Berdi jan! Zat bolmaz saňa! Hiç zat bolmaz! Men seni alyp galaryn... hökman... alyp galaryn...
Dünýä uludan demini alyp, birsalym alasarmyk ýagdaýda durdy. Soňra ýene Berdä ýüzlendi:
—Seni daşyňdan gulplap gidäýdilermi?
Gapynyň aňyrsyndan naýynjar jogap eşidildi:
—Hawa...
—Wah...
Uzyn boýly sülçi ýigit gelip, „salam“ diýen terzde Dünýä çalaja baş yrady-da, ses-üýnsüz gapyny açmak bilen boldy. Dünýä jaýyň içine çalasyn nazar aýlady. Aňyrda ellerini maňlaýyna diräp oturan Berdi göz açyp-ýumasy salymda ýerinden galyp, geňsi nazaryny sülçä dikdi. Onuň bakyşyndan „Meniň üçin nähili şum habar aýdarkaň?“ diýen soragy okamak boljakdy.
Sülçi gyza üns bermedi-de, gapyny ýapdy. Içerden hümürdi eşidildi. Az salymdan ýene gapy açylyp, sülçiniň uzynak ýüzi göründi.
—Giriň, gyz!
Dünýäniň gaňşyrawugy tütäp durdy. Baragada Berdini bagryna basasy, bu zatlar üçin ondan ötünç sorasy gelýärdi. Ýigidiň başyndan bu külpeti indereni üçin onuň aýak tozuna togap edesi gelýärdi. Emma başarmady. Diňe oňa ýürek awamak bilen seredip oňýardy.
Dünýä biraz salym çüýlenen ýaly bolup oturdy. Birdenem çapuwa goýberilen dek, hasanaklap ýerinden galyp, sülçiniň ýanyna bardy-da, ýüregini paralap, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi.
—Ýoldaş sülçi... Dogan jan... Men beýle bolaýaram öýtmedim. Gaharyma... Baryny gaharyma... Onda hiç hili günä ýok!
—Ýeriňize geçiň!—diýip, sülçi sowuk nazaryny gyza gönükdirdi.—Nämäniň-nämedigini özümiz aýdarys.
Sülçi seýfden çykaran papkasyny dörüşdirdi. Bir tagta kagyzy eline alyp, onuň hakykatdan-da kagyzdygyna göz ýetirmek isleýän ýaly, ondan gözüni aýyrman esli durdy. Soňra ony stoluň bir çetinde goýdy-da, nazary bilen Berdini görkezip:
—Şu ýigidi tanaýaňyzmy?—diýip, gyzdan sorady.
Dünýä gözlerini howsalaly tegeläp oturyşyna pert-pert jogap gaýtardy:
—Hawa. Gaty gowy tanaýan. Şol ýerde-de ýazypdym.
—Köpden bäri tanaýaňyzmy?—diýdi-de, sülçi gyzyň aldaýanyny-aldamaýanyny bilmek isleýän dek, Dünýäniň göni göreçlerine seretdi.
Dünýä owadan gözlerini gür kirpikleri bilen örtüp, aşak bakdy. Sesi gussaly, ýuwaş eşidildi:
—Çagalygymdan...

Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir