Durna bolsa gökdedi...
(nowella)
Institut bilen hoşlaşylmaly pursat golaýladygysaýy Sazagyň kejebesi barha darygýardy. Sebäbi ol heniz kalbyny heýjana salýan arzuwlary hakda hiç bir hossarynyň ýanynda dil ýarmandy. Ýogsa bu arzuw onuň kalbyna Aşgabada gelen ilkinji pursatlarynda çöküpdi. Uzakdaky gumly obadan gelen oglan uçardan düşenden, ýaşyl baga çümüp oturan paýtagtyň gözel keşbine işdämenlik bilen syn salypdy. Tä instituta gelýänçä-de awtobusda: „Okuwa girmek, tamamlamak nesip etse, hökman paýtagtda işe galaryn“ diýip, ýolboýy içini gepledip gidipdi.
Okuwa-da girdi. Bäş ýylyny ýürekdäki arzuwynyň höwesi bilen arka atdy.
Oglunyň okuwa girenje pursatlary ejesi görgüli obany öýme-öý aýlanyp çykypdy. „Ynhajykga, ýene bäşje ýyldan oglum Sazak jan uly okuw gutaryp, egrenom bolup geljek. Başlygam hezil eder. „Obamyzy çet görüp, gelen egrenom gaçyp ötägidäýýä“ diýip, başlyk nalabam ýördi arada“ diýip, Sadap daýza baran gapysynda telim ýola gaýtalapdy. Begenjinden aýagy ýere degmändi.
Ilki-ilkiler Sazagyň ady obadaşlaryň dilinden düşmedi.
—Tüweleme, tüweleme, Sadabyň ogly-ha adam boldy—diýip, otursa-tursalar şol hakda gürrüň gozgadylar.
Käbir aýallar-a Sadap daýza bilen garyndaşlyk açmak hakda-da pikir ýüwürdip başladylar. Obada üýşmek bolsa, Sadap daýzanyň gapdalynda çöküp, olar gyzlarynyň tarypyny ýetirmek ýetirýärdiler.
Sazagyň deň-duş gyzlary-da bahana tapdyklary onuň adyny dillerine çolaýardylar. „Obanyň agronomyna gelin bolmak bagty kimiň nesibesikä?“ diýip, uludan dem alyp, pikir öwürýän gyzlar az däldi.
Kakasy Sähet aga-da oglunyň uly okuwa girenine az begenmedi. Ýöne begenjini hiç kime duýduranokdy. Şeýle-de bolsa, öňler basan ädimini hasaplap ýören kakasynyň soňky döwürler özüniň nirä gidip-geleni bilenem, ejesinden alýan puluny nämä sowurýany bilenem işi bolman, özüni mähirli nazary bilen ugradyp-garşylap oturyşyndan Sazak ýagdaýy duýýardy.
Käteler ýolda-yzda gabat gelýän kolhoz başlygy Baýram aga bolsa, daşyna çaň siňen çadyrly maşynyny sakladyp, gadyr edip ýere düşerdi-de, Sazak bilen iki elläp görşerdi.
—Neneň-ow, agranom!—diýip, ol ker bilen gepleşýän dek gygyrardy. Soňundanam çaga ýaly wagtyhoş ýylgyrýardy.—Garaşýandyryn! Ýeriň taýýarja durandyr—diýibem, sözüniň üstüni ýetirýärdi.
Brigadir daýysy Kerim-ä geldigi, Sazagy maşyndan düşürmezdi. „Diňe okanyň bilen iş bilmersiň. Işem ugurdaş öwreniber“ diýip, ony kartadan-karta aýlardy. Sazagyň-da çagalykdan gözüni açyp göreniniň pagtaçylykdygyny bilip ýörse-de, oňa pagtaçylyk barada uzakly gün irginsiz gürrüň bererdi.
Jigileri onuň öňünde kökenekdiler. Sazagyň garasy görnenden, kim orta saçak ýazardy, kim çaý otlardy. Kim saçagyň üstüne süýji-köke daşardy. Agronom boljak doganlaryna jigileriniňem buýsanýandygy mese-mälim duýlup durdy. Olar Sazagyň dodagy gymyldaryna mähetdel, çar tarapa düwdenekleşip durdular.
Sazagyň bolsa, bu adamlaryň biriniňem höwesine şärik bolasy gelenokdy. Onuň paýtagtda ýaşasy gelýärdi. Ýazda tozan, gyşda palçyk köçelerden, kinosyz-teatrsyz obasyndan ol bez bolupdy. „Ne düzüwli okalgasy bar, ne-de göwün açar ýaly seýil bagy!“ diýip, ol gahar bilen içini gepledýärdi. „Ýarysy ýykylan, üsti açyk klub, oňa-da diňe tomusda kino gelýär, gyşda o-da ýok!“
A paýtagt bolsa—paýtagt-da! Hemme hezillik munda bar! Kino-teatra islän wagtyň baryber. Günde on gezek kino görmek isleseňem, ýeterlik! Seýil bagymy?! Niräňe baksaň, seýil bagy!
Ýöne Sazagy ýekeje zat ünjä goýýardy. Özüne uly hormat bilen göz dikip oturan adamlara ol nädip şu zatlary düşündirsin! Hoşlaşyk pursadyna bolsa, juda az wagt galdy. Juda az wagt! Her etmeli, hesip etmeli, çykalga tapmalydy. Özünem hiç kim özünden öýkeli-kineli bolmaz ýaly çykalga.
Ol pikirlere gümra bolup, soňky döwürler näme edip-näme goýýanynam bilmedi. Horlanýardy. Iň soňky pursatda çykalga tapyldy...
Bileje okaýan kursdaşy Orakgula syryny açdy. Orakguly onuň alada edip ýören zadyna buduna şapbatlap güldi.
—Ýak-eý... Köpden bäri ýüzüňi salyk görýän welin, asyl şoň üçin diýsene!—diýip, ol ähli işi dili bilen birýüzli etdi oturyberdi.—Daş ederis ony, Sazak jan! Gün-günden süllerip barýaň welin, men bolsam, ýakyn hossarlaryň biri ýogalaýdymyka diýipdirin.
Garaz, Orakguly ikisiniň mäşi bişişdi.
—Kakaň daga näme ýalan tapsaň, şony tap, ýöne maňa welin, köpräk şuny tap—diýip, günleriň bir güni Orakguly onuň boýnundan gol salyp, başam barmagyny süýem barmagyna telim gezek süýkäp goýberdi.—Ilk-ä „azat“ diplom alýas. Soň bolsa, taksä işe girersiň. Öz ugrundan işe ýerleşdimikä-ýerleşmedimikädiýip, seň yzyňy yzarlap ýörjek ýok bii mat. Görüp dursuň-a, her kim islän ýerinde işläp ýör. Onsoňam, taksä girseň, oňaýly bolýa. Gowuja gazanyp, çykaran çykdajylaryňy ýerine goýup bolýa. Menem şeýtjek. Biz ýaly göwünjeň müşderileri gözläp ýören pulsöýerler kän ahyry!

Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir