Serdar Berdimuhamedow bazarlarda we dükanlarda dürli önümleriň elýeterliligini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat...
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk we Täze ýyl baýramlaryna häzirden taýýarlyk görülmegini tabşyrdy
Şu gün 10 aýyň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna bagyşlanan çärelere häzirden taýýarlyk görülmegini we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, ýurtda baýramçylyk dabaralarynyň, sungat ussatl...
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek teklip edildi
Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 9-njy noýab...
10-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda işgärleri wezipä bellemek hakyndaky çözgütlerden başlap, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryna çenli meseleleriň giň toplumyna garaldy, şu ýylyň on aýynda Hökümetiň ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi we...
Gyrgyzystanyň Prezidenti Fransiýa iş sapary bilen bardy
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Fransiýa iş sapary bilen bardy, onuň uçary Parižiň «Şarl de Gol» howa menzilinde gondy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutany birnäçe halkara çärelere gatnaşar, olaryň hatarynda Parižiň parahatçylyk forumynyň çäklerinde geçjek «Bir planeta» sammiti hem bar. Mundan...
«Soltan» zynjyrynyň restoranlary Aşgabadyň ähli etraplarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir
Günüň ýa-da iş hepdesiniň ahyrynda köp adamlar agşamlaryny dostlary ýa-da maşgalasy bilen gowy aşhanasy bolan rahat restoranda geçirmegi makul bilýärler. Ol ýa-da beýleki restoran ýokary hilli hyzmatyndan we lezzetli tagamlaryndan başga-da, köplenç, ýerleşýän ýerine görä saýlanýar. Hemmeler göwnüne ýarasa-da, şäheriň beýleki künjünde ýa-da şäherden...
Aşgabatda Täze ýyl Baly: baýramçylygyň jadysyny duýuň
«MSM» toý mekany we bu çäräni guraýjy Esmira Mehtiýewa türkmen paýtagtynyň ýaşaýylaryny hem-de myhmanlaryny Täze ýyl baýramçylyk Balyna gatnaşmaga çagyrýar.
Täze ýylyň öňüsyrasynda Ýewropa stilinde guraljak Bal — gündelik aladalary unudyp, täsinligiň we romantikanyň dünýäsinden lezzet almaga ajaýyp mümkinçilikdir. Baýramçylyk çäresin...
Aşgabatda türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi
10-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....
Koreýadaky bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijelerine we onuň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky täze ilçisini wezipä bellendi, Türkmenistanda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldiler, Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar
1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Esen Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi wezipesinde Prezidentiň Permanyna laýyklykda, başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadylan Batyr Niýazliýewiň ornuna bellenildi.
...
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulma...
Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Germaniýada iş saparynda bolar
Jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan, tygşytlylyk hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023...
Insaýder: GTA VI-nyň tanyşdyrylyşy noýabryň ahyrynda ýa-da dekabryň başynda bolup biler
Rockstar Games taslamalaryna ýöriteleşen Tez2 insaýderi GTA VI-nyň resmi tanyşdyryljak dabarasynyň haçan boljakdygyny aýtdy.
Insaýder GTA VI-nyň ilkinji treýleriniň ýakyn wagtda: noýabr aýynyň ahyrynda ýa-da dekabr aýynyň başynda görkeziljekdigini belledi.
Köp garaşylan oýny görkezmegiň iň amatly wagtynyň 7-nji dekabrdygyny çaklap bil...
Eger siz şu gün Ferrari zakaz etseňiz, awtoulagy 2026-njy ýyldan bärde alyp bilmersiňiz
Ferrar-niň baş direktory kompaniýanyň awtoulaglary üçin nobatyň birnäçe ýyla uzandygyny habar berdi. Isleg şeýle bir ýokary welin, italýan markasynyň 2025-nji ýylyň bütin dowamyna ýeterlik sargytlary bar. Aslynda, bu täze sargytlara 2026-njy ýyldan bärde gezek ýetmejekdigini aňladýar.
2023-nji ýyl Ferrari üçin şowly ýyl boldy. Üç çärýekde üp...
Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Ýewroparlamentiň görnükli şahsyýetleriniň biri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi we Ýewropa Bileleşigindäki wekilhanasynyň baştutany Sapar Pälwanow 6-njy noýabrda Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy we Ýewropa halk partiýasynyň fraksiýasynyň görnükli işgäri Dewid Makallister bilen duşuşdy. Bu barada Orient habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda il...
Toyota 88 ýylda 300 million awtoulag öndürdi. Iň meşhur modelini bilýäňizmi?
oyota Motor Corporation (TMC) 2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli önümçilik görkezijilerini goşmak bilen, 300 million awtoulag öndürýän dünýä önümçiligini gazandy.
Bu netije ilkinji Toyota awtoulaglary bolan G1 kysymly awtoulaglar 1935-nji ýylyň awgust aýynda Toyoda Automatic Loom Works, Ltd. (soňra Toyota Industries Corporation) tarapyndan...
FLO dükany aýakgaplaryny Trendyol bahadan hem arzan satýar
Dünýä belli brendleriň erkekler, zenanlar hem çagalar üçin aýakgaplarynyň dürli görnüşlerini amatly bahadan hödürleýän FLO dükany harytlaryny Trendyol bahadan hem arzan satýar.
FLO dükany saýlamak üçin görnüşleriň köpdügini we hatda Trendyol-a girip tapyp biljek görnüşleriniň hem bardygyny ýatladýar. Indiden beýläk, internetden sargy...
Türkmenistanyň DIM-inde «Nippon» gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 7-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik,...
Dünýä belli brendleriň kosmetikasyny hödürleýän «Göwher cosmetics» dükany 3 günlük uly aksiýa geçirýär
Islendik müşderi üçin iň amatly bahalardan dünýä belli brendleriň kosmetikalaryny hödürleýän «Göwher» dükany 3 günläp uly aksiýa yglan etdi. 8-10-njy noýabrda dowam etjek aksiýanyň barşynda dükanda dürli brendleriň kosmetikalaryna uly arzanlaşyk hereket eder.
«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýän bu dükanda Dükanda Di...
AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Ahal» öz meýdançasynda «Pahtakor» bilen deňme-deň oýnady
«Aşgabat» köpugurly stadionynda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň «A» toparçasyndaky dördünji tapgyryň çäklerinde «Ahal» futbol topary Özbegistanyň «Pahtakoryny» kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady.
Ikinji ýarymyň 81-nji minudynda Alibek Abdyrahmanow türkmen klubuny öňe çykardy — 1:0.