“Forbes” žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk reýtingini neşir etdi. LVMH fransuz kompaniýasynyň eýesi Bernar Arno 233 mlrd dollar baýlygy bilen sanawda ýene-de birinji orny eýeledi. Geçen ýyl onuň baýlygy 211 mlrd dollar diýlip hasaplanypdy. Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask 195 mlrd dollar bilen ikinji orunda galdy. Onuň yzyndan 194 mlrd dollar bilen Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos gelýär. Mark Sukerberg (Meta) 177 mlrd dollar bilen 16-njy orundan 4-nji orna çykyp, uly ösüş görkezdi (geçen ýyl onuň baýlygy 64 mlrd dollar bilen bahalandyryldy). Ilkinji bäşligi 141 mlrd dollar bilen Larri Ellison (Oracle) jemledi. Dünýädäki milliarderleriň umumy baýlygy 14,2 trln dollara ýetdi. Bu bir ýyl ozalkydan 2 trln dollar köp we 2021-nji ýylda goýlan öňki rekorddan 1,1 trln dollar ýokarydyr. Milliarderleriň sany hem bir ýyl ozalky 2 640-dan 2 781-e ýetip, rekord goýdy, bu 2021-nji ýylda goýlan iň ýokary görkezijiden 26 birlik köpdür. Milliarderleriň sany boýunça öňdebaryjy ýurt ABŞ bolmagynda galýar (813 adam, umumy baýlygy 5,7 trln dollar), onuň yzyndan Hytaý (473 adam, 1,7 trln dollar) we Hindistan (200) gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir