Iki diwizionda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor dünýäniň iň güýçli ligasynyň sanawynyň ähli türgenleriniň arasynda doping üçin iň köp barlagdan geçirilen söweşiji boldy diýip, metaratings.ru belleýär. “Bloody Elbow” saýtynyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýylyň başyndan bäri Makgregor bäş gezek doping barlagyny tabşyrdy. Iň köp barlagdan geçirilenleriň arasynda ikinji orny Şon Striklend bilen Maýra Bueno Silwa paýlaşdy. Olar üç gezek doping barlagyndan geçdiler. 35 ýaşly Makgregor soňky söweşini 2021-nji ýylyň iýul aýynda UFC 264 ýaryşynda Dastin Porýe garşy geçirdi. Söweşiň netijesinde Konor ýeňlişe sezewar boldy. Onuň hasabynda 22 ýeňiş we alty ýeňliş bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir