2-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda “Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly onlaýn maslahaty geçirildi. Bu barada Ýaşlar guramasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Okuw-usuly maslahata ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de mugallymlary internet arkaly onlaýn gatnaşdylar. Maslahatda sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, kibermedeniýet sowatlylygynyň zerurlygy barada hem bellenilip geçildi. Çykyş edenler kibermedeniýetiň ösüşi bilen bir hatarda, onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, sosial-psihologiki we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri barada belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, “Türkmentelekom” EAK-nyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir