3-nji aprelde Taýwanyň gündogar kenarynda 7,4 bal ululykda (käbir maglumatlara görä – 7,7 bal) ýertitreme bolup geçdi. Bu soňky 25 ýylda ýurtda iň güýçli ýertitreme boldy. Betbagtçylygyň pidasy 9 adam bolup, 963 adam zyýan çekdi diýip, hightech.fm habar berýär. Zelel ýeten desgalaryň arasynda iň uly ýarym geçirijileri öndürijileriň zawodlary, şol sanda Apple Inc., Nvidia Corp. we beýleki kompaniýalar üçin esasy çip öndürijisi bolan Taiwan Semiconductor Manufacturing Co (TSMC) hem bar. Ýertitreme sebäpli kompaniýa ähli işgärlerini ewakuasiýa etdi. Çip önümçiligi togtadyldy, bu global tehnologiýa üpjünçilik zynjyrynda bökdençliklere we elektronikanyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirip biler. United Microelectronics Corp. kompaniýasy hem käbir zawodlarynda tehnika işlerini togtatdy. Smartfonlar we awtomobiller üçin ýarym geçirijileriň aglaba köplügi wibrasiýalaryň öňünde ejiz gelýär. Bloomberg ýertitremäniň tutuş çip toplumyny ýok edip biljekdigini habar berdi. Bu habarlaryň esasynda TSMC-niň paýnamalary bir günde 1,3%, UMC-niň paýnamalary bolsa 1% pese gaçdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir