Golliwudyň zehinleri gözlemek boýunça agentligi WME artistleri dipfeýkden goramak üçin Loti startapy bilen şertnama baglaşdy. Internetde birugsat kontenti tapmak üçin programma üpjünçiligi boýunça ýöriteleşen kompaniýanyň hünärmenleri müşderileriň galp suratlaryny we ses ýazgylaryny kesgitlärler hem-de olary aradan aýyrmak üçin çäreleri görerler. Bu barada Los Angeles Times habar berýär. Deepfake (dipfeýk) emeli aň esasynda şekil döretmek usuly bolup, onuň algoritmleri bar bolan wideo we ses faýllaryndaky hem-de fotosuratlardaky elementleri üýtgetmek üçin taýýarlanýar. Tehnologiýa 2017-nji ýylda peýda boldy. Emeli aňyň ösmegi bilen zehinleri gözlemek boýunça agentlikler Golliwudyň ýyldyzlaryny olaryň abraýyna, brendine we girdejisine zyýan ýetirip biljek ýalňyş maglumat berýän suratlardan we wideolardan goramagyň derejesini güýçlendirmek kararyna geldiler. Neýroulgamlaryň ösmegi bilen, dipfeýkler ýerine ýetirijiler üçin çynlakaý meselä öwrüldi. Galp wideolar meşhur adamlaryň hiç haçan aýtmadyk ýa-da etmedik zatlaryny aýdýandyklaryny hem-de edýänlerini görkezýär. Dipfeýk mahabatda hem ulanylýar: Golliwudyň ýyldyzy aslynda ulanmadyk önümini öwýän ýaly görünýärler. Galp suratlar hakyka şeýle bir meňzeýär welin, olary tapawutlandyrmak köp adam üçin gaty kyn. Hünärmenler bu kynçylygyň has-da güýçlenjekdigine ynanýarlar. Oňa garşy göreşmek üçin hem şeýle ýaragy – emeli aňy ulanmak kararyna geldiler. Loti kompaniýasynyň meşhur müşderileriniň hakyky şekillerine we hakyky ses ýazgylaryna esaslanýan neýroulgamlar internet toruna gözegçilik edýär, galp ýazgylary tapýar, şondan soň kompaniýanyň işgärleri awtorlyk hukugyny bozýan suratlaryň we wideolaryň aýrylmagyny talap edip, onlaýn platformalara haýyşnama iberýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir