Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen Türkmenistanyň halkyny gutlady. "Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Musulman dünýäsiniň halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri keremli Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýup gelýär. Türkmen halkynyň beýik ogly, şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň: «Ýigrimi dört sagat on iki aýda,//Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýen dürdäne setirleri, «Günüň serweri — juma, aýyň serweri — Remezan», «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil» ýaly pederlerimizden miras galan nakyllar, berjaý edilýän dini däp-dessurlar, okalýan tarawa namazlary we ýagşy doga-dilegler, her bir maşgalada hem-de döwlet derejesinde berilýän agzaçar sadakalary, rehimdarlyk çäreleri jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi has-da pugtalandyrmakda, nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde Oraza aýynyň hem-de Gadyr gijesiniň aýratyn ornunyň bardygyny görkezýär" diýlip Gutlagda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir