«Garagum Ulag» «Toyota» awtoulaglaryň hakyky ätiýaçlyk şaýlarynyň we aksessuarlarynyň bahalaryny özüne düşýän gymmatyndan has pes nyrha arzanladýar

Türkmenistanyň «Toyota» kompaniýasynyň resmi dileri bolan «Garagum Ulag» müşderilere «Toyota» brendiniň käbir hakyky ätiýaçlyk şaýlaryny we firma aksessuarlaryny özüne düşýän gymmatyndan hem arzan bahadan hödürleýän ýörite arzanladyş çäresiniň başlanandygyny habar berdi.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, ýörite şertler çäkli görnüşdäki hary...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

«Biz hiç haçan beýle zady görmändik»: Dunaý gözüň alnynda guraýar

Adatdan ýokary yssy howa sebäpli Dunaý hem-de Reýn derýalarynyň suwunyň azalmagy Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginde çynlakaý meseleleri döredýär. Köp ýurtda elektrik üpjünçiliginde kynçylyklar bar. Atom beketleri kuwwatlyklaryny peseldýärler, ilatdan we kärhanalardan gorlary tygşytlamak haýyş edilýär. Munuň sebäplerini «MIR 24»-iň habarçysy Olga Ha...

Dowamy »

18 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Täjigistan we Merkezi Aziýa ýurtlary suwaryş möwsüminde suwy çäkli ulanylmagyň berjaý edilişini barladylar

Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma 6-njy awgustda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyrmak boýunça iş toparynyň 94-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada asiaplus.tj saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň suwaryş möwsüminde Syrderýa we Amyderýa how...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Aşgabatda edebiýatda yz goýan halypalaryň ömür-döredijiligine bagyşlanyp edebi duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen edebiýatyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan halypalaryň ömür-döredijiligine bagyşlanyp edebi duşuşyk geçirildi. Nargylyç Hojageldiýew, Orazguly Annaýew, Nobatguly Rejebow, Hojanepes Meläýew, Babanyýaz Kaýumow, Kasym Nurbadow ýaly edebi ägirtlerimiz hatyralanan çärä halypalaryň...

Dowamy »

19 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Gaagada alakalar itlere hüjüm edýärler hem-de adamlardan gorkmaýarlar

Gaagada alakalar bilen bagly mesele ýitileşdi: şäheriň etraplarynyň birgideniniň ýaşaýjylary 12 aýdan gowrak wagt bäri bu gemrijileriň köpelendiginden ejir çekýärler, şäheriň häkimiýetleriniň olary ýok etmek ugrundaky tagallalary-da duýarlykly netije bermeýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Şäherliler alakalaryň özlerini alyp baryşlarynyň gitdigiçe...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Türkmenistan DSHUK-nyň 94-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti 7-nji awgustda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň (DSHUK) 94-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew bilen bir hatarda, Täjigistan Respublikasynyň energetika we suw serişdeleri minist...

Dowamy »

18 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago

Bakuda TDG-ä agza ýurtlaryň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň maslahaty geçiriler

Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türki Döwletler Guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň öňdebaryjy milli seljeriş merkezleriniň II halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Azerbaýjanyň Ykdysady özgertmeleri seljermek we kommunikasiýa merkezi (CAERC) habar berdi.
Maslahaty Azerbaýjanyň Ykdysady özgertmeleri seljermek we kommunikasiýa...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş orunlaryna işgärleri kabul edýändigini yglan etdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki sany boş iş ornuna — kätip we garawul-tehnik wezipesine işgärleri işe kabul edýändigini yglan etdi.
Kätip wezipesine 20 ýaşdan 45 ýaşa çenli, ýokary bilimli, rus, türkmen we hytaý dillerini erkin bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Dalaşgärlerden resmi hatlary we resminamalar...

Dowamy »

23 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Zendeýa ýylyň iň girdejili aktrisasy diýlip yglan edildi

2026-njy ýylda kinoönümçiliginde iň köp kassa ýygymlaryny getiren aktrisa diýlip, Zendeýa resmi ykrar edildi, muňa onuň birnäçe iri kinotaslamalary, şol sanda adamsy Tom Holland bilen bilelikde surata düşen filmleri hem sebäp boldy diýip, «Box Office Mojo» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Netijede, aktrisanyň filmleriniň jemi kassa...

Dowamy »

26 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

«Real» kluby Winisius bilen şertnamasyny 2032-nji ýyla çenli uzaltdy

Madridiň «Real» kluby braziliýaly hüjümçi Winisius Žunior bilen baglaşan şertnamasyny uzaltdy. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berildi.
26 ýaşly hüjümçi bilen baglaşylan täze şertnama 2032-nji ýyla çenli hereket eder.
Mundan ozal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Winisiusyň şertnamany uzaltmak üçin «Realdan» 80 milli...

Dowamy »

24 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Aşgabatda buhgalteriýa, maliýe we telekeçilik boýunça okuw kurslaryna resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýanyndaky «Ykdysadyýetçi» okuw-önümçilik merkezinde gysga möhletli okuw kurslaryna resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.
Okuw aşakdaky ugurlar boýunça alnyp barylar: buhgalterçilik hasaba alnyşy, bank işi, telekeçiligiň we işewürligiň esaslary, işewürlik informatikasy.
...

Dowamy »

25 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy elektron nobat ulgamyna geçýändigini yglan etdi

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi saýtynda çap eden habarynda wizany resmileşdirmek, hukuk bozulmalary barada güwänama almak hem-de resminamalary kanunlaşdyrmak meseleleri boýunça raýatlary kabul etmek üçin elektron nobat ulgamyna geçýändigini mälim etdi.
Elektron nobat ulgamy arkaly kabul edişlige ýazylmak 2026-njy ý...

Dowamy »

24 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Ýürek lukmany gülkiniň peýdasy barada gürrüň berdi

Gülki arterial basyşy peseltmäge we ýürek damarlarynyň çeýeligini gowulandyrmaga ýardan edýär. Bu barada russiýaly kardiolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ýewgeniý Kokin «Life.ru» neşiri bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Kokin gülkiniň şeýle hem ýürek urgusyny kadalaşdyrmakda, gipertoniýa keseliniň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolan öt...

Dowamy »

22 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

«Ylmy žurnalistika» atly täze dersi žurnalistika boýunça taýýarlyk ugruna girizmek meýilleşdirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilna...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Pekin 2029-njy ýylda Bütindünýä binagärlik paýtagty diýlip yglan edildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Pekin şäherini 2029-njy ýyl üçin Bütindünýä binagärlik paýtagty diýip yglan etdi. Degişli çözgüt Bütindünýä Binagärlik paýtagty boýunça birleşen geňeşiň hödürnamasy esasynda kabul edildi.
«Binagärligiň bütindünýä paýtagty» maksatnamasy ÝUNESKO hem-d...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba goýmak mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýurtda bolýan daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin Onlaýn hasaba alyş ulgamy işlenilip taýýarlanyldy. Ýagny internet torunyň üsti bilen Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary we olary kabul edýän fiziki we ýuridik şahslar gullugyň edaralaryna gelmezden, internet arkaly daşary ýurt raýatlaryny has...

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Aşgabatda Tebigy gözegçiniň bütindünýä güni mynasybetli çäre geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Tebigy gözegçiniň bütindünýä güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Çäre 6-njy awgustda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Duşuşyga ýurduň her bir döwlet tebigy goraghanasyndan hem-de welaýat daşky gurşawy goramak müdirlikl...

Dowamy »

26 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

«The Guardian»: El-Nino 50 million adam üçin açlyk howpuny döredýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä azyk maksatnamasy El-Nino tebigat hadysasy zerarly emele gelen yssy howa barada howsalaly duýduryş ýaýratdy, onda adatdan daşary yssy howanyň azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligine eltip, 50 million çemesi adamy açlyk howpuna sezewar edip bljekdigi bellenýär diýip, «The Guardian» habar berdi.
Seljeriji...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Russiýalylar «Opel», «Jaguar» we «Alfa Romeo» awtoulaglaryny satyn almakdan köpçülikleýin ýüz öwürýärler

«Awtostat» seljeriş agentliginiň ýolbaşçysy Sergeý Selikow özüniň Telegram-ýaýlymynda russiýalylaryň satyn almakdan tas ýüz öwren awtoulaglarynyň sanawyny ýerleşdirdi.
Sanawa görä, şu ýylyň ýedi aýynda Russiýada bary-ýogy alty sany Opel, Jaguar we Alfa Romeo, ýedi sany Acura, on Fiat, 21 Peugeot, 36 Renault, 85 Citroen, 89 Tesla we 127 Genes...

Dowamy »

21 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Owganystanyň işewür wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy

Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasy (ACCI) ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, söwda dolanyşygynyň.möçberini artdyrmaga we täze logistika zynjyrlaryny ösdürmäge gönükdirilen tapgyrlaýyn gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana wekiliýet ugratdy diýip, «ToloNews» habar berýär.
Saparyň çäginde owganystanly işewürler Tür...

Dowamy »

25 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago